Baş sahypa
\
\
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaryş awtoulagynda türgenleşik geçdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaryş awtoulagynda türgenleşik geçdi
Çap edildi 26.08.2018
4248

Dynç gü­ni hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow öz en­di­gi­ne eýe­rip, wag­ty­ny sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga ba­gyş­la­dy hem-de tä­ze ýa­ryş aw­tou­la­gyn­da tür­gen­le­şik ge­çip, onuň te­bi­gy çöl­lük şert­ler­de teh­ni­ki hä­si­ýet­na­ma­la­ry­ny sy­nag­dan ge­çir­di. Sy­nag ma­ha­lyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň çyl­şy­rym­ly şert­le­rin­de uzak ara­ly­gy geç­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len gu­ral­ýan “Amul — Ha­zar 2018” ýa­ryş­la­ry­nyň baş­lan­ma­gy­na az wagt gal­dy, ol ýur­du­myz­da aw­to­mo­bil spor­tu­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne güýç­li ýar­dam be­rer. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bu iri hal­ka­ra ýa­ry­şy­ Ga­ra­gum säh­ra­syn­da ge­çir­mek ba­ra­da­ky tek­li­bi dün­ýä­niň köp ýurt­la­ryn­dan us­sat aw­to­sü­rü­ji­ler, şol san­da meş­hur ral­li ýa­ryş­la­ry­na gat­na­şy­jy­lar ta­ra­pyn­dan uly gy­zyk­lan­ma eýe bol­dy. Şu günler türk­men aw­to­sü­rü­ji­le­ri hem bäs­le­şik­le­re iş­jeň taý­ýar­lyk gör­ýär­ler, olar meş­hur da­şa­ry ýurt tür­gen­leri bi­len ýa­ryş­la­ra gat­na­şarlar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şu ýy­lyň few­ral aýyn­da Le­bap we­la­ýa­tyn­da iş sa­pa­ryn­da bol­ma­gy­nyň bar­şyn­da “Amul — Ha­zar 2018” ug­ry bo­ýun­ça köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­ri­şe we yl­gaw ýa­ryş­la­ry­na ba­dal­ga ber­di. Mu­nuň özi bäs­le­şik­le­re taý­ýar­ly­gyň baş­lan­ýan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­dy, taý­ýar­lyk çä­re­le­ri gün-gün­den güýç­le­nip, ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­ri­ni öz ge­ri­mi­ne al­dy. Wa­ta­ny­myz eý­ýäm hal­ka­ra äh­mi­ýet­li ýa­ryş­la­ry ge­çir­mek­de gym­mat­ly tej­ri­bä eýe­dir hem-de öň­de bol­jak ral­li Türk­me­nis­ta­nyň sport döw­le­ti hök­mün­de ab­ra­ýy­nyň be­len­de gal­ma­gyn­da ýe­ne bir mö­hüm ädim bo­lar. Şu ýy­lyň maý aýyn­da mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow türk­men to­par­la­ry­nyň ara­syn­da “Amul — Ha­zar 2018” halkara aw­to­ral­li­si­niň saý­la­ma tap­gy­ry­na gat­na­şyp, tür­gen­le­ri­mi­ze ak pa­ta ber­di. Şol ýa­ryş­la­ryň jem­le­ri bo­ýun­ça mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­myz dü­zül­di, ol ýe­ňi­ji bol­mak ug­run­da bäs­le­şer. Da­şa­ry ýurt­ly gat­na­şy­jy­lar hem-de ýa­ry­şy be­ýan ed­ýän žur­na­list­ler, to­ma­şa­çy­lar — şu­nuň ýa­ly gy­zyk­ly to­ma­şa­la­ry söý­ýän­ler Türk­me­nis­ta­nyň baý te­bi­ga­ty, onuň aja­ýyp kün­jek­le­ri, me­de­ni we ta­ry­hy mi­ra­sy bi­len tan­şyp bi­ler­ler. Gür­rüň­siz su­rat­da “Amul — Ha­zar 2018” köp ­san­ly myh­man­la­ry­my­zyň uzak wagt­lap ýa­dyn­da ga­lar we pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dost­lu­gyň il­çi­si hök­mün­de spor­tuň or­nu­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýur­du­my­zyň ýe­ne bir uly go­şan­dy bo­lar. ...Dynç gü­ni sä­he­riň ir ça­gyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz tä­ze sport aw­to­mo­bi­lin­de Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň aja­ýyp kün­jek­le­ri­niň bi­rin­de il­ki bi­len de­giş­li taý­ýar­lyk ge­çip, ýe­ne-de bir sy­nag tap­gy­ry­ny ama­la aşyr­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, çöl­lük ýer­de sür­mek sü­rü­ji­den de­giş­li tiz­li­gi sak­la­ma­gy, daş-tö­we­re­ge we ýo­la bar ün­sü­ňi jem­le­me­gi ta­lap ed­ýär. Bu bol­sa şeý­le çyl­şy­rym­ly şert­ler­de sü­r­şüň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­me­giň baş şer­ti ha­sap­la­nyl­ýar. Ýur­du­myz­da öň­de bol­jak ýa­ryş­lar, mil­li Li­de­ri­mi­ziň pi­ki­ri bo­ýun­ça, eko-ral­li ýa­ryş­la­ry de­re­je­si­ne eýe­dir. Bu bäs­le­şik­le­riň “ýa­şyl” de­re­je­si teh­ni­ka we onuň ýan­gy­jy­na aý­ra­tyn ta­lap­la­ry bil­di­rer, olar hem hä­zir­ki­ za­man eko­lo­gi­ýa ka­da­la­ry­na la­ýyk gel­me­li­dir. Te­bi­ga­ty go­ra­mak, aw­to­mo­bil­le­riň daş­ky gur­şa­wa ýa­ra­maz tä­si­ri­ni azalt­mak me­se­le­le­ri hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­nyl­ýar hem-de Türk­me­nis­tan­da ama­la aşy­ryl­ýan äh­li se­na­gat des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na, şol san­da ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek we ola­ry ulan­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly tas­la­ma­la­ra bil­di­ril­ýän üýt­gew­siz ta­lap­lar­dyr. Eko­lo­gi­ýa ka­da­la­ry­nyň ber­jaý edil­me­gi mil­li Li­de­ri­miz ta­ra­pyn­dan üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan dur­muş sy­ýa­sa­ty­nyň hem mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýar, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sport he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek, türk­men spor­tu­ny dün­ýä de­re­je­si­ne çy­kar­mak şol sy­ýa­sa­tyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” di­ýen şy­gar as­tyn­da geç­ýän ýyl­da ýur­du­myz köp ­san­ly çä­re­le­re, şol san­da sport çä­re­le­ri­ne beslenýär. Şun­da Ga­raş­syz, Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň köp­ta­rap­ly müm­kin­çi­lik­le­ri hal­ka­ra gi­ňiş­lik­le­r­de öz be­ýa­ny­ny tap­dy. Şeý­le­lik­de, Amul — Ha­zar ara­ly­gy bo­ýun­ça hal­ka­ra aw­to­ral­li­niň gu­ral­ma­gy mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýur­du­my­zyň se­bit we dün­ýä äh­mi­ýet­i hem-de döw­let­le­ri we halk­la­ry ýa­kyn­laş­dyr­ma­ga, söw­da-yk­dy­sa­dy hem-de yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mä­ge, äh­lu­mu­my ösü­şe gö­nük­di­ri­len ulag baş­lan­gyç­la­ry­nyň we tas­la­ma­la­ry­nyň iş­jeň­leş­di­ril­ýän­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. ...Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň do­lan­dyr­ýan ýo­ka­ry ge­çi­ri­ji­li­gi bo­lan aw­tou­la­gy tiz­li­gi pe­selt­mez­den, be­lent­lik­le­ri hem-de iniş­leri, köp ­san­ly alaň­la­ry we çö­ket­lik­le­ri yz­da gal­dy­ryp, te­bi­gy päs­gel­çi­lik­le­ri geç­di. Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň öz­bo­luş­ly, ga­zap­ly, kä­te bol­sa öň­den gö­rüp bol­ma­ýan hä­si­ýet­le­re eýe bo­lan te­bi­ga­ty bar. Çöl­lük ýer­ler­dä­ki her hi­li ýü­ze çyk­ýan kyn­çy­lyk­la­ra ula­gyň sü­rü­ji­si ýo­luň ug­run­da geç­me­si kyn bo­lan ýer­ler­de päs­gel­çi­lik­le­ri ýe­ňip geç­mä­ge taý­ýar bol­ma­ly­dyr. “Amul — Ha­zar 2018” ral­li­si­niň baş­dan ge­çi­ri­ji­lik­li ru­hu­ny şert­len­dir­ýän ýo­luň çyl­şy­rym­ly­ly­gy da­şa­ry ýurt­ly aw­to­mo­bil sü­rü­ji­le­ri­niň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedow sport ula­gy­ny ok­gun­ly sür­me­giň usul­la­ry­ny ula­nyp, onuň äh­li kuw­wa­ty­ny we öw­rüm ukyp­la­ry­ny sy­nag­dan ge­çi­rip, ula­gyň hem­me emel müm­kin­çi­lik­le­ri­ni peý­da­lan­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň gö­rel­de­si ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz ulag spor­ty ba­bat­da tä­ze ösü­şe, köp ­san­ly yzy­na eýe­ri­ji­le­re hem-de döw­re­bap mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­da eýe bol­dy. Mu­nuň özi sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly, spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri, şol san­da aw­to­mo­bil spor­ty bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň spor­tuň bu ug­ru­ny ös­dür­mek ug­run­da yzy­gi­der­li ta­gal­la ed­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz köp adam­la­ryň bu işe ýü­rek­den ber­lip, sport he­re­ke­ti bi­len gy­zyk­lan­mak­la­ry­na şert­le­riň dö­re­dil­me­gi üçin äh­li ta­gal­la­la­ry ed­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz taý­ýar­lyk tap­gy­ry­ny ta­mam­lap, sport ula­gy­ny bel­le­nen ýer­de sak­la­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow çöl ösüm­lik­le­ri­niň säh­ra dur­mu­şy üçin äh­mi­ýet­li­di­gi­ni aý­dyp, ekoul­ga­myň mö­hüm bö­le­gi hök­mün­de Ga­ra­gu­muň ösüm­lik dün­ýä­si­ne aýaw­ly ga­ra­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aw­to­mo­bil­den dü­şüp, her bir pa­syl­da öz­bo­luş­ly aja­ýyp­ly­ga eýe bo­lan daş­ky gör­nü­şi syn­lap, lez­zet al­dy. Güý­züň öň ýa­nyn­da Ga­ra­gu­muň aja­ýyp kün­je­gi aý­ra­tyn tol­gun­dy­ry­jy tä­sin­li­gi özün­de jem­le­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ýer­de ös­ýän ösüm­lik­le­ri, ola­ryň hä­si­ýet­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny yl­my taý­dan öw­ren­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­läp, ola­ryň gör­nüş­le­ri­ni go­rap sak­la­ma­gyň çö­lüň eko­lo­gi­ýa­sy­ny go­ra­ma­gy şert­len­dir­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Ola­ryň ha­ta­ryn­da köp­ san­ly der­man­lyk ösüm­lik­le­riň gör­nüş­le­ri bar. Ol ösüm­lik­le­riň aý­ra­tyn­lyk­la­ry döw­let Baş­tu­ta­ny­myz, ýur­du­my­zyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň aka­de­mi­gi, luk­man­çy­lyk ylym­la­ry­nyň dok­to­ry, pro­fes­sor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri” at­ly düýp­li yl­my işin­de be­ýan edil­di. Soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­ň ge­çi­ril­ýän mer­ke­zi­ne öw­rül­di. Me­de­ni-ta­ry­hy gym­mat­lyk­la­ra baý bo­lan ýur­du­myz Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­leş­mek bi­len, mu­nuň üçin äh­li ze­rur şert­le­re we müm­kin­çi­lik­le­re eýe­dir. “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ni gu­ra­mak bo­ýun­ça döw­let de­re­je­sin­de ala­da edil­me­gi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dost­lu­gyň il­çi­si hök­mün­de halk­la­ryň ýa­kyn­laş­ma­gy­na, pa­ra­hat­çy­ly­gyň we äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy ul­ga­myn­da mö­hüm baş­lan­gyç­lar bi­len çy­kyş ed­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow