Geçen hepde ýurdumyzyň depginli ösüşiniň täze, belent sepgitlerini şöhlelendirýän nobatdaky möhüm wakalara baý boldy. Ol däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň geriminiň giňeldilmeginiň hem-de täze binagärlik-gurluşyk desgalaryň ulanylmaga berilmeginiň nyşany astynda geçdi. Bu desgalaryň Garaşsyz Watanymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileýiniň öňüsyrasynda ulanylmaga berilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini kuwwatlandyrmaga, halkymyzyň rowaçlygyny artdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
23-nji awgustda döwlet Baştutanymyz Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda iri “Galkynyş” gaz käninde täze guýularyň gurluşygyna badalga berdi hem-de sebitiň merkezinde ýerleşýän “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaralary geçirmek üçin niýetlenen binanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Milli Liderimiz nobatdaky iri düzümleýin taslamanyň durmuşa geçirilmegine badalga berlen dabarada çykyş edip, ýangyç-energetika toplumyna uly möçberde maýa goýumlary goýulýar, bu serişdeler bolsa köp girdeji getirýän pudagy mundan beýläk-de ösdürmäge, nebitgaz kärhanalaryny döwrebap tehniki we tehnologik taýdan enjamlaşdyrmaga hem-de geologiýa gözleg we buraw işlerini geçirmäge, täze nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmäge gönükdirilendir diýip belledi.
Häzirki döwürde 50 trillion kub metr möçberde kesgitlenen tebigy gazyň baý gorlaryna eýe bolan Garaşsyz döwletimiz Ýewropanyň we Aziýanyň energetika bazarlaryny bu gymmatly harytlyk çig mal bilen üpjün etmek baradaky garaýşyny yzygiderli öňe sürüp gelýär. Bu ulgamda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berýär.
Dünýäde iri gaz ýataklarynyň biri bolan “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň energetika strategiýasyny amala aşyrmagyň, eksport gaz geçirijiliginiň çig mal binýadyny berkitmegiň ýolunda örän möhüm ädim boldy. Bu iri gaz käniniň gorlary “Ýaşlar” we “Garaköl” ýataklary bilen bilelikde alnanda, 27 trillion kub metre golaý möçberde kesgitlendi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Umumy meýdany dört müň inedördül kilometrden hem köp bolan “Galkynyş” gaz käniniň ulanyş gorunda häzirki wagtda guýularyň 45-si bolup, olaryň her biri gije-gündizde ortaça iki million kub metre çenli tebigy gaz berýär.
Aýratyn çylşyrymly häsiýeti bilen tapawutlanýan täze gaz guýularynyň üçüsiniň gurluşygy üstünlikli ösdürilýän strategik türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Bu işleri ýerine ýetirmek barada “Türkmengaz” döwlet konserni Hytaýyň “CNPC” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Taslamany durmuşa geçirmegiň möhleti 30 aý bolup, kompaniýanyň hyzmatlary üçin tölegler 2007-nji ýylda gol çekilen ylalaşyga laýyklykda, üç ýylyň dowamynda Hytaýa tebigy gazy ibermegiň hasabyna amala aşyrylar.
Täze gaz guýulary “mawy ýangyjyň” goşmaça gorlaryny döretmäge mümkinçilik berer. Bu bolsa öz gezeginde ýurdumyza köp möçberde pul serişdelerini getirip, halkymyzyň abadançylygyny has-da gowulandyrmaga şert döreder diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Häzirki döwürde HHR-e türkmen tebigy gazynyň 40 milliard kub metri iberilýär. Baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, tebigy gazyň 65 milliard kub metrini ugratmak göz öňünde tutulýar. Geljekde Hytaýa eksport ediljek tebigy gazyň mukdary 100 milliard kub metre ýetiriler.
Şol gün milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly ýaşulular bilen Mary şäherinde “Türkmeniň ak öýi” binasy bilen bir bitewi toplumy emele getirjek, 3 müň orunlyk köpçülikleýin dabaralary geçirmäge niýetlenen desganyň gurluşygyna badalga berdi.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmeniň ak öýi” binasyna täze awtobus sowgat berdi, milli amaly-haşam sungatynyň sergisini synlady hem-de şol ýerde geçirilen dabaraly konserte gatnaşdy. Konsertiň maksatnamasynda milli sungatymyzyň baý medeni mirasy, onuň gadymdan gelýän baý döredijilik däpleri we häzirki zaman mukamlary öz beýanyny tapdy.
Birnäçe halkara ýaryşlaryň abraýly baýraklarynyň eýesi, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary öz çykyşynda at üstündäki oýunlaryň inçe tilsimlerini görkezip, haýran galdyryjy akrobatik maşklary ýerine ýetirdiler.
Şol gün Mary welaýatynyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri üçin ýatdan çykmajak günleriň biri boldy. Hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş işgärleri bilen duşuşygynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan Mary welaýatynyň etraplarynyň we şäherleriniň hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin niýetlenen “Tiz kömek” awtoulaglarynyň 10-syny bermek barada karara gelendigini aýtdy.
Mary şäheriniň Magtymguly köçesinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Ojar Aziýa” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan 7 gatly 188 öýli ýaşaýyş jaý toplumy şäheriň ýaşaýjylary üçin Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyna ajaýyp sowgat boldy.
Jaý toýlaryny toýlaýanlaryň öýlerinde oňaýly ýaşamak üçin ähli şertler döredilipdir. Ýaşaýyş amatlylygyny üpjün etmek üçin degişli düzümler, şol sanda çagalar üçin oýun meýdançalary, awtoulag duralgalary göz öňünde tutulypdyr. Toplumyň daş-töweregi abadanlaşdyrylyp, gülzarlyga öwrülipdir.
Şeýle hem şol gün Baýramaly şäherinde täze halyçylyk önümhanasy açyldy. Ol “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň buýurmasy esasynda guruldy.
24-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda täze bellenen hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkony kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ynanyşmak hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmek babatdaky işleriň şu günki ýagdaýyna, esasy ugurlaryna we geljegine degişli giň gerimli meseleler boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga gönükdirilen täze, bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga özara gyzyklanmalar tassyklanyldy. Merkezi Aziýa sebitinde öňdebaryjy orny eýeleýän Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny millileşdiren ilkinji ýurtlaryň biridir.
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin durnukly ösüş babatda hyzmatdaşlyk etmegiň 2020-nji ýylyň mart aýynda gol çekilen çarçuwaly Maksatnamasy ýakyn geljek üçin bilelikde işlemegiň ýörelgesidir.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň depgininiň soňky wagtlarda ep-esli artandygyny belläp, Dmitriý Şlapaçenko Türkmenistanyň energetika, ulag we beýleki ulgamlarda halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdi.
25-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Kaka etrabynda gurlan iri dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Umumy bahasy 147 850 000 amerikan dollaryna barabar bolan dokma senagatynyň bu täze desgasynyň önümçilik kuwwaty ýylda 3 müň 650 tonna ýokary hilli ýüplükleri, 12 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 1 million 200 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge ukyplydyr. Onuň işe girizilmegi bilen, 1 300 adam üçin iş orunlary dörediler.
Dokma toplumynda Şweýsariýanyň, Ýaponiýanyň, Belgiýanyň, Italiýanyň we Germaniýanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary ornaşdyryldy. Bu ýerde ekologik taýdan arassa, ýokary hilli ýüplükler, boýalan we boýalmadyk nah matalar, şeýle hem daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan taýýar tikin önümleri öndüriler. Bu bolsa ýurdumyzyň içerki bazaryny dürli görnüşli dokma önümleri bilen elýeterli bahalardan üpjün etmäge mümkinçilik berer. Önümleriň artýan bölegi “Türkmenistanda öndürildi” diýen ýazgy bilen daşary ýurtlara iberilip, pudagyň eksport mümkinçiligi artdyrylar.
Bulardan başga-da, häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda umumy bahasy 151 800 000 amerikan dollaryna deň bolan, önümçilik kuwwaty bir ýylda 3 300 tonna inçe süýümli ýüplügi, 20 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 3 million 500 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge ukyply dokma toplumynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Täze dokma toplumynyň işe girizilmegi pagta süýüminiň önümçiligini artdyrmaga hem-de ýetişdirilen “ak altyn” hasylyny ýerinde gaýtadan işlemäge mümkinçilik berer. Bu bolsa daşamak üçin çykdajylary azaltmaga, girdejileriň artmagyna mümkinçilik berer. Şeýlelikde, bu etrap senagat taýdan ösüp, onuň ykdysady kuwwaty artar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýörite ulagda umumy meýdany 18 gektar bolan täze kärhananyň bölümlerine aýlanyp gördi. Ýüplük, dokma hem-de tikinçilik fabrikleriniň, boýag bölüminiň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy we önümçilik ulgamynyň tehnologiýasy bilen tanyşdy.
Milli Liderimiz toplumda işleýän hünärmenleriň aglaba böleginiň gyz-gelinlerdigini nazarda tutup, bu ýerde zenanlaryň ilkinji guramasynyň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny, onuň iş we dynç alyş şertleri, medeni çäreleri guramak bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamalydygyny nygtady.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz toplumda işleýän zenanlaryň baýramçylyklar, şanly seneler mynasybetli medeni-köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmaklary üçin zerur şertleriň döredilmelidigini, taryhyň dowamynda zenanlaryň zehininden dörän hünäriň döwrebap derejede ösdürilmegine bu ýerde aýratyn üns berilmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy, şeýle hem täze dokma toplumyna 10 sany täze awtobusyň, ýeňil awtoulagyň we 2 sany ýük awtoulagynyň açarlaryny gowşurdy.
Şol gün döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri bilen bolan gürrüňdeşligiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan welaýatyň şäher we etrap hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň 10-syny bermek çözgüdi barada aýtdy.
25-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň alyp barýan işleriniň netijelerine we bu ugurda öňde durýan birinji derejeli wezipelere garaldy. Mejlise Hökümet agzalary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Milli Liderimiz mejlisiň barşynda käbir ýolbaşçylary wezipeden boşatmak we wezipä bellemek hakyndaky birnäçe resminamalara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda koronawirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ilkinji nobatda ýerine ýetirilmeli wezipeleri kesgitledi. Olaryň hatarynda häzirki wagtda köpçülikleýin çäreleri geçirmegi çäklendirmek babatda teklipleri taýýarlamak, ilata edilýän ulag hyzmatlaryny kämilleşdirmek hem-de Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň kabul eden düzgünleriniň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmek bar.
Şeýle hem milli Liderimiz eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalarda alnyp barylýan koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek boýunça öňüni alyş çärelerini talabalaýyk guramagy sanitariýa we epidemiologiýa kadalaryny berk berjaý etmegi tabşyrdy. Halkara tejribäni öwrenmek, ugurdaş kanunlara seljerme işlerini geçirmek, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça teklipleri taýýarlamak babatda aýry-aýry tabşyryklar berildi.
Döwlet Baştutanymyz güýz we gyş pasyllarynyň ýetip gelýändigi bilen baglylykda, köpçülikleýin sowuklamanyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin edara-kärhanalarda, ýaşaýyş jaýlarynda bellenen ýylylyk derejesini saklamak üçin ýyladyş ulgamlarynyň üznüksiz, kadaly işlemegini üpjün etmek boýunça tabşyryk berdi.
26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşini kabul etdi.
Duşuşygyň barşynda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň, hususan-da, energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamynda we birnäçe beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini gurmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek boýunça bilelikdäki düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň wajypdygy nygtaldy.
Sebit we dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki düzümleriň çäklerinde ýola goýlan netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýändigi tassyklanyldy.
Owgan meselesi ara alnyp maslahatlaşylan ugurlaryň biri boldy. Şunda ýurdumyzyň Owganystandaky ýagdaýlaryň diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly düzgünleşdirilmegine hemişe ygrarlydygy bellenildi.
27-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Mejlisiň barşynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny dabaraly belläp geçmek, şu ýylyň sentýabr aýynda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş maksatly desgalar, Bilimler we talyp ýaşlar güni, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, elektrik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, düzgün-tertibi we sanitariýa talaplaryny berjaý etmek, ýurdumyzyň ulag ýollarynyň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işler hem-de Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda gazturbinaly elektrik bekedini ulanmaga bermek boýunça görülýän taýýarlyk barada hasabatlar berildi.
Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda ýerleşýän 4 gatly 32 öýli 59 sany ýaşaýyş jaýlarynyň we kottejleriň 170-siniň gurluşygyna geçirilen seljermäniň netijeleri bilen tanşyp, desgalaryň gurluşygyny, olaryň açylyşa taýýarlygyny, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlaryny we baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça meýilnamalaryň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine hemişelik esasda gözegçiligi üpjün etmegiň zerurdygyny belledi.
Mejlisde nebitgaz toplumynyň pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan tebigy gazy gaýtadan işlemek boýunça taýýarlanylan taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hem-de Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasy bilen ýurdumyzda tebigy gazdan ammiak we metanol öndürmek boýunça kiçi göwrümli gazhimiýa zawodyny gurmak boýunça geçirilýän gepleşikler barada hasabat berildi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň ýokary netijeli tehnologiýa esasynda işleýän önümçiligiň döredilmegini esasy ugur edinýändigini belläp, pudaga mundan beýläk-de dünýäniň ösen tejribesiniň ornaşdyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy. Döwlet Baştutanymyz oba hojalygy pudagynyň ähli işgärleriniň we gallaçylaryň öňünde örän wajyp hem jogapkärli möwsümiň durandygyny, ony öz wagtynda, ýokary hilli hem-de guramaçylykly geçirmegiň dänäniň bol hasylyny almaga mümkinçilik berjekdigini belläp, welaýatlarda güýzlük bugdaý ekişini 3-nji sentýabrda başlamaga ak pata berdi.
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde garalan meseleleriň ýene biri-de kosmos işiniň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitlemek hem-de ony amala aşyrmagyň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen, kosmos aparatlarynyň transponderlerini bermegiň tertibini tassyklamak boldy.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetiň we senagatyň ýokary tehnologiýalar esasynda hem-de geljegi uly ulgamlary hasaba almak arkaly diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini Türkmenistanyň häzirki ýeten derejesiniň talap edýändigini hem-de munuň geljek üçin anyk çelgi bolup durýandygyny nygtap, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçysyna bu meseläni içgin öwrenmegi hem-de degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet Baştutanymyz birnäçe resminamalara gol çekdi. Olaryň hatarynda “Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň milli programma önümlerini döretmek we enjamlaryny öndürmek hem-de satyn almak we ulanyşa girizmek boýunça taslamalaryny maliýe taýdan goldamak hakynda” Karar, Türkmenistanyň Yslam ösüş bankynyň Söwdany maliýeleşdirmek boýunça Yslam Korporasiýasyna agza bolmagy baradaky Buýruk, “Türkmendokma” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakynda” Karar bar.
28-nji awgustda Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň mejlisleri geçirildi. Olaryň barşynda guramaçylyk meselelerine garaldy, hususan-da, G.Ataýewanyň başga işe geçmegi sebäpli, bu jemgyýetçilik guramalarynyň täze ýolbaşçysy saýlanyldy.
Ses berilmeginiň jemleri boýunça Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine A.Durdyýewa biragyzdan saýlanyldy. Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň XIII mejlisinde hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň VII mejlisinde kabul edilen çözgütler Döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararlary bilen tassyklanyldy.
29-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişeliň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda Merkezi Aziýa sebitinde hem-de onuň bilen çäkleşýän zolaklarda parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz jenap Şarl Mişeliň Owganystandaky ýagdaýa berýän bahasy, şeýle hem Ýewropa tarapynyň bu ýurt bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary babatda garaýşy bilen bagly meselä degip geçip, esasy ýörelgeleriň üçüsi barada durup geçdi. Häzirki döwürde goňşy ýurtda wakalaryň ösüşi bilen baglylykda, Türkmenistanyň garaýşy şol ýörelgelere esaslanýar.
Birinjiden, biz syýasy nukdaýnazardan Owganystandaky ýagdaýy diňe parahatçylygy, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly kadalaşdyrmak ugrunda çykyş edýäris.
Ikinjiden, ykdysady nukdaýnazardan, iri düzümleýin taslamalary, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň, şeýle hem biziň ýurtlarymyzy birleşdirýän demir ýollaryň taslamalaryny amala aşyrmak bilen bagly meseleleri has-da ilerletmegiň möhümdigi bellenildi.
Üçünjiden, parahatçylygy ýola goýmak boýunça häzirki işlere ýardam etmek üçin Owganystana yzygiderli ynsanperwerlik kömegini bermek meselesi.
Owganystanyň hoşniýetli goňşusy hem-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk derejesi ykrar edilen döwlet hökmünde Türkmenistan BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine we kadalaryna laýyklykda, halkara bileleşik bilen bilelikde ýurtda parahatçylygy, raýat ylalaşygyny we durnuklylygy gazanmakda, Owganystanyň ykdysady, durmuş we ynsanperwer taýdan ösmeginde owgan halkyna hemmetaraplaýyn ýardam etmäge gönükdirilen işini dowam etmäge taýýardygyny milli Liderimiz telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Owganystana hemmetaraplaýyn ýardam etmek işinde Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň tagallalarynyň işjeňleşdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanda bolup geçýän häzirki ýagdaýda Türkmenistanyň amala aşyrýan işleri barada durup geçmek bilen, hereket edýän şertnamalara laýyklykda, goňşy döwlete elektrik energiýasynyň iberilmeginiň dowam edýändigine, türkmen-owgan serhedinde gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň bökdençsiz işlemeginiň üpjün edilýändigine ünsi çekdi.
Şunda iki ýurduň ilatynyň saglygyny goramak maksady bilen, ählumumy pandemiýa şertlerinde Türkmenistanyň döwlet edaralary serhetden ýük daşalanda serhediň goralmagyny, gümrük, sanitariýa, fitosanitariýa we gözegçiligiň hem-de barlagyň beýleki görnüşlerini üpjün etmek meseleleri boýunça “Taliban” hereketiniň wekilleri bilen yzygiderli gatnaşyklary amala aşyrýar.
Milli Liderimiz Owganystandaky ýagdaýyň Merkezi Aziýa ýetirýän täsiri barada aýtmak bilen, Bitaraplyk derejesi biziň ýurdumyza Garaşsyzlyk ýyllarynda sebitde durnukly syýasy hyzmatdaşlyk üçin şertleriň döredilmegine, ynamly syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna mümkinçilik döretdi diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wakalaryň geljekki ösüşiniň goňşy ýurtdaky täze häkimiýetiň Merkezi Aziýa ýurtlary hem-de beýleki döwletler bilen gatnaşyklarynyň derejesine gürrüňsiz bagly boljakdygyna ünsi çekdi.
Türkmenistan BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy bolmak bilen, şunuň ýaly çylşyrymly ynsanperwerlik ýagdaýlaryny oňyn çözmekde uly tejribä eýedir hem-de hiç wagt bu işlerden daşda durmady.
Türkmenistanyň birnäçe ýurtlaryň, şol sanda Ýewropa döwletleriniň raýatlaryny Owganystandan alyp gaýtmak işleriniň bökdençsiz guralmagyny üpjün etmek üçin özüniň howa giňişligini açandygy bellenildi.
Öz nobatynda, jenap Şarl Mişel Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň ählumumy howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine hem-de Merkezi Aziýada durnukly ösüş üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň möhümdigini hem-de öz wagtynda öňe sürlendigini aýdyp, Ýewropa Bileleşiginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn daşary syýasy ugruny hem-de döredijilikli başlangyçlaryny goldaýandygyny belledi.
Milli Liderimiz häzirki wagtda dünýä bileleşigini tolgundyrýan möhüm meseleler boýunça açyk hem-de oňyn söhbetdeşlik üçin Ýewropa Bileleşiginiň Başlygyna minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň sebitiň mundan beýläk-de parahatçylykly we durnukly ösüşi üçin bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişeli Türkmenistanyň Bitaraplyk gününiň baýramçylygyna çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara abraýynyň has-da artýandygyny, daşary syýasy başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ýurdumyzyň innowasiýa taýdan okgunly ösýändigini, halkymyza berilýän durmuş taýdan goldawyň ýokary derejesini aýdyň görkezdi.