Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Sankt-Peterburgyň gubernatorynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Sankt-Peterburgyň gubernatorynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 29.06.2020
677

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Sankt-Peterburgyň (Russiýa Federasiýasy) gubernatory Aleksandr Beglowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Russiýanyň esasy merkezleriniň biriniň ýolbaşçysy türkmen Liderini doglan güni bilen gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak we bagtly ömür, döwlet ösüşiniň giň gerimli maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde täze üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler we arzuwlar üçin minnetdarlygyny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri, aýry-aýry şäherleri, esasy senagat we medeni merkezleri bilen göni aragatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň üstünlikli ösdürilýän we strategik häsiýete eýe bolan türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. A.Beglow Newa derýasynyň boýundaky şäheriň soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, şu ýylyň fewralynda Türkmenistana bolan saparyny aýratyn ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Sankt-Peterburgyň gubernatory ak mermerli Aşgabadyň gözelliginiň we ösen düzümleriniň özünde uly täsir galdyrandygyny aýdyp, bu ýerde adamlaryň amatly ýaşamagy hem-de dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilendigini, şäheri dogry hem-de netijeli dolandyrmagy hökman türkmenlerden öwrenmelidigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hoşniýetli dostlara we wagtyň synagyndan geçen ygtybarly hyzmatdaşlara hemişe açykdygyny belläp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagynyň tutuş dünýäde parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine alnyp barylýan daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugrudygyny aýtdy. Dostlukly ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şu günki ýagdaýy we ösüşiň ileri tutulýan ugurlary barada düýpli pikir alşyldy, bu hyzmatdaşlyk birnäçe iri taslamalaryň çäklerinde bilelikdäki işiň oňyn tejribesi bilen berkidilen we umumy gyzyklanmalary nazara alýan ägirt uly kuwwata eýedir. Gubernator A.Beglow ýurdumyzda işleýän Newanyň boýundaky şäheriň kompaniýalaryna berilýän goldaw üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna we hut hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Sankt-Peterburgyň işewür toparlarynyň geljekde hem türkmen Lideriniň başlangyjy bilen amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny tassyklady.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
top-arrow