Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
Jemgyýet
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
Çap edildi 06.07.2025
3704

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň döredijilik we tehniki topary neşiriň iýun aýyndaky sanyny okyjylara hödürlediler.

Çagalary goramagyň halkara güni bilen başlanýan aýa bagyşlanan hut şu şanly senä bagyşlanan «Çagalaryň sesi – dünýäniň şatlygy» atly makala bilen açylypdyr. «Juwan köňülleriň ylham joşguny» atly çykyş geçen aýda geçirilen «Talyp joşguny – 2025» atly döredijilik festiwalyna bagyşlanypdyr. 

«Arkadag şäheri – geljegiň şäheri» atly makalada, adyndan hem belli bolşy ýaly, ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäheriň waspy edilýär. Şäheriň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmanynyň çykyşynda şäher we onuň saglyk sahawaty barada gürrüň edilýär.

«Döwrüň belent ösüşleriniň binýady» atly makala Ylymlar gününe bagyşlanypdyr. Neşirdäki taryhy makalalaryň tapgyry «Geçmiş – geljegiň berk binýady» atly çykyş bilen dowam etdirilýär. Neşiriň täze sanynyň ahyrky sahypalarynda ýerleşdirilen welosipediň taryhy baradaky çykyş täsirliligi bilen ünsi özüne çekýär. Elektron neşiriň täze sany «Tomus – çagalaryň söýgüli pasly», «Pyrtykally şerbet» atly çykyşlar we «Ýaş waspçy» bäsleşiginiň täze ýeňijisi baradaky maglumat bilen jemlenýär.

Soňky habarlar
22.11
Milli bähbitleri we geljegiň ählumumy strategiýasyny nazara alyp
22.11
2027-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawy tassyklanyldy
22.11
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
22.11
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
22.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
22.11
Paýtagtymyzda Ýewropanyň Medeniýet günleri geçirildi
21.11
M.N.AÝAZOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
21.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
20.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
20.11
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
top-arrow