Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Webinaryň temasy – medeni mirasy öňwrenmek ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy
Medeniýet
Webinaryň temasy – medeni mirasy öňwrenmek ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy
Çap edildi 15.10.2020
15559

Şu gün Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi onlaýn görnüşde alymlaryň halkara duşuşygyny gurady. Maslahat «Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň medeni mirasy öwrenmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ähmiýeti» atly mowzuk bilen baglanyşykly boldy. Paýtagtymyzdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen wideomaslahat bilen birlikde, alymlar tarapyndan ýurdumyzyň dürli ýadygärliklerinde ýüze çykarylan tapyndylaryň sergisi guraldy. Duşuşyga Beýik Britaniýadan, Russiýadan, ABŞ-dan, Italiýadan, Ispaniýadan we Fransiýadan arheologlar gatnaşdylar. Olar indi ençeme ýyllardan bäri Türkmenistanyň çägindäki ylmy ekspedisiýalarda üstünlikli işleýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeni gymmatlyklary aýawly saklamaga we artdyrmaga hem-de bu pudagyň hünärmenleriniň öňünde duran wezipeleri üstünlikli çözmek üçin hukuk binýadyny döretmäge uly üns berýär. «Milli taryhy-medeni mirasyň desgalaryny goramak hakynda», «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanylan taryhy, arheologik, şähergurluşyk, binagärlik we monumental çeper ýadygärlikleriň, tebigy landşaft desgalarynyň goralýan zolaklaryny guramagyň Tertibi munuň aýdyň subutnamasydyr. 2016-njy ýylda hormatly Prezidentimiz tarapyndan «Türkmenistanyň gozgalmaýan taryhy-medeni ýadygärlikleriniň goralmagyny üpjün etmek meseleleri hakynda» Karara gol çekilmegi nobatdaky möhüm ädim boldy. Şol Karara laýyklykda, Türkmenistanyň çäginde ýer gurluşyk, ýer, ýol gurluşyk, gurluşyk, melioratiw, hojalyk we beýleki işleri geçirmegiň taslamalaryny ylalaşmagyň Tertibi tassyklanyldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, bu ulgamda ýörite ygtyýarly edara bolup durýan Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň ýanynda Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerini goramak we abadanlaşdyrmak boýunça gazna döredildi. Şu günki maslahatyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda ýadygärlikleri goramagyň özboluşly ulgamy hereket edýär. Ýerlerdäki döwlet taryhy-medeni goraghanalar milli müdirlige degişli guramalar bolup durýar. Şeýle goraghanalaryň jemi sekizisi, ýagny «Nusaý», «Köneürgenç», «Gadymy Merw», «Gadymy Dehistan», «Kerki», «Abiwerd», «Köne Sarahs» we «Gökdepe galasy» goraghanalary bar. Milli taryhy-medeni mirasy düýpli öwrenmek maksady bilen, Türkmenistan dünýäniň köp ýurtlarynyň esasy ylmy merkezleri bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. Duşuşykda Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň direktorynyň orunbasary Natalýa Solowýowa Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Ýylgyndepe eneolit ýadygärligini öwrenmek boýunça köpýyllyk türkmen-rus hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi. Bolon uniwersitetinden doktor Barbara Çerazetti çykyşyny Murgap derýasynyň gadymy hanasynda otuz ýylyň dowamynda geçirilen italýan-türkmen ylmy-barlaglaryna bagyşlady. Taryh ylymlarynyň doktory Nadežda Dubowa Goňurdepede soňky ýyllarda geçirilen türkmen-russiýa ylmy barlaglarynyň netijeleri barada gürrüň berdi. Professor Linni Rouz Gadymy Marguşyň çägindäki ýadygärlikleri öwrenmek boýunça türkmen-amerikan taslamasy bilen tanyşdyrdy. Doktor Hulio Bendezu-Sarmento we doktor Joanna Lýuilýe bilelikdäki çykyşyny «Ulugdepe — Merkezi Aziýa siwilizasiýasynyň gözbaşy: fransuz-türkmen arheologik ekspedisiýasynyň ylmy-barlaglary» diýip atlandyrdylar. Professor Karlo Lippolis türkmen-italýan arheologik ekspedisiýasynyň Köne Nusaýda 2019-njy ýylda geçiren ylmy barlaglarynyň netijeleri barada habar berdi. Oksforddan doktor Pol Wordstwort hem-de Nýu-Ýorkuň Metropoliten sungat muzeýinden doktor Martina Rugiadi Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän, orta asyrlara degişli Daňdanakan hem-de Kuşmeýhan ýadygärliklerinde halkara hyzmatdaşlygyň ilkinji netijeleri barada gürrüň berdiler. Doktor Hose Luis Blesa Dehistanyň çäginde geçirilen türkmen-ispan arheologik ylmy-barlaglary barada aýtdy. Londonyň Uniwersitet kollejiniň ýüpek ýoly kafedrasynyň professory öz çykyşyny Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleriniň maglumatlarynyň elektron binýadyny döretmek boýunça halkara hyzmatdaşlyga bagyşlady. Geçen ýyllaryň tejribesi taryhy we medeni ýadygärlikleri aýawly saklamak hem-de öwrenmek boýunça Türkmenistanyň we bu ulgamyň halkara guramalaryň hem-de esasy ylmy merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigini görkezýär. Bu möhüm wezipäni ýerine ýetirmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeni syýasaty möhüm orun eýeleýär. Şol syýasatyň üstünligi köp babatda ägirt uly ykdysady we tebigy kuwwata, örän gadymy hem-de baý taryhy-medeni mirasa eýe bolan Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesi bilen şertlendirilendir. Bu miras bolsa mähriban halkymyzyň hakyky buýsanjydyr.

Soňky habarlar
09.02
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 133 müň dollaryndan gowrak boldy
08.02
Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
08.02
Sportly Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy
07.02
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
07.02
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine hem-de Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrine halkara baýragynyň gowşurylmagy mynasybetli sanly ulgam arkaly gutlagy
06.02
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
06.02
Türkmenistanyň Prezidenti Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryny gutlady
05.02
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl: Gurluşyk-senagat toplumy we elektroenergetika pudagy
05.02
Türkmenistan GDA gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda «Bedew bady: güýç hem gözellik» ady bilen telewizion filmleriň döwletara bäsleşigini yglan edýär
04.02
2026-njy ýylyň ýanwary: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
top-arrow