Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Türkmenistan — Germaniýa: ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk
Jemgyýet
Türkmenistan — Germaniýa: ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk
Çap edildi 26.02.2019
1755

Şu gün paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda žurnalistler üçin «Öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmak we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça» atly okuw maslahaty işläp başlady. Ol ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen bilelikde guraldy. Çäre howanyň üýtgemegini nazara almak bilen, ýerden netijeli peýdalanmak boýunça GIZ-niň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär. Maksatnama bu ugurda toplumlaýyn çemeleşmeleri berkitmäge hem-de ulgamlaýyn çäreleri işläp taýýarlamaga gönükdirilendir. Türkmenistan BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna, Kiota teswirnamasyna hem-de Pariž ylalaşygyna goşulyp, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemeginiň öňüni almak boýunça wezipeleriň çözülmegine täzeçe çemeleşmeleri görkezýär. 2012-nji ýylyň iýun aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasy tassyklanyldy. Oňa laýyklykda, ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmak, Diýarymyzyň ykdysadyýetini howanyň üýtgemeginden emele geljek netijelere taýýarlamak hem-de döwletimiziň ykdysady, azyk, suw we ekologiýa howpsuzlygyny artdyrmak ulgamynda işleri geçirýärler. Häzir Türkmenistan howanyň üýtgemegi boýunça Dördünji milli habary hem-de EKOSOS-nyň howandarlygynda 2019-njy ýylda geçiriljek ýokary derejeli Syýasy forumyň çäklerinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça milli hoşniýetli erkli syny taýýarlaýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda möhüm orun eýeleýär. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde Hazar deňzi boýunça maslahatlarda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, BMG-niň «Rio+20» ählumumy maslahatynda hem-de beýleki iri halkara forumlarda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren döredijilikli başlangyçlaryny agzap bolar. Şol başlangyçlaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebitleýin merkezi açmak, şeýle hem täsin tebigy toplumy bütin adamzadyň gymmatlygy bolan Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk etmegiň köptaraply gurallaryny döretmek hakynda teklipler bar. Häzirki Okuw maslahatyna GIZ-niň sebitleýin maksatnamasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň gidrometeorologiýa baradaky agentliginiň, «CAMP Aлaтoo» jemgyýetçilik gaznasynyň, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Daşary ýurtly bilermenler howanyň üýtgemegi hem-de onuň çaklanylyşy, dünýäde, şol sanda Merkezi Aziýada howanyň maýlamagynyň, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň sebitde oba hojalygynyň ösüşine täsirleri baradaky hasabatlar bilen çykyş etdiler. Türkmen hünärmenleri bu ýere ýygnananlary bu ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan iri möçberli taslamalara laýyklykda, ýurdumyzda geçirilýän işler bilen tanyşdyrdylar. Şunuň bilen baglylykda, foruma gatnaşyjy daşary ýurtlular tutuş dünýäde howanyň maýlamagynyň öňüni almak, gazyň howa bölünip çykmalaryny azaltmak üçin senagat desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, ilat arasynda düşündiriş işlerini geçirmek hem-de daşky gurşawa aýawly garamak babatda Türkmenistanyň tagallalarynyň howanyň üýtgemeginiň howpuna garşy göreşmekde dünýä jemgyýetçiligi we abraýly düzümler üçin aýratyn gyzyklanma döredýändigini, ýurdumyzyň tejribesiniň bolsa bu meselede halkara işleriniň kämilleşdirilmegine hyzmat edip biljekdigini nygtadylar. Döwletimizde ýerlerde suw we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar, tokaýlary täzeden dikeltmek hem-de howanyň täsirlerini peseltmek üçin ýerden peýdalanylmagyny gowulandyrmak boýunça uýgunlaşdyryş çäreleri amala aşyrylýar. Žurnalistleriň okuw maslahatynyň çäklerinde milli Liderimiziň öňdengörüjilikli we netijeli syýasatynyň ösüp gelýän nesilleri belent ahlak maksatlarynyň hem-de mähriban topragymyzyň tebigy baýlyklaryna aýawly garamak ruhunda terbiýelemäge gönükdirilip, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy hereket etmek ulgamynda netijeli işleri geçirmäge mümkinçilik berýändigini bellediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň BMG bilen gatnaşyklaryny işjeňleşdirip, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine giňden netijeli hyzmatdaşlyk etmäge yzygiderli ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýändigini nygtaýar. Okuw maslahatynyň barşynda oňa gatnaşyjylar şeýle hem ýurdumyzyň we sebit derejesinde tebigaty goramak mümkinçiligini berkitmek maksady bilen, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça anyk çäreleri hem-de howanyň üýtgemegi, degişli Milli strategiýanyň durmuşa geçirilmegi babatda wezipeleriň çözülmegi ugrunda dürli çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Soňky habarlar
09.04
2026-njy ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.04
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyndaky ÇYKYŞY
08.04
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna sapary başlandy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady
08.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
08.04
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
08.04
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
top-arrow