Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär
Ykdysadyýet
Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär
Çap edildi 03.07.2025
3356

Düýn Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy. Stambul Sergi Merkezinde giň gerimli bu serginiň geçirilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän netijeli daşary ykdysady syýasatynyň möhüm ugrunyň biri hökmünde Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary, işewür hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilendir. 

Stambul Sergi Merkezinde ýurdumyzyň eksport harytlarynyň sergisiniň açylyş dabarasynyň resmi böleginde ilki bilen Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet senalary ýaňlandy. Iki dost-doganlyk ýurduň döwlet senalary ýerine ýetirilenden soň, Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisiniň açylyş dabarasy mynasybetli çykyşlara orun berildi. 

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň resmi wekilleri Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisiniň açylmagy bilen çärä gatnaşyjylary  tüýs ýürekden gutlap, bu serginiň iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirdiler. 

Çykyşlarda häzirki wagtda Türkmenistanyň we Türkiýäniň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, aýratyn-da, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändikleri nygtaldy. Serginiň işine Türkmenistanyň döwlet düzümlerinden hem-de hususy ulgamyň wekillerinden ybarat uly toparyň gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Soňra dabara gatnaşyjylar köpugurly sergi bilen tanşyp başladylar. Onda türkmen önüm öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli harytlaryň giň toplumy — senagat we oba hojalyk pudaklary üçin enjamlar, ätiýaçlyk şaýlar, gurluşyk serişdeleri, hojalyk we elektronika tehnikalary, öý hojalyk harytlary, dokma önümleri hem-de beýleki dürli önümler we ýerine ýetirilýän hyzmatlar görkezilýär. 

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge täze itergi berjek özara bähbitli gatnaşyklaryň täze ugurlaryny ýüze çykarmak, tejribe alyşmak, işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýän bu sergi munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Çünki söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-türk gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, durnukly we uzakmöhletleýin häsiýete eýedir. Munuň özi hyzmatdaşlygyň bar bolan uly kuwwatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek işlerine ýardam bermäge hyzmat edýär. Şoňa görä-de, 2-5-nji iýul aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilýän Türkmenistanda öndürilen eksport harytlaryň giň gerimli sergisine möhüm ähmiýet berildi. 

Sergi meýdançasynda türkmen milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri, döwlet maksatnamalarynyň we innowasion taslamalaryň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan çäreleri giňişleýin şöhlelendirýän pudaklaýyn diwarlyklar ýerleşdirilipdir.

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi öz işini 5-nji iýulda tamamlar. 

Soňky habarlar
17.03
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylara
16.03
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
16.03
Oraza baýramyny bellemek hem-de Milli bahar baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
16.03
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
16.03
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 mil­lion dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy
15.03
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
14.03
Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz agzaçar sadakasyny berdiler
14.03
Ynsanperwer ýörelgeleri dowam etdirip
13.03
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.03
Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow