Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar 15-nji Oktýabr
Resmi
Resmi habarlar 15-nji Oktýabr
Çap edildi 15.10.2016
2875

Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň, zehinli çagalaryň arasynda yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçirilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigine ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat şäherinden gatnaşan ýaş aýdymçylaryň arasyndan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda türkmen halkynyň milli medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine goşant goşjak, geljekde sungat äleminiň ýyldyzlary bolup ýeitişjek zehinli aýdymçylar ýüze çykaryldy. “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginde ýokary ussatlyk görkezip, aýratyn tapawutlanan aýdymçylary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy: Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň “Merdana nesiller” aýdym-saz toparynyň aýdymçysy Döwran Arslanowiç Annamamedow; Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Medeniýet bölüminiň “Halk saz gurallary” halk toparynyň sazandasy Amanmuhammet Berdimuhammedowiç Nazarow; Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby Umytmyrat Baýramgylyjowiç Annameredow; Daşogzuň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyby Bilbil Rahimowna Tagandurdyýewa; Lebap welaýat Garabekewül etrabynyň medeniýet merkeziniň folklor tans toparynyň artisti Jemal Döwlet gyzy Saparowa; Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň medeniýet merkeziniň tansçysy Sähetmyrat Geldimyradowiç Gurbangeldiýew.

Soňky habarlar
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
27.09
​Watan goragçylary ýokary döwlet sylaglaryna we täze harby atlara mynasyp boldular
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
top-arrow