Baş sahypa
\
\
«Amul — Ha­zar 2018» hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne giň­den taý­ýar­lyk gö­rül­ýär
«Amul — Ha­zar 2018» hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne giň­den taý­ýar­lyk gö­rül­ýär
Çap edildi 09.08.2018
3902

Aw­gust aýy­nyň bi­rin­ji on­gün­lü­gin­de Aş­ga­bat­da “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne ba­gyş­la­nyp ge­çi­ri­len me­dia­fo­rum hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça gu­ral­jak iri ýa­ryş­la­ra taý­ýar­lyk gör­mek­de mö­hüm tap­gyr bol­dy. Ge­çen ýyl­da bol­şy ýa­ly, Ga­raş­syz­lyk baý­ra­my­nyň öňü­sy­ra­syn­da ýur­du­my­za ýe­ne-de köp san­ly myh­man­lar ýyg­na­nar. Ge­çen ýyl paý­tag­ty­myz­da Azia­da — 2017 üs­tün­lik­li ge­çi­ril­di. Bu ge­zek çäk ba­bat­da ýa­ryş­la­ryň ge­ri­mi has giň bo­lar. Aw­to­mo­bil ral­li­si­niň ug­ry tu­tuş Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­den, Ga­ra­gum säh­ra­syn­dan ge­çip, gün­do­gar­dan gün­ba­ta­ra ta­rap uza­lyp gi­der. Me­dia­fo­rum ýa­ryş­la­ry be­ýan et­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­di­ren da­şa­ry ýurt­la­ryň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­ni ral­li­niň gu­ra­ly­şy bo­ýun­ça çä­re­le­ri ta­nyş­dyr­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem, gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň gel­je­gi uly sport we sy­ýa­hat­çy­lyk mer­ke­zi hök­mün­de ýur­du­my­za hal­ka­ra met­bu­ga­tyň ün­sü­ni çek­mä­ge hem müm­kin­çi­lik ber­di. Ýo­ka­ry tiz­lik­ler hem-de ti­gir­li teh­ni­ka­lar bu ýo­luň tä­ze we­zi­pe­si­ni äş­gär eder. Şol teh­ni­ka­lar bol­sa 1500 ki­lo­metr ara­ly­gy geç­me­li bo­lar­lar. El­bet­de, mu­nuň özi di­ňe bir ulag­la­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gör­kez­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, tür­gen­ler üçin hem sy­nag bo­lar. Us­sat­lyk, mak­sa­da ok­gun­ly­lyk ba­bat­da­ky sy­nag hem-de ýeň­şe bo­lan erk-is­leg adam­la­ra dün­ýä­ni go­wy ta­ra­pa öz­gert­mä­ge ýar­dam ed­ýän hä­si­ýet­ler­dir. Hut şu hä­si­ýet­ler spor­tuň ägirt uly pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji äh­mi­ýe­ti­ni ke­pil­len­dir­ýär. Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýy­lyň few­ral aýyn­da Le­bap we­la­ýa­tyn­da “Be­ýik Ýü­pek ýo­ly” ýa­ryş­la­ry­na hem-de “Amul — Ha­zar 2018” ral­li­si­ne taý­ýar­lyk gör­lü­şi­ne ba­dal­ga be­ren­de, şu­lar ba­ra­da aý­dyp­dy. Aw­to­ral­li ýur­du­my­zyň eko­lo­gi­ýa we ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri ul­ga­myn­da, şol san­da mul­ti­mo­dal ýol­la­ry dö­ret­mek­de iş­jeň sy­ýa­sa­ta yg­rar­ly­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di hem-de ýur­du­my­zyň dün­ýä­de Ýew­ro — 5 stan­dart­la­ry­na ky­bap gel­ýän eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa sin­te­ti­ki ýan­gy­jy ön­dü­ri­ji­le­riň il­kin­ji­le­ri­niň bi­ri­di­gi­ni aýt­dy. Türk­me­nis­tan­da aw­to­ral­li­niň ge­çi­ril­me­gi spor­tuň bu gör­nü­şi­ni giň­den wa­gyz et­mä­ge, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­ka­rar et­mä­ge, dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan Türk­me­nis­ta­na gel­ýän adam­la­ry ül­kä­mi­ziň baý te­bi­ga­ty, aja­ýyp kün­jek­le­ri, me­de­ni we ta­ry­hy mi­ra­sy bi­len ta­nyş­dyr­ma­ga ýar­dam eder. Şon­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow og­ly Ser­dar bi­len “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň ýo­lu­nyň çöl bö­le­gin­den sport aw­tou­la­gyn­da ge­çip, ýol­suz şert­ler­de ýa­ryş aw­tou­la­gy­ny us­sat­lyk bi­len do­lan­dyr­ma­gyň aja­ýyp nus­ga­sy­ny gör­kez­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýet­gin­jek­lik ýyl­la­ryn­dan baş­lap, aw­tos­port bi­len iş­jeň meş­gul­lan­dy we dür­li ýa­ryş­la­ra gat­naş­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň “ýe­di­lik” bel­gi­li aw­to­mo­bil­de üs­tün­lik­li çy­kyş eden­di­gi­ni hem hem­mä­miz bil­ýä­ris. Hut mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy we ýa­kyn­dan gol­daw ber­me­gi ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da aw­to­mo­bil spor­ty tä­ze ösü­şe eýe bol­dy. Paý­tag­ty­myz­da Aw­to­mo­bil spor­ty mer­ke­zi açyl­dy. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň iş­jeň ta­rap­da­ry bo­lan mil­li Li­de­ri­miz spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri — at çap­mak, we­lo­si­ped we aw­to­mo­bil spor­ty, yl­ga­mak, ten­nis hem-de beý­le­ki­ler bi­len meş­gul­la­nyp, ýaş­la­ra we il­deş­le­ri­mi­ziň äh­li­si­ne gö­rel­de bol­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz işi­niň örän köp­dü­gi­ne ga­ra­maz­dan, be­den­ter­bi­ýe bi­len meş­gul­lan­ma­ga hök­man wagt tap­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Olim­pi­ýa ko­mi­te­ti­niň Baş­ly­gy bo­lan döw­let Baş­tu­ta­ny­myz spor­ty ös­dür­mek­de uly go­şan­dy üçin Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa ge­ňe­şi­niň iň ýo­ka­ry sy­la­gy­na — Hor­mat or­de­ni­ne my­na­syp bol­dy. Hut hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly üns ber­me­gi ne­ti­je­sin­de, hä­zir­ki Türk­me­nis­tan­da sport muş­dak­la­ry­nyň sa­ny bar­ha art­ýar. Jem­gy­ýet­de onuň äh­mi­ýe­ti has-da ýo­kar­lan­ýar. Ýur­du­myz­da sport hem-de be­den­ter­bi­ýe bi­len meş­gul­lan­ýan ra­ýat­la­ryň, aý­ra­tyn hem ça­ga­la­ryň, ýet­gin­jek­le­riň, og­lan­la­ryň we gyz­la­ryň sa­ny­nyň has köp bol­ma­gy üçin şert­le­riň dö­re­dil­me­gi spor­ty ös­dür­mek hem-de jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ber­ka­rar et­mek ba­ra­da­ky stra­te­gi­ýa­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň esa­sy mak­sa­dy bol­dy. Tür­gen­le­ri­mi­ziň tu­tuş dün­ýä sport he­re­ke­ti­ne gat­naş­ma­gy­nyň ge­ri­mi bar­ha gi­ňel­ýär, ýur­du­myz­da iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­r ge­çi­ril­ýär. Paý­tag­ty­myz­da hem-de ýur­du­my­zyň äh­li se­bit­le­rin­de döw­re­bap sport top­lum­la­ry, sta­dion­lar, aý­law­lar, ýö­ri­te­leş­di­ri­len sport mek­dep­le­ri we beý­le­ki des­ga­lar gu­rul­dy. Mil­li at üs­tün­dä­ki oýun­la­ryň meş­hur­ly­gy has-da art­ýar, we­la­ýat­la­ryň äh­li­sin­de at­çy­lyk sport top­lum­la­ry gu­rul­dy, spor­tuň teh­ni­ki gör­nüş­le­ri ös­dü­ril­ýär. “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si hem bu işiň has-da ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy­na uly iter­gi be­rer. Bu ýa­ryş­la­ry ge­çir­mek baş­lan­gy­jy bol­sa döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowa de­giş­li­dir. Ral­lä da­şa­ry ýurt­lar­dan gat­naş­ýan­lar di­ňe bir türk­men hal­ky­nyň mi­ra­sy bi­len ta­nyş­man, eý­sem, bu aja­ýyp kün­jek­le­re düýp­li dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler, yl­my-teh­ni­ki ösüş hem-de ýur­du­my­zyň se­bit­le­ri­niň se­na­gat taý­dan ös­me­gi ar­ka­ly gel­ýän tä­ze dur­mu­şy öz göz­le­ri bi­len gö­rer­ler. Türk­me­nis­tan hä­zir­ki dö­wür­de Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň mö­hüm ulag mer­ke­zi hök­mün­de eýe­le­ýän or­nu­ny has-da ber­kid­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň bü­tin dün­ýä­de meş­hur bo­lan ta­ry­hy we ar­heo­lo­gik ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni hem-de te­bi­ga­ty­nyň aja­ýyp ýer­le­ri­ni öz içi­ne al­ýan bu ýo­luň ug­run­da tä­ze sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry­ny gi­riz­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­ýär. Bir­ma­hal­lar şu ýer­ler­den gül­läp ösen şä­her­le­riň ara­syn­da ýa­ýy­lyp ýa­tan säh­ra­la­ryň üs­ti bi­len ker­wen ýol­la­ry ge­çen bol­sa, hä­zir­ki dö­wür­de bu ýer­de kä­mil aw­tou­lag hem-de de­mir ýol­lar gu­rul­dy. Te­bi­gy gö­zel­lik­ler bi­len bir­lik­de, bu­la­ryň äh­li­si sy­ýa­hat­çy­la­ra Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň geç­mi­şi hem-de hä­zir­ki dur­mu­şy bi­len ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. 12-nji maý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow saý­la­ma ýa­ryş­la­ra ak pa­ta ber­mek bi­len, şo­la­ra iş­jeň gat­naş­dy. Bäs­le­şik­le­riň bar­şyn­da öňü­miz­dä­ki “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne Türk­me­nis­tan­dan gat­naş­mak üçin to­par­la­ryň dü­zü­mi kes­git­le­nil­di. Aş­ga­ba­dyň ete­gin­de ge­çi­ri­len saý­la­ma tap­gy­ra Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Aw­tos­port mer­ke­zi­niň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Aw­to­mo­bil spor­ty fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Bäs­le­şi­giň öňü­sy­ra­syn­da mil­li Li­de­ri­miz aw­tos­port bo­ýun­ça emin­ler bi­len söh­bet­deş bo­lup, çyz­gy­lar­da gör­ke­zi­len ýo­luň ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy. Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­ny aýaw­ly sak­la­ma­gyň aw­to­mo­bil spor­ty bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ry ge­çir­me­giň esa­sy şer­ti­di­gi ýe­ne-de bir ge­zek bel­le­nil­di. Türk­men tür­gen­le­ri­niň aw­to­mo­bil­le­ri bu ta­lap­la­ra do­ly de­re­je­de la­ýyk gel­ýär. Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýol­suz ýer­ler­den geç­ýän aw­tou­la­gy sy­nap gö­rüp, ýa­ryş­la­ryň saý­la­ma tap­gy­ry­na ba­dal­ga ber­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň do­lan­dyr­ýan sport aw­to­mo­bi­li, he­mi­şe bol­şy ýa­ly, bu ýol­da­ky te­bi­gy päs­gel­çi­lik­ler­den ýe­ňil­lik bi­len hem-de çalt geç­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aw­tou­la­gyň teh­ni­ki müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­la­nyp, ula­gy do­lan­dyr­ma­gyň ýo­ka­ry us­sat­ly­gy­ny gör­kez­di. Şu ýa­ryş­lar­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sport aw­tou­lag­la­ry­ny sü­rü­ji­le­riň ara­syn­da Ga­ra­gum säh­ra­sy şert­le­rin­de çyl­şy­rym­ly ýo­ly geç­mek­de iň go­wy wag­ty gör­kez­me­gi ba­şar­dy. Ýa­ryş­la­ryň gu­ra­ma­çy­lyk-teh­ni­ki üp­jün­çi­li­gi ba­bat­da hem-de ýur­du­my­zyň sport kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­mak, bu ul­gam­da hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek ba­bat­da ral­li­ni ge­çir­mek bo­ýun­ça ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li taý­ýar­lyk iş­le­ri şu ugur­da meş­hur bo­lan hü­när­men­ler, şeý­le çä­re­le­re gat­naş­mak­da öz­le­ri­ni iň go­wy ta­rap­dan gör­ke­zen kom­pa­ni­ýa­lar bi­len öza­ra hyz­mat­daş­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, öňü­miz­dä­ki ýa­ryş­la­ryň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri hem aýaw­ly sak­la­nyl­ýan hem-de ne­sil­den-nes­le ge­çi­ril­ýän baý ta­ry­hy-ru­hy we me­de­ni mi­ra­sy, tä­sin te­bi­ga­ty hem-de ägirt uly yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty bo­lan ýurt hök­mün­de Wa­ta­ny­my­zyň tä­ze keş­bi­ni bü­tin dün­ýä gör­kez­mek­den yba­rat­dyr. Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan giň möç­ber­li we ab­raý­ly ýa­ryş­la­ry ka­bul et­mä­ge ukyp­ly sport döw­le­ti­niň de­re­je­si­ne eýe bol­ýar. We­lo­si­ped, aw­to­mo­bil spor­tu­ny hem ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Her ýyl köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­riş­le­ri ge­çir­mek asyl­ly dä­be öw­rül­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy 3-nji iýu­ny “Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni” di­ýip yg­lan et­di. Dün­ýä­niň 56 ýur­dy Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gal­dyr­ýan bu çöz­gü­diň aw­tor­daş­la­ry bo­lup çy­kyş et­di. Mil­li Li­de­ri­miz ta­ra­pyn­dan “Be­ýik Ýü­pek ýo­ly” tas­la­ma­sy di­ňe bir sport çä­re­le­ri­niň uly tap­gy­ry hök­mün­de däl, eý­sem, ýur­du­my­zyň geç­mi­şi, şu gü­ni we gel­je­gi bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­da döw­le­ti­mi­ziň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­niň öz­bo­luş­ly gör­ke­zi­li­şi hök­mün­de hem öňe sü­rül­di. Şeý­le­lik­de, bu ýa­ryş­la­ryň çyl­şy­rym­ly ugur­la­ry öz içi­ne al­ýan bir­nä­çe tap­gyr­la­ry me­ýil­leş­di­ril­ýär. Mu­nuň özi Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň çyl­şy­rym­ly bö­lek­le­rin­den we Ha­zar deň­zi­niň ke­na­ryn­da­ky ak mer­mer­li Awa­za­nyň çäk­le­rin­de ta­mam­lan­ýan tap­gyr­lar­dan yba­rat­dyr. Ral­lä gat­na­şy­jy­lar Türk­me­nis­ta­nyň te­bi­gy gö­zel­lik­le­ri, gaý­ta­lan­ma­jak aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len tan­şar­lar we mil­li me­de­ni­ýe­tiň öz­bo­luş­ly ugur­la­ry­na, döw­rüň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ne göz ýe­ti­rer­ler. Amul­dan Ha­za­ra çen­li ug­ry öz içi­ne al­ýan hal­ka­ra aw­to­ral­li­niň