Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar
Resmi
Resmi habarlar
Çap edildi 18.06.2021
3911

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maliýe serişdelerini çekmek, kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hem-de hususy ulgamyň ösmegine maliýe taýdan ýardam bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Döwlet daşary ykdysady iş bankyna kiçi we orta telekeçiligiň taslamalaryny maliýeleşdirmek, hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasy bilen 3 ýyllyk SWAP derejesine goşmaça ýyllyk 4,5 göterimli, 6 aýa çenli ýeňillikli döwri bolan 3 ýyla çenli möhlete maliýe ylalaşygyny baglaşmaga we onuň güýje girmegi bilen bagly işleri amala aşyrmaga ygtyýar berildi.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 9-njy iýunynda çykaran 1441-nji Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan köpugurly elektrik stansiýasynyň taslamasyny maliýeleşdirmek hakyndaky Karz ylalaşygyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda ýyllyk 4 göterimli, 3 ýyl ýeňillikli döwür bilen 15 ýyl möhletine baglaşylan Karz ylalaşygynyň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrmaga ygtyýar berildi.

Energetika ministrligine Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen ýyllyk 4,5 göterimli, 3 ýyl ýeňillikli döwri bilen 15 ýyl möhlete içerki Karz ylalaşygyny baglaşmak tabşyryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 9-njy iýunynda çykaran 1441-nji Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde howa menzili toplumynyň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmek hakyndaky Karz ylalaşygyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda ýyllyk 4 göterimli, 3 ýyl ýeňillikli döwri bilen 15 ýyl möhletine baglaşylan Karz ylalaşygyň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrmaga ygtyýar berildi.

“Türkmenhowaýollary” agentligine Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen ýyllyk 4,5 göterimli, 3 ýyl ýeňillikli döwri bilen 15 ýyl möhlete içerki Karz ylalaşygyny baglaşmak tabşyryldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň milli buýsanjy we baýlygy bolan behişdi bedewleriň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, ýurdumyzda atçylyk sportuny giň gerimli ösdürmek, şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede belläp geçmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmen atlary” döwlet birleşigine Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek barada “Nur bina gurluşyk” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Düýpli abatlaýyş işlerine 2021-nji ýylyň iýun aýynda başlamak we bu işleri 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe enäniň we çaganyň saglygyny goramak, olaryň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak hem-de ömür dowamlylygyny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça “Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek” atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa hem-de şu strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Şeýle hem resminama laýyklykda, şu Milli strategiýany amala aşyrmak boýunça pudagara utgaşdyryjy topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Meýilnamanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

***

Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Soňky habarlar
04.11
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy
04.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatynda awtomobil ýolunyň, senagat kärhanalarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Balkan welaýatynda täze awtomobil ýolunyň açylyş dabaralaryndaky ÇYKYŞY
04.11
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän toplum gurlar
04.11
Zähmet ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
04.11
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany okyjylara gowuşdy
03.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
03.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
03.11
Gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşine bagyşlanan halkara forum
top-arrow