Baş sahypa
\
\
Türkmenistanyň DIM-nde “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi
Çap edildi 28.08.2018
3403

28-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Amul-Hazar 2018” awtorallisine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi. Çärä Aşgabatda ýerleşýän ilçihanalaryň we halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem ýerli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda ýygnananlaryň öňünde Içeri işler ministrliginiň, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýolbaşçylary, şeýle hem “Türkmen dünýäsi” gazetiniň baş redaktory çykyş etdiler. Oňa gatnaşanlara geljekki “Amul-Hazar 2018” awtorallisine toplumlaýyn taýýarlyk, geçirilen saýlama ýaryşlar barada habar berildi. Maslahatyň barşynda bu ýere ýygnananlara halkara rallisine taýýarlyk, onuň geçýän ugrunyň aýratynlyklary we taryhy-medeni mirasymyzy, tebigatymyzyň gözel ýerlerini we Türkmenistanyň häzirki gazananlaryny wagyz etmek jähtinden ýaryşyň ähmiýeti barada anyk maglumatlar berildi. Bellenilişi ýaly, geljekki ralli-reýd diňe bir uly möçberli sport çäresi bolman, eýsem Türkmenistanyň halkara üstaşyr-ulag geçelgelerini ösdürmek ulgamyndaky syýasatyna ygrarlydygynyň hem nyşanydyr. Bu ýere gelenleriň ünsi Garagum çölüni ÝuNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak jähtinden şu taslamanyň ekologiýa ugruna çekildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň diňe bir bu ýaryşy geçirmek pikirini öňe sürmän, eýsem guramaçylyk meslelerinden tä onuň durmuşa geçirilmegine çenli hut özüniň howandarlyk etmegi bu uly möçberli awtosport taslamasyny aýratyn derejä çykarýar. Ýaryşa dünýä awtorallisiniň ýyldyzlarynyň ençemesiniň – “Dakar”, “Afrika Eko reýs” we “Ýüpek ýoly’ rallileriniň burnäçe gezek ýeňijileriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Duşuşyga gatnaşanlar ýaryşyň maglumat üpjünçiligi, şol sanda daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin döredilýän şertler bilen tanyşdyryldy. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine we diplomatlara maslahatyň barşynda diňe bir “Amul-Hazar 2018” awtorallisi boýunça jikme-jik maglumatlar berilmän, eýsem olara sowal bermäge we soraglara anyk jogap almaga mümkinçilik hem döredildi.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow