Baş sahypa
\
\
Ral­li-reý­de gat­na­şy­jy­lar “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­ne gel­di­ler
Ral­li-reý­de gat­na­şy­jy­lar “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­ne gel­di­ler
Çap edildi 13.09.2018
10585

13-nji sent­ýabr­da “Amul — Ha­zar 2018” aw­to­ral­li­si­ne gat­na­şy­jy­lar üçün­ji du­ral­ga — Ga­ra­gu­muň mer­ke­zin­de ýer­le­şen “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­ne gel­di­ler. Ýa­ry­şa gat­na­şy­jy to­par­lar “Al­tyn asyr” Türk­men kö­li” dü­şel­ge­si­ne ta­rap ug­rap, alaň­lar we ta­kyr­lar köp bo­lan ýa­ryş ýo­ly bo­ýun­ça 236 ki­lo­metr geç­di­ler. “Amul — Ha­zar 2018” ýa­ry­şy­nyň üçün­ji tap­gy­ry­na gat­na­şan 46 ulag­dan pel­le­ha­na il­kin­ji bo­lup, dä­be öw­rü­li­şi ýa­ly, Na­ni Ro­ma we Aleks Ha­ro gel­di­ler. Is­pan­ly­lar ýo­luň her ara­ly­gyn­da gar­şy­daş­la­ryn­dan bar­ha we bar­ha ara­ny açyp, ara­lyk hem-de umu­my ha­sap­da öň­de bar­ýar­lar. Ýa­ry­şyň şu tap­gy­ryn­da ikin­ji bo­lup pel­le­ha­na 17 mi­nut gi­jä ga­lyp, Aý­rat Mar­de­ýe­wiň KA­MA­ZY gel­di. Eme­li türk­men kö­lü­ne üçün­ji bo­lup, Mi­ros­law Zap­le­tal hem-de onuň ýol­be­le­di Ma­rek Si­ko­ra gel­di­ler. Çe­hi­ýa­dan bo­lan jü­büt umu­my ha­sap­da ikin­ji or­ny eýe­le­ýär. “Al­tyn asyr” Türk­men kö­li” dü­şel­ge­si­ne ge­len­soň­lar, ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­la­ry türk­men ar­tist­le­ri mä­hir­li gar­şy­la­dy­lar. Mil­li saz­lar eme­li kö­lüň tö­we­re­gin­de te­bi­ga­tyň mu­ka­my bi­len tä­sin saz­la­şyk­ly ut­gaş­dy. Ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­lar kon­sert­den we mil­li türk­men ta­gam­la­ryn­dan lez­zet al­dy­lar. Öň­de tä­ze gün hem-de ýa­ry­şyň tä­ze tap­gy­ry ga­raş­ýar. Oňa gat­na­şy­jy­lar Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň çä­gi­ne geç­me­li bo­lar hem-de se­bi­tiň çyl­şy­rym­ly ýer­le­rin­den aş­ma­ly bo­lar­lar. Ýö­ne, ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­lar tä­ze ba­dal­ga gü­nü­ne çen­li dynç al­ýar­lar hem-de aja­ýyp “Al­tyn asyr” Türk­men kö­li bi­len ta­nyş­ýar­lar. Tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, şol san­da suw se­riş­de­le­ri­ni go­rap sak­la­mak we oý­la­ny­şyk­ly peý­da­lan­mak we­zi­pe­le­ri döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Hä­zir dün­ýä­de eko­lo­gi­ýa me­se­le­si­niň äh­mi­ýe­ti­ne oňat dü­şü­nil­ýär. Şol me­se­le­le­ri çöz­mez­den, adam­zat jem­gy­ýe­ti­niň mun­dan beý­läk­ki dur­nuk­ly ösü­şi­ni göz öňü­ne ge­tir­mek müm­kin däl. Türk­me­nis­tan hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­na, bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na iş­jeň gat­naş­ýar. Şol tas­la­ma­lar bü­tin adam­za­dy tol­gun­dyr­ýan mö­hüm eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­niň, ýag­ny suw we beý­le­ki te­bi­gy se­riş­de­le­ri go­rap sak­la­mak hem-de di­kelt­mek, çöl­leş­mä, ýer­le­riň ýa­ra­maz­laş­ma­gy­na gar­şy gö­reş­mek, dün­ýä möç­be­rin­de ho­wa­nyň ýy­la­ma­gy, üýt­ge­me­gi ýa­ly me­se­le­le­riň çö­zül­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Bu ul­gam­da ýur­du­myz ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry, il­kin­ji no­bat­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy, Äh­lu­mu­my eko­lo­gi­ýa gaz­na­sy we beý­le­ki dü­züm­ler bi­len ýyg­jam gat­na­şyk edip, Ýer ýü­zü­niň hä­zir­ki we gel­jek­ki ne­sil­le­ri­niň aba­dan­çy­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne bü­tin­dün­ýä eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­niň ne­ti­je­li çöz­güt­le­ri­niň baş­lan­gyç­la­ry­ny öňe sür­ýär. “Al­tyn asyr” Türk­men kö­li, ha­ky­kat­dan-da, in­no­wa­sion tas­la­ma bo­lup, ýur­du­my­zyň dün­ýä­niň suw se­riş­de­le­ri­ni go­rap sak­la­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly umu­ma­dam­zat me­se­le­le­ri çöz­mä­ge uly go­şant goş­ýan­dy­gy­ny su­but ed­ýär. Su­wa­ryl­ýan top­rak­la­ryň şor­laş­ma­gy hem-de ýe­ras­ty suw­la­ry sow­mak me­se­le­le­ri bi­len gu­rak zo­lak­da ýer­le­şen ýurt­la­ryň äh­li­si­niň ýüz­be-ýüz bol­ýan­dy­gy hem­mä mä­lim­dir. Eke­ran­çy­ly­gy üs­tün­lik­li alyp bar­ma­gyň hem-de suw­dan peý­da­lan­ma­gyň uly tej­ri­be­si­ne eýe bo­lan Türk­me­nis­tan bu ul­gam­da yl­my-bar­lag­la­ryň öň­baş­çy­sy bo­lup çy­kyş ed­ýär hem-de beý­le­ki döw­let­le­ri suw me­se­le­si­ne yh­las­ly ga­ra­ma­ga ça­gyr­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, bu gid­ro­teh­ni­ki ul­ga­myň il­kin­ji no­bat­da­ky­sy­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi 2009-njy ýy­lyň 15-nji iýu­lyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­di. Türk­men kö­lü­niň gur­lu­şy­gy mö­hüm yk­dy­sa­dy we dur­muş me­se­le­le­ri­niň top­lu­my­ny çöz­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Ga­ra­gum­da el bi­len dö­re­dil­ýän kö­li gur­mak bo­ýun­ça iri möç­ber­li we tä­sin tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň üns mer­ke­zin­de bol­dy. Mil­li Li­de­ri­miz bu ýer­de ýaý­baň­lan­dy­ry­lan gur­lu­şyk iş­le­ri­niň bar­şy we ne­ti­je­le­ri bi­len yzy­gi­der­li ta­nyş­dy. Ne­ti­je­de, Ga­ra­gum­da kün­jek dö­re­dil­di. Ol çep ke­nar­dan şor suw­la­ryň Amy­der­ýa ak­ma­gy­nyň öňü­ni al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär, gel­jek­de bol­sa Türk­me­nis­ta­nyň su­wa­rym­ly ýer­le­rin­den şor suw­la­ryň bu der­ýa ak­ma­gy­ny do­ly ara­dan aýyr­ma­ga, ila­tyň ho­ja­lyk ze­rur­lyk­la­ry üçin ka­da­ly şert­le­ri we suw üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga hem-de Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da su­wa­ryl­ýan ýer­le­riň me­lio­ra­tiw ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Şeý­le­lik­de, ýur­du­myz­da su­wuň äti­ýaç­lyk go­ry dö­re­dil­ýär. Ony gel­jek­de te­bi­gy taý­dan aras­sa­lan­ma­gy we döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ne­ti­je­sin­de oba ho­ja­lyk top­lu­my­nyň ze­rur­lyk­la­ry — suw se­riş­de­le­ri­ni oý­la­ny­şyk­ly peý­da­lan­mak, şor suw­la­ry­ny sow­mak we top­ra­gyň şor­laş­mak me­se­le­le­ri­ni çöz­mek, tä­ze ýer­le­ri öz­leş­dir­mek, öri meý­dan­la­ry gi­ňelt­mek, eke­ran­çy­lyk ýer­le­ri su­war­mak, teh­ni­ki ze­rur­lyk­lar üçin peý­da­la­nyp bo­lar. Gel­jek­de “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­niň dö­re­dil­me­gi eme­le ge­len suw gi­ňiş­li­gi­ni hem-de so­wu­jy zeý aka­ba­la­ry­ny ba­lyk se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek üçin peý­da­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer, köp ba­bat­da ýur­du­my­zyň how­dan ho­ja­lyk­la­ryn­da ba­lyk­çy­lyk se­na­ga­ty­nyň işi­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga ýar­dam be­rer. Gu­şu­çar be­lent­lik­den ba­ry-ýo­gy bir­nä­çe ýyl­da zeý aka­ba­la­ryň ug­run­da­ky ýer­le­riň ta­nal­maz de­re­je­de öz­ge­ren­di­gi aý­ra­tyn gö­ze il­ýär. Şol ýer­ler­de az mi­ne­ral­ly suw­lar bi­len su­war­mak üçin ýa­ram­ly bo­lan köp gu­mak ýer­ler bar. Ozal­lar bu ýer­ler­de di­ňe alaň­lar bo­lup­dy, hä­zir bol­sa ýa­şyl zo­lak­la­ry peý­da bol­dy, köl­le­riň özün­de bol­sa ba­lyk­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri­niň peý­da bo­lan­dy­gy ha­sa­ba alyn­dy. Mal­dar­çy­lyk hem, şol san­da çö­lüň köp bö­le­gi­niň suw­lu­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň, öri meý­dan­la­ryň gi­ňel­dil­me­gi­niň ha­sa­by­na ösü­şin­de goş­ma­ça iter­gi al­dy. Hä­zir “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­niň iş­le­me­gi Mer­ke­zi we Gün­do­gar Ga­ra­gum­da zeý aka­ba­la­ry­nyň ul­ga­my­nyň tö­we­rek­le­rin­de gö­çüp-gon­ýan guş­lar üçin tä­ze oňyn eko­lo­gi­ýa we iým şert­le­ri­ni dö­red­ýär, Da­şo­guz sow­ma aka­ba­sy­nyň ha­na­sy­nyň ug­run­da ýer­le­şen köl­ler bol­sa suw­luk-bat­ga­lyk ýer­ler­de mes­gen tu­tan ör­dek­le­ri, gaz­la­ry, sa­kar­ba­lak­la­ry, jüb­ten­le­ri, çu­luk­la­ry we beý­le­ki guş­la­ry özü­ne çek­ýär. Bu ýer­de eý­ýäm hö­würt­ge­le­mek we gyş­la­mak üçin tä­ze ýer­le­riň en­çe­me­si peý­da bol­dy. Ga­ra­gu­muň mer­ke­zi bö­le­gi­niň suw­lu­lan­dy­ryl­ma­gy seý­rek duş­ýan toý­nak­ly haý­wan­la­ryň — üst­ýurt dag goý­nu­nyň, gu­lan­la­ryň, je­ren­le­riň kö­pel­me­gi­ne oňat tä­sir ed­ýär. Şol jan­dar­la­ryň kö­pü­si Türk­me­nis­ta­nyň Gy­zyl ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Köl­le­riň ke­nar­la­ryn­da mes­gen tut­ýan haý­wa­nat dün­ýä­si­niň we­kil­le­ri­niň sa­ny hem art­ýar. Ga­ra­gum­da ösüm­lik dün­ýä­si­niň 293 gör­nü­şi­niň, şol san­da ösüm­lik­le­riň 210 gör­nü­şi­niň ös­ýän­di­gi bel­lär­lik­li­dir. Şo­la­ryň kö­pü­si be­je­riş hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lup, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri” at­ly düýp­li yl­my işin­de be­ýan edil­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň tä­sin zo­lak­la­ry­ny go­rap sak­la­mak hem-de dün­ýä­de wa­gyz et­mek me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns ber­me­gi ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz­da ony ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­riz­mek bo­ýun­ça mö­hüm iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len dö­re­di­len “Be­re­ket­li Ga­ra­gum” tä­ze döw­let go­rag­ha­na­sy­ny hem şu we­zi­pe­le­riň çö­zül­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Ol Ga­ra­gu­muň ekoul­ga­my­nyň il­ki­baş­ky we bi­raz üýt­gän gör­nüş­le­ri­ni yl­my esas­da go­rap sak­la­mak, çöl we ýa­rym çöl zo­lak­lar­da go­rag­ha­na işi­niň esas­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak, bu ul­gam­da hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ny gi­ňelt­mek ba­bat­da nus­ga bo­lar. “Amul — Ha­zar 2018” ral­li-reý­di­ne gat­na­şy­jy­lar “Al­tyn asyr” Türk­men kö­li” dü­şel­ge­sin­den ýa­ryş ýo­lu­nyň dör­dün­ji bö­le­gi bo­ýun­ça “Sport meý­dan­ça­sy” dü­şel­ge­si­ne ýo­la dü­şer­ler. Bu dü­şel­ge eme­li köl­den 409 ki­lo­metr­lik­de, Bal­kan we­la­ýa­tyn­da­ky Ga­myş­ly­ja di­ýen be­lent­lik­de ýer­leş­ýär. Bu tap­gyr­da ýa­ry­şyň geç­me­li ýo­ly 244 ki­lo­met­re deň­dir. Bu tap­gyr­da-da ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­la­ra ýe­ne-de sy­nag ga­raş­ýar. Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Ha­zar­ýa­ka se­bi­tin­de Ga­ra­gu­muň çä­ge­si­niň aý­ra­tyn fi­zi­ki hä­si­ýet­le­re eýe­di­gi­ni, mu­nuň bol­sa sü­rü­ji­den tiz­li­giň kes­git­li bir ýag­da­ýy­ny saý­la­mak ba­şar­ny­gy­ny ta­lap ed­ýän­di­gi­ni sy­nag ýa­ryş­la­ry döw­rün­de bel­le­di. Şeý­le kyn­çy­lyk­la­ra ki­miň höt­de ge­lip bil­jek­di­gi­ni no­bat­da­ky tap­gy­ryň ne­ti­je­le­ri gör­ke­zer.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow