Milli Liderimiziň bu sözleri taryhy waka — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna taýýarlyk görmegiň nyşany astynda geçen hepdäniň wakalarynyň aýdyň şygary boldy. Ýurdumyz bu şanly senäni öz ösüşiniň belent sepgitleri bilen garşylaýar.
Şu ýubileý ýylynda ýurdumyzyň oňyn netijeleri gazanmagynda halkymyzyň jebisligine we agzybirligine uly orun berilýär. Olaryň ruhubelentlik bilen çekýän zähmeti netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz ösüşiň we abadançylygyň täze, belent sepgitlerine tarap ynamly öňe barýar.
6-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmak, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän 30 ýyllyk şanly senesi mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz geljek ýylyň hasylynyň düýbüniň tutulýan günlerinde güýzlük bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlere laýyklykda we ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyna hem-de oba hojalyk tehnikalarynyň we beýleki gurallaryň ekişde doly güýjünde işledilmeginiň, kärendeçileriň ýokary hilli tohumlar bilen üpjünçiliginiň berk gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekdi.
Şunuň bilen bir hatarda, pagta ýygymyna guramaçylykly taýýarlanmagyň, güýzlük ýeralmadan, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak üçin ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýola goýmagyň ähmiýeti nygtaldy.
Kabul edilen döwlet maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin önümçilige häzirki zaman öňdebaryjy tejribäni, täzeçil usullary we sanly ulgamy has işjeň ornaşdyrmak zerurdyr.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylykly geçirilmelidigi barada aýdyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde duran taryhy mejlisiniň ähmiýetini aýratyn belledi.
Iş maslahatynyň barşynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň ýakynda geçiriljek nobatdaky mejlisine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasyna ýakynda boljak saparyna görülýän taýýarlyk meselesine garaldy.
Bellenilişi ýaly, ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklar, geljegi uly meýilnamalar iki ýurduň arasynda özara bähbitlere laýyk gelýän syýasy, söwda we medeni gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýyl üçin kesgitlenen ähli wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny nygtady. “Şöhratly senelere zähmet sowgatlary bilen barmak halkymyzyň asylly däbidir” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
7-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine hem-de bu düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şol sanda döwletiň howpsuzlygyny, jemgyýetiň durnuklylygyny üpjün etmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly möhüm meselelere garaldy.
Milli Liderimiz öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň hasabyna Goranmak ministrliginiň we onuň garamagyndaky edaralaryň işini kämilleşdirmegiň amala aşyrylýan harby özgertmeleriň ileri tutulýan wezipeleriniň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz goşunlaryň ähli kysymlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga mundan beýläk-de aýratyn ähmiýet bermegiň wajypdygyny nygtap, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin möhüm çäreleri görmegi tabşyrdy. Ýaş serkerdeleriň hem-de çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerleriň arasynda watançylyk-terbiýeçilik işleri ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Garaşsyz Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi tarapyndan berlen Bitaraplyk derejesine hemişe ygrarly boljakdygyny aýtdy. Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak baýramçylyk çäreleri hem-de şanly senäniň hormatyna geçiriljek dabaraly harby ýöriş bilen baglanyşykly birnäçe anyk tabşyryklar berildi.
Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda öňde boljak Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly ýubileýini baýram etmek hem-de täze, iri desgalaryň birnäçesiniň açylyşy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, dürli düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, önümçilige öňdebaryjy tejribäni, täzeçil tehnologiýalary we sanly ulgamy ornaşdyrmagyň möhümdigi barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz türkmen jemgyýetiniň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek, onda hakyky demokratik ýörelgeleri berkarar etmek boýunça Halk Maslahatynyň işiniň örän wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz Garaşsyz Türkmenistanyň düýpli özgertmeler ýoluna düşüp, kanunyň üpjün edilmegini, raýatlaryň bähbitleriniň, hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde yglan edendigini aýtdy. Şu ýörelgelerden ugur alnyp, jemgyýetçilik ösüşiniň durnuklylygyny üpjün etmäge hem-de halkymyzyň agzybirligini berkitmäge ýardam bermäge gönükdirilen giň gerimli işler yzygiderli geçirilýär. Şoňa görä-de, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde mundan beýläk-de tagallalar gaýgyrylmaly däldir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilmegi baradaky meselä degip geçip, bu şöhratly senäniň türkmenistanlylaryň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrülmelidigini belläp, şu ýylda ulanylmaga berilýän desgalaryň aýratyn ähmiýetini nygtady.
10-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meselelerine garaldy.
Şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň mukdary 5,5 göterim ýokarlandy, bölek satuw haryt dolanyşygy 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 17 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 9,6 göterim artdy.
Hasabat döwrüniň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 114,5 göterime, çykdajy bölegi bolsa 97,5 göterime deň boldy.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk haky geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim köpeldi. Aýlyk haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly maliýeleşdirildi.
Oba milli maksatnamasynyň rejelenen görnüşini ýerine ýetirmegiň çäklerinde, durmuş maksatly desgalaryň 102-sinde, şol sanda suw arassalaýjy desgalaryň 35-sinde, meýdany 129,1 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygy dowam etdi. 1 milliard 449,1 million manat möçberinde düýpli maýa goýum serişdeleri özleşdirildi.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Döwlet býujeti boýunça teklipleri taýýarlamagy we ony Ministrler Kabinetiniň garamagyna bermegi tabşyrdy. Baş maliýe meýilnamasynyň taslamasynda geljek ýylda aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň ortaça 10 göterim köpeldilmegi göz öňünde tutulmalydyr.
Milli Liderimiz ykdysadyýetimiziň ýagdaýyny seljermegi dowam etmek hem-de emele gelýän ýagdaýlardan ugur alyp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň garaşylýan netijelerini anyk kesgitlemek barada degişli tabşyryklary berdi. Şol bir wagtyň özünde döwletimizi ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilmeginiň wajypdygy bellenildi. Munuň özi dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýaramaz ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirini gysga we orta möhletde azaltmaga mümkinçilik berer.
Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmak üçin zerur çäreleri görmek, kabul edilen maksatnamalary maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemek öňde durýan işleriň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň pudaklaýyn edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, bu ugurda öňde durýan anyk wezipeler barada aýdyp, nebitiň çykarylýan möçberlerini artdyrmagyň, nebiti gaýtadan işleýän kärhanalaryň doly güýjünde işledilmeginiň, suwuklandyrylan gazyň we beýleki önümleriň öndürilýän mukdaryny köpeltmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kiçi we orta telekeçiligi goldamak, milli ykdysadyýetimiziň hususy böleginiň ösdürilmegine ýardam bermek, häzirki zaman işewürlik ulgamyny döretmek, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümçilikleriň möçberlerini artdyrmakda usulyýet goldawyny bermek, harytlary ýerlemegiň täze bazarlaryny, usullaryny gözlemäge ýardam etmek boýunça işleri dowam etmek barada görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz 2022-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasyny taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekip, geljek ýylda ýurdumyzda gurluşyk işleriniň möçberiniň düýpli artjakdygyny belledi hem-de gurluşyk senagatynyň ösdürilmegine, täze önümhanalaryň, kärhanalaryň gurluşygyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň, döwrebap şäherçeleriň, durmuş maksatly desgalaryň, aýratyn-da, Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygy boýunça işleriň depginini güýçlendirmegiň möhümdigine üns çekildi hem-de ýurdumyzyň içinde energetika halkasyny döretmegiň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamy gurmagy dowam etdirmegiň zerurdygy nygtaldy.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini köpeldip, daşary ýurtlardan getirilişini azaltmagyň, şonuň ýaly-da, içerki bazarlarymyzy özümizde öndürilen önümler bilen üpjün etmegiň zerurdygyny aýtdy hem-de ýurdumyzda maldarçylygy ösdürmek we mallaryň baş sanyny artdyrmak boýunça hem zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlary goldamak boýunça maksatnamalar toplumyny taýýarlamagyň, eger zerur bolsa, bu maksatnamalara kanunçylyk derejesinde Milli Geňeşiň Mejlisinde garamagyň möhümdigini aýtdy.
Medeniýet ulgamynyň öňünde durýan esasy wezipeler Garaşsyz ýurdumyzda bolup geçýän wakalary köpräk döredijilikli beýan etmekden, baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli göz öňünde tutulan medeni çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmekden ybaratdyr.
Milli Liderimiz ulag-kommunikasiýa ulgamynyň öňünde durýan wezipeleri kesgitläp, bu ulgamyň işiniň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, agentlikleriň işlerini, şol sanda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly kämilleşdirmek üçin bar bolan mümkinçilikleri doly herekete getirmegiň zerurdygyny belledi.
Halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatynda bolsa Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de “Açyk gapylar” ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirmek bilen, mundan beýläk-de sebitiň we dünýäniň ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy, abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürer.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda sekiz aýda ýerine ýetirilen işleriň jemini jemläp, Ýer ýüzünde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy we onuň dünýä ykdysadyýetine ýetirýän ýaramaz täsiri sebäpli ýüze çykýan daşarky ýagdaýlara garamazdan, ýubileý ýylynda hem Garaşsyz döwletimiziň kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, sekiz aýyň dowamynda depginli ösmegini dowam edendigini belledi. Hasabat döwründe ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim derejede saklandy. Berkarar Watanymyzda iri senagat we durmuş desgalarynyň gurluşygy depginli dowam edýär. Bu desgalaryň hatarynda täze şäherçelerdir ýaşaýyş jaýlaryny, dynç alyş we sagaldyş merkezlerini, mekdepleridir çagalar baglaryny hem-de ençeme beýleki desgalary görkezmek bolar.
Bellenen meýilnamalara laýyklykda, şu ýylda 30 sany iri desganyň ýerine 56 sany desga işe girizildi. Ýylyň ahyryna çenli ýene-de ençeme desganyň ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýar. Hasabat döwründe umumy meýdany ýarym million inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi.
Ylym-bilim ulgamlarynda özgertmeler dowam edýär, önümçilikler döwrebaplaşdyrylýar, bazar ykdysadyýeti emele gelýär, nebitgaz ýataklary özleşdirilip, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar. Şeýle hem beýleki halkara taslamalary amala aşyrmaga taýýarlyk görülýär.
Döwlet Baştutanymyz şu ýubileý ýyly üçin wezipeleriň Ministrler Kabinetiniň geçen ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda anyk kesgitlenendigini, bu wezipeleriň köp işleri amala aşyrmagy talap edýändigini nygtady.
Şoňa görä-de, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmegiň we beýleki döwletlere iberilýän harytlaryň möçberini artdyrmagyň Döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine goşmaça itergi berilmelidigine aýratyn üns çekildi. Dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanyp, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi dowam etmelidiris. Ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň sanawyny we eksport edilýän ugurlaryny giňeltmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Kabul edilen Maksatnamalara laýyklykda, ykdysadyýetimizi bazar şertlerine geçirmek, şeýle hem Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda işläp we ýolbaşçylyk edip biljek başarnykly, ýaş, sowatly, gujur-gaýratly ýolbaşçylary taýýarlamak möhüm mesele bolup durýar.
Geçen şenbe güni gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň hünär baýramy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagynda belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ýetýän belent sepgitlerinde gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy pudaklaryna uly orun degişlidir. Olaryň işlerini kämilleşdirmek üçin mundan beýläk-de döwlet goldawy berler, sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly olaryň işleriniň netijeliligi ýokarlandyrylar.
10-njy sentýabrda onlaýn tertipde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň edara ediş merkezinde Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýanyň, Özbegistan Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň wekilleriniň gatnaşmagynda VI Hazar mediaforumy geçirildi. Mediaforumyň gün tertibiniň esasy meselesi syýahatçylyk we etnomedeni kommunikasiýa bilen baglanyşykly boldy. Täze maglumat kommunikasiýalary ulgamynda aň-bilim media-taslamalar ýaly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Forumyň çäklerinde “Serhetsiz Hazar” atly halkara bäsleşigiň jemleri jemlenildi. “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň işgärleri hem “FotoHazar” we “Tomaşaçylaryň göwnünden turmak baýragy” ugurlarynda bäsleşigiň ýeňijileri boldular.
8-nji sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymyna köpçülikleýin girişildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda bu möhüm oba hojalyk möwsümi badalga aldy. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, pagta ýygymy Daşoguz welaýatynda 15-nji sentýabrda başlanar. Şu ýyl ýurdumyz boýunça 620 müň gektar meýdandan “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnasyny ýygnamak göz öňünde tutulýar. Täze hasyly kabul etmek üçin harmanhanalaryň 122-si, pagta arassalaýjy kärhanalaryň 39-sy taýýarlanyldy.
Ýygym möwsüminde “John Deere 9970” kysymly pagta ýygýan kombaýnlaryň bir müňüsi, pagta daşamak üçin ýük awtoulaglarynyň 2 müň 227-si, traktorlaryň 2 müň 301-si we traktor tirkegleriniň 3 müň 620-si ulanylar. Pagtany maşyn bilen ýygmaga girişilmezden öň, gowaçanyň ýapragyny düşürmek üçin defoliant zerur mukdarda satyn alyndy. Hemişe bolşy ýaly, bu işde diňe bir ýöriteleşdirilen traktorlar däl, eýsem, ýörite uçarlar hem ulanylar.
Pagta ýygymynyň başlanmagy mynasybetli, oba hojalyk tehnikalarynyň, gaýtadan işleýän we dokma senagatynyň önümleriniň sergisi guraldy. Welaýatlaryň döredijilik toparlarynyň çykyşlary dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Sportuň milli görnüşleri boýunça ýaryşlar guraldy. Önümçiligiň öňdebaryjylaryna — “ak altynyň” bol hasylyny ýetişdiren ussat pagtaçy kärendeçilere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Paýtagtymyzyň “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde ýaş aýdymçylaryň arasynda geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreleriň üstüni ýetirdi.
Döwlet Baştutanymyz zehinli türkmen ýaşlaryna Gutlagynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda ýerine ýetiriljek aýdym-sazlaryň milli äheňlere, döwrebap öwüşginlere eýe bolup, diňleýjileriň göwün töründen ýer almalydygyny belleýär. “Häzirki döwürde ýurdumyzda medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn işler, döredilen şertler sizi aýdym-sazyň jadyly dünýäsine, rowaç ýollaryna ganatlandyrmalydyr” diýip, milli Liderimiziň Gutlagynda nygtalýar.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýörite diplomlar we baýraklar, beýleki gatnaşyjylaryň ählisine bolsa höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Annak Sähetmyradow adyndaky 42-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde ýaş nesle bilim bermek hem-de watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirildi.
Bu çärä Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, ylym-bilim we terbiýeçilik edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de Gökdepe etrabynyň Babarap obasynyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Çykyş edenler häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milletimiziň şöhratly taryhyny, özboluşly däp-dessurlaryny hem-de baý ruhy mirasyny täzeden dikeltmek hem-de düýpli öwrenmek boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini bellediler. Döwletimiz iň belent halkara talaplara gabat gelýän bilim ulgamyny döretmek, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, eziz Diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerine buýsanýan, Garaşsyz Türkmenistanyň şan-şöhratyny belende göterýän hakyky watansöýüjileri terbiýelemek üçin ähli şertleri döredýär.
Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän köpugurly syýasaty hem-de milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, halkymyzyň durmuş şertlerini gowulandyrmak, jemgyýetimiziň ruhy durmuşyny kämilleşdirmek boýunça wajyp meseleleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmegi bilen şertlendirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz köpugurly işleri bilen mähriban halkymyzy ata Watanymyzyň bagtyýar durmuşy we nurana geljegi üçin täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.