Baş sahypa
\
Resminamalar
\
Resmi habarlar
Resminamalar
Resmi habarlar
Çap edildi 26.03.2021
2846

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ra­ýat­la­ryň mel­hem suw­la­ry we ho­wa­sy bi­len dün­ýä bel­li şy­pa­ha­na­la­ry­my­zyň hyz­ma­tyn­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­gy­ny üp­jün et­mek hem-de ola­ra be­ril­ýän ýol­la­ma­na­ma­la­ryň ba­ha­la­ry­ny kes­git­le­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň şy­pa­ha­na­la­ryn­da be­je­riş-sa­gal­dyş kö­me­gi­ni al­mak üçin be­ril­ýän ýol­la­ma­na­ma­la­ryň ba­ha­la­ry tas­syk­la­nyl­dy.

***

Türk­me­nis­tan bi­len Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­nyň ara­syn­da ga­za­ny­lan iki­ta­rap­la­ýyn yla­la­şyk­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek hem-de iki ýur­duň öza­ra gat­na­şyk­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki hö­kü­me­ta­ra türk­men-sa­ud to­pa­ry­nyň türk­men bö­le­gi­niň dü­zü­mi tas­syk­la­nyl­dy.

***

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ila­tyň sag­lyk ýag­da­ýy­ny has-da go­wu­lan­dyr­mak we aba­dan­çy­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, adam öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak, ra­ýat­lar üçin sag­ly­gy go­ra­mak ba­bat­da hem­me­ta­rap­la­ýyn deň müm­kin­çi­lik­le­ri we şert­le­ri üp­jün et­mek, sag­ly­gy go­raý­şy hal­ka­ra öl­çeg­le­re la­ýyk­lyk­da ös­dür­mek hem-de in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ra, öň­de­ba­ry­jy luk­man­çy­lyk yl­my­na we tej­ri­be­si­ne esas­lan­ýan kä­mil we ýo­ka­ry ne­ti­je­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň “Sag­lyk” Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi we ony ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li çä­re­le­riň 2021 — 2025-nji ýyl­lar üçin me­ýil­na­ma­sy tas­syk­la­nyl­dy.


Soňky habarlar
09.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
09.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasyna gynanç bildirdi
09.04
Resmi habarlar
08.04
Melhemler mekanynyň paýtagty
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
08.04
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýöriteleşdirilen täze dikuçaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy