Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmen Lideriniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy
Resmi
Türkmen Lideriniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy
Çap edildi 15.04.2021
3614

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti 

doganym Gurbanguly Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ýollamak meniň üçin uly mertebedir.

Şunuň bilen baglylykda, Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, dostlukly türkmen halkyna hem-de tutuş musulman ymmatyna abadançylyk, parahatçylyk we durnuklylyk dileg edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Siziň doganyňyz,

Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri

Salman ben Abdel-Aziz Al Saud,

Saud Arabystanynyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy ýollamak meniň üçin uly sarpadyr.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, Siziň doganlyk halkyňyza we tutuş musulman ymmatyna abadançylyk we bolelinlik dileg edýärin.

Haýsam Bin Tarik,

Omanyň Soltany.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Beýik Biribaryň rehim-şepagatyna beslenen mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň halkyny uly şatlyk duýgusy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Beýik Allatagalanyň sahawatyndan doly bu aý dünýäniň musulmanlary üçin ruhy gymmatlyklaryny artdyrmak, özara düşünişmek hem-de mundan beýläk-de kämilleşmek üçin ýene-de bir pursat bolup durýar.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk dileg edýärin.

Hasan Ruhani,

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ýollamaga şatdyryn.

Şu mukaddes aýda Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, tutuş musulman ymmatyna bolsa ösüş hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Muhammad ben Salman bin

Abdel-Aziz Al Saud,

Saud Arabystany Patyşalygynyň mirasdüşer

şazadasy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, goranmak ministri.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli, Katar Döwletiniň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we doganlyk türkmen halkyna mähirli arzuwlarymy beýan edýändigime şatdyryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, abadançylyk we üstünlik, doganlyk ýurduňyza bolsa mundan beýläk-de gülläp ösmegi we öňe gitmegi arzuw edýärin.

Biziň ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan doganlyk gatnaşyklarymyz, goý, mundan beýläk-de berkesin!

Tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Tamim bin Hamad Al-Tani,

Katar Döwletiniň Emiri.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli Size mähirli gutlaglarymy beýan edýändigime şatdyryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, abadançylyk we üstünlik, Siziň doganlyk ýurduňyza bolsa mundan beýläk-de gülläp ösmegi we öňe gitmegi arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Abdulla bin Hamad Al-Tani,

Katar Döwletiniň Emiriniň orunbasary.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli Katar Döwletiniň Hökümetiniň adyndan we öz adymdan mähirli arzuwlarymy beýan edýändigime şatdyryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, abadançylyk we üstünlik, Siziň doganlyk ýurduňyza bolsa gülläp ösmegi we öňe gitmegi arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Halid bin Halifa bin Abdulaziz Al-Tani,

Katar Döwletiniň Premýer-ministri, içeri işler ministri.


Soňky habarlar
13.05
Paýtagtymyzda GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi öz işine başlady
13.05
2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşgabat şäherinde GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçiriler
13.05
Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy
13.05
Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
13.05
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisine gatnaşyjylara
12.05
Watanymyzyň abadançylygynyň, deňhukukly hyzmatdaşlygyň, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň bähbidine
12.05
Gahryman Arkadagymyz Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy bilen duşuşdy
12.05
Paýtagtymyzda «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergi geçirilýär
12.05
Halkara kinofestiwaldaky nobatdaky üstünlik
11.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow