Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistan Täze ýyly garşylaýar – ýurdumyzyň Baş arçasy ýaş myhmanlary garşylaýar
Jemgyýet
Türkmenistan Täze ýyly garşylaýar – ýurdumyzyň Baş arçasy ýaş myhmanlary garşylaýar
Çap edildi 29.12.2020
4233

Şu gün Mejlisiň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, maliýe-bank ulgamynyň, obasenagat toplumynyň, şeýle hem milli parlamentiň komitetleriniň ýolbaşçylary çagalary hem-de agtyklary bilen bilelikde “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasyna bardylar. Däp boýunça myhmanlary Täze ýyl baýramynyň baş gahrymanlary — Aýazbaba hem-de onuň agtygy Garpamyk garşylap, olary ertekiler şäherjigine gezelenç etmäge çagyrdylar. “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança her ýyl öz açylan wagtyndan bäri “gyşky ertekiler” üçin esasy ýere öwrülýär. Bu ýerde ýagty bezeg serişdeleri hem-de öwüşgin atýan oýnawaçlar bilen bezelen belent arçanyň töwereginde ertekiler dünýäsi ýaýbaňlandyrylyp, oňa syýahat etseň, ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlaýar. Çagalardan başga ulular hem Täze ýyl baýramçylygynyň jadylaýjy täsirini başdan geçirmäge höwes bilen taýýar. Bu baýramçylyk sowgatlardan doly. Täze ýyl şäherjiginde şeýle hem dürli ýadygärlik önümleriniň söwdasy guraldy. Şol önümleri, hasaplaşyk üçin milli bank kartlaryny ulanyp satyn almak mümkin. Sowgat almak we gowşurmak tüýs ýürekden amala aşyrylanda, birmeňzeş şatlykdyr. Ýurdumyzyň Baş arçasynyň häzirki ýaşajyk myhmanlary ýakyn hossarlaryndan ýadygärlik sowgatlary almak bilen birlikde, Täze, 2021-nji ýyly garşylamagyň ýatdan çykmajak täsirlerini hem aldylar. Çagalar jogap hökmünde dürli dillerde goşgulary okadylar. Bu köpöwüşginli şahyrana çykyşlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça BMG tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen öňümizdäki ýyla ajaýyp waspnama öwrüldi.

Soňky habarlar
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
25.04
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
25.04
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
25.04
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
24.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi
top-arrow