Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Awstraliýanyň ilçisi işläp başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Awstraliýanyň ilçisi işläp başlady
Çap edildi 29.09.2016
1194

Aşgabat, 29-njy sentýabr /TDH/. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Awstraliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Piter Martin Teşden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty ýokary wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrundaky işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Jenap Piter Martin Teş hoşniýetli arzuwlary üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň Türkmenistandaky Doly ygtyýarly wekili hökmünde iki dostlukly halkyň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge işjeň ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Söhbetdeşligiň barşynda diplomata giň halkara özara hereketleri ösdürmek möhüm ugurlaryň biri bolup çykyş edýän milli döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada habar berildi. Myhman şeýle hem milli Liderimiziň başlangyçlary boýunça ýurdumyzda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler bilen tanyşdyryldy. Şol özgertmeleriň baş maksady halkyň abadançylygyny, Türkmenistanyň ykdysady ösüşini gazanmakdan ybaratdyr. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçilikleri barada aýdylyp, söwda-ykdysady ulgamynda, oba hojalygynda, ylym we bilim ulgamynda şeýle hem dostluk gatnaşyklaryny we iki halkyň özara düşünişmegini pugtalandyrmaga ýardam berýän medeni gatnaşyklar babatda döwletara aragatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegi bellenip geçildi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeler bilen baglylykda, kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri duşuşygyň meseleleriniň biri boldy. Şunda, parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň, BMG-niň düzümleýin bölümleriniň çäklerinde iki ýurduň özara hereketleriniň wajypdygy bellenildi. Duşuşygyň ahyrynda awstraliýaly diplomat Türkmenistan bilen Awstraliýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilige eýe bolup, häzirki zamanyň ýagdaýlaryna hem-de hyzmatdaşlygyň özara bähbitlerine laýyk bolan doly möçberli gatnaşyklara öwrülmegi üçin hemme şertleriň bardygyna ynam bildirdi. *** Şu gün Awstraliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Piter Martin Teş Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Döwletara gatnaşyklaryny has-da giňeltmek gyzyklanma bildirilip geçen özara pikir alyşmalaryň esasy meselesi boldy.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow