Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY
Resmi
Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY
Çap edildi 27.08.2015
2075

Owganystan Yslam Respublikasynyn Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň çagyrmagy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylyň 27-nji awgustynda Owganystan Yslam Respublikasyna sapary boldy. Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyn Prezidentleri dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda hemmetaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler we ikitaraplaýyn, özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gatnaşyklarynyň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar. Taraplar türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn höweslendirmegiň ähmiýetlidigini bellediler, bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyn halklarynyň arasynda dostlugy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmaga düýpli goşant goşýar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli mümkinçiliklerini peýdalanmak üçin Taraplar yzygiderli gatnaşyklary goldamagyň, dürli derejelerde geňeşmeleriň we ysnyşykly utgaşdyrmagyň hern-de pikir alyşmagyň, şol sanda halkara duşuşyklarynda, maslahatlarynda we Birleşen Milletler Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara guramalarynyň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde pikir alyşmagyň zerurdygyny ykrar etdiler. Döwletleriň Baştutanlary Owganystanda parahatçylygy berkarar etmegiň we durnuklylygy üpjün etmegiň möhümdigini bellediler. Turkmen tarapy Owganystan Yslam Respublikasynda parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga özüniň eýerýändigini tassyklady. Türkmenistanyň bitaraplygynyň Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň esasy bolup durýandygyny göz önünde tutup, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 20 ýyllygy bilen Türkmenistany gutlady hem-de şu hukuk ýagdaýyny Owganystanyň goldaýandygyny tassyklady. Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklaryň we gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň durmuşa geçirilişine oňyn baha berdiler, şeýle hem olary syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni we beýleki ugurlarda mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Taraplar Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliginiň bardygy bilen ylalaşdylar hem-de ony deňlik we özara bähbit esasynda ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Olar iki ýurduň ykdysady işi ýöredijileriniň arasynda hyzmatdaşlygy höweslendirmek üçin ykdysady, maliýe we beýleki ugurlarda amatly şertleri döretmegi ylalaşdylar. Taraplar iki ýurduň energetikasyny we mineral serişdelerini ösdürmek babatda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Taraplar «Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasynyň ähmiýetini nygtadylar hem-de bu möhüm sebit taslamasyny ýakyn wagtda durmuşa geçirmek boýunça çäreleri görmegi karar etdiler. Taraplar, şeýle hem iki ýurduň gyzyklanma bildirýän guramalarynyň we kompaniýalarynyň arasynda ulag, elektrik energetikasy, himiýa senagaty, kommunikasiýalar, tebigy serişdeleri aýawly peýdalanmak we daşky gurşawy goramak babatda, şeýle hem beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmegi höweslendirmek barada ylalaşdylar. Döwletleriň Baştutanlary iki döwletiň ägirt uly üstaşyr-ulag mümkinçiligini göz öňünde tutmak bilen, «Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe» ulag geçelgesini döretmäge möhüm ähmiýet berýärler. Iki döwletiň Prezidentleri Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasynyň berlişini artdyrmak, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan demir ýollary babatda hyzmatdaşlyk etmegi we sebitde ulag-üstaşyr merkezi hökmünde Owganystanyň ornuny bellediler. Taraplar medeniýet, ylym, bilim, sungat, syýahatçylyk we sport babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýetlidigini nygtadylar. Taraplar 2017-nji ýylda Aşgabat Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny üstünlikli geçirmek üçin ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar. Taraplar howpsuzlyk babatda we terrorçylyga, neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň bikanun dolanyşygyna, transmilli guramaçylýkly jenaýatçylyga hem-de häzirki döwrüň beýleki howplaryna we wehimlerine garşy göreşde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek zerur diýip hasapladylar. Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edilendigi üçin, Onuň Alyhezreti Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganä we Owganystanyň halkyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda resmi sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti çakylygy minnetdarlyk bilen kabul etdi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar boýunça ylalaşylar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf GANI Kabul şäheri, 2015-nji ýylyň 27-nji awgusty

Soňky habarlar
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.04
Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri
20.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow