Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistan-ABŞ Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistan-ABŞ Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
Çap edildi 03.09.2015
1171

Aşgabat, 3-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan-ABŞ Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory jenap Erik Stýuarty kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen işewür gatnaşyklaryny berkitmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Türkmen döwleti bu gün ykdysady taýdan ösüp, ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmana mähirli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlary bolan iri amerikan kompaniýalarynyň milli taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýandygyny nygtady. Türkmenistan deňhukuklylyk esasynda hyzmatdaşlyk etmäge hem-de gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen, şol sanda ABŞ-nyň işewürler düzümleriniň wekilleri bilen işjeň gatnaşyklary ösdürmek üçin açykdyr. Döwlet Baştutanymyz we myhman ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny belläp, söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler hyzmatdaşlykda toplanan oňyn tejribäniň bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin ygtybarly esas bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar. Işewürler maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmegi netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň amatly ýollaryny işläp düzmäge ýardam edýär diýlip bellenildi. Ulag ulgamy we oba hojalygy türkmen-amerikan işewür gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Maliýe ulgamynda özara gatnaşyklar we energetika hyzmatdaşygyny giňeltmek meseleleri aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň barşynda amerikan işewüri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitara gatnaşyklaryny berkitmäge we ösdürmäge gönükdirilen üstaşyr – ulag ulgamynda taslamalary amala aşyrmak boýunça başlangyçlaryna ýokary baha berip, geografik taýdan amatly ýagdaýy eýeleýän Türkmenistanyň möhüm orun eýeleýändigini aýtdy. Türkmen döwletiniň netijeli teklipler bilen çykyş edýändigini we halkara ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak boýunça ähmiýetli taslamalaryň başyny başlandygyny belläp, jenap Erik Stýuart bu işleriň köp ýurtlara Ýewraziýa yklymynyň iri halkara bazarlaryna çykmaga uly mümkinçilikleri açjakdygyna, hem-de dünýä ykdysadyýetine we söwdasyna üstünlikli goşulmak üçin mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi. Milli Liderimiz Türkmenistan-ABŞ Işewürler geňeşiniň alyp barýan işleriniň ähmiýeti barada aýdyp, ikiý urduň işewürlik düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmegi uzak möhletleýin we özara bähbitli esasda guralýan döwletara gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam edýär diýip belledi. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we myhman türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow