Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen uşuçylarynyň nobatdaky üstünligi
Sport
Türkmen uşuçylarynyň nobatdaky üstünligi
Çap edildi 09.07.2015
2505

Biziň türgenlerimiz golaýda Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde geçirilen uşu söweş sungaty boýunça 8-nji halkara ýaryşynda uly üstünlige eýe boldular: Türkmenistanyň sport gazananlarynyň üsti sekiz medal bilen ýetirildi. Olaryň üçüsi altyn, ikisi kümüş we üçüsi bürünç medallardyr. Ýaryşa 9 ýurtdan – Russiýadan, Türkiýeden, Eýrandan, Bolgariýadan, Hindistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan dürli ýaşdaky türgenleriň 400-e golaýy gatnaşdy. Medallar ugrundaky bäsleşik iki görnüşde – sanda (başa-baş duşuşyklar) we taolu (toplumlaýyn maşklar) boýunça geçirildi. Türkmenstanlylar diňe başa-baş duşuşyklarda çykyş etdiler. Biziň ýygyndymyzyň topary sekiz türgenden ybarat boldy, olaryň her biri hormat münberine çykmagy başardy. Munuň özi birnäçe müň ýyl mundan ozal Gündogarda dörän gadymy söweş sungatynyň türkmen mekbediniň ussatlygynyň ýokary derejededigini görkezýär. Erkekleriň arasynda 60 kilograma çenli agramlyk derejesinde aşgabatly Çarygylyç Tagangylyjow ýeňş gazandy. Ol erkekleriň toparynda üstünlikli çykyş edip, ýeňiş gazandy. Altyn medala barýan ýolda ol gruziýaly türgenleriň ikisinden, finalda bolsa Eýranyň örän güýçli türgeninden üstün çykdy. Çarygylyjç aýgytlaýjy duşuşygyň birinji böleginde garşydaşyndan asgyn geldi, ýöne soňky iki tapgyrda eýranly söweş sungatynyň ussadyny ýeňmegi başardy. Altyn medaldan başga-da, ýaryşy guraýjylar Ç.Tagangylyjowa ýörite baýragy – “Gowy tehnikasy üçin” diýen baýragy gowşurdylar. Munuň özi kanunalaýyk ýagdaýdyr, çünki tälimçi Ýazmyrat Annamyradowyň şägirdi halkara bäsleşiklerinde ekeje gezek hem utulmady. Ç.Tagangylyjow daşary ýurtlarda geçirilen ýaryşlaryň sekizisine gatnaşyp, olaryň ählisinde altyn medala eýe boldy. Bu haýran galdyryjy ýokary görkeziji onuň geljekde hem üstünlikli çykyş etjekdigine şaýatlyk edýär. Zehinli türkmen türgeni Tbiliside eýýäm ikinji gezek üstünlik gazanmagy başardy. Ol bu ýerdäki ilkinji ýeňşine geçen ýyl mynasyp bolupdy. Erkekleriň arasyndaky ýene-de bir baýraga daşoguzly türgen Saparmyrat Janaýew eýe boldy. Tälimçi Döwletgeldi Sapardurdyýewiň şägirdi 65 kilograma çenli agramlyk derejede ýeňiş gazandy. Marydan Mekan Paltaýew (tälimçisi Sylap Ataýew) Türkmenistanyň toparyna üçünji ýeňşi getirdi. Ol 14-15 ýaşly türgenleriň arasynda 60 kilograma çenli agramlyk derejede tapawutlanmagy başardy. Aşgabatly Nurmyrat Babaýew (75 kilograma çenli agramlyk derejede) we Baýrammyrat Babaýew (52 kilograma çenli agramlyk derejede) kümüş meadala mynasyp boldular. Paýtagtymyzdan Bäşim Geldiýew (60 kilograma çenli agramlyk derejede), şeýle hem Daşoguzdan Aýgözel Gurbangeldiýewa (48 kilograma çenli agramlyk derejede) we Merjen Saparowa (52 kilograma çenli agramlyk derejede) hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagy başardylar. Häzirki wagtda türkmen uşu ussatlary iri halkara ýaryşlarynyň birnäçesine taýýarlyk görýärler. Olaryň hatarynda Hytaý Halk Respublikasynda awgust aýynyň başynda geçiriljek ýetginjekleriň arasyndaky 8-nji Aziýa çempionaty bar. Sentýabr aýynda Eýranyň paýtagty Tähran şäherinde “Persiýanyň Kubogy” ugrundaky bäsleşik, noýabr aýynda bolsa Jakartada (Indoneziýa) erkekleriň we zenanlaryň arasynda dünýä çempionaty geçiriler.

Soňky habarlar
03.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
03.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
03.11
Gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşine bagyşlanan halkara forum
03.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine
03.11
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
02.11
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
02.11
Türkmenistanda Awstriýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady
top-arrow