gu­ral­ma­gy Türk­me­nis­ta­nyň se­bit we äh­lu­mu­my äh­mi­ýe­te eýe bo­lan hem-de döw­let­le­riň, halk­la­ryň ýa­kyn­laş­ma­gy­na, söw­da-yk­dy­sa­dy, yn­san­per­wer ugur­lar­da­ky äh­lu­mu­my ösü­şiň di­kel­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len ulag ul­ga­my ba­bat­da­ky baş­lan­gyç­la­ry­nyň iş­jeň hä­si­ýe­te eýe bol­ýan­dy­gy­nyň baş ny­şa­ny­na öw­rü­ler. Ýur­du­my­zyň ta­ry­hyn­da şeý­le ýa­ryş­la­ry gu­ra­mak bo­ýun­ça oňyn tej­ri­be top­la­nyl­dy. 2009-njy ýyl­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça “Ýü­pek ýo­ly” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si ge­çi­ril­di. Ol dost­luk­ly Rus­si­ýa­nyň we Ga­za­gys­ta­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň gol­da­wy­na my­na­syp bol­dy. Dün­ýä­niň 30-a go­laý döw­le­tin­den us­sat tür­gen­le­riň gat­naş­ma­gyn­da we üç ýur­duň çä­gin­den geç­ýän bu ug­ruň umu­my uzyn­ly­gy 4 müň 500 ki­lo­met­re ba­ra­bar bol­dy. Onuň ýa­ry­syn­dan gow­ra­gy Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­den geç­di. Şol dö­wür­den bä­ri “Ýü­pek ýo­ly” ral­li­si dün­ýä­niň bäs­le­şik me­ýil­na­ma­syn­da pug­ta orun eýe­le­di. In­di hal­ka­ra aw­to­mo­bil ýa­ryş­la­ry­nyň ter­tip­na­ma­sy­na baş­lan­ma­gy­na ba­ry-ýo­gy bir aý tö­we­re­gi wagt ga­lan “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­mo­bil ýa­ry­şy gi­ri­zil­di. Bu bäs­le­şik­ler me­de­ni­ýet­le­riň we halk­la­ryň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mek­de mö­hüm çä­re bo­lup hyz­mat eder. Çün­ki sport — mu­nuň özi hyz­mat­daş­lyk üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýan kö­pu­gur­ly dost­luk di­li bo­lup dur­ýar. Ga­dy­my dö­wür­de dür­li ýurt­la­ryň, se­bit­le­riň we me­de­ni­ýet­le­riň öza­ra gat­na­şy­gy­ny esas­lan­dy­ran Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ta­ry­hy ugur­la­ryn­dan ge­çi­ril­me­gi gel­jek­ki ýa­ryş­la­ryň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni äş­gär ed­ýär. Döw­le­tiň öza­ra dü­şü­niş­mek we hyz­mat­daş­lyk ug­ry bo­ýun­ça ynam­ly ga­dam ur­ma­gy­nyň halk­la­ryň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ril­ýän­di­gi­ni dün­ýä ta­ry­hy su­but et­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we adam­za­dyň nu­ra­na gel­je­gi üçin be­ýik jo­gap­kär­çi­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan sy­ýa­sa­tyn­da hut şeý­le çe­me­leş­me­ler öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Ýur­du­myz dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň ösen is­le­gi­ne ky­bap gel­ýän ne­ti­je­li tas­la­ma­la­ry öňe sür­ýär we aw­to­mo­bil, de­mir ýol, de­ňiz we ho­wa ýol­la­ry ýa­ly tä­ze hal­ka­ra ulag ugur­la­ry­nyň ke­ma­la ge­ti­ril­me­gi ba­bat­da de­giş­li baş­lan­gyç­lar bi­len çy­kyş ed­ýär. Şu­nuň ýa­ly giň möç­ber­li sport çä­re­si­ni ge­çir­mek baş­lan­gy­jy­ny öňe sür­mek bi­len, Türk­me­nis­tan pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji ýurt hök­mün­dä­ki or­nu­ny ýe­ne bir ýo­la tas­syk­la­dy. Türk­me­nis­ta­nyň dip­lo­ma­tik eda­ra­la­ry ta­ra­pyn­dan köp san­ly ýurt­lar­da ge­çi­ri­len “Amul — Ha­zar 2018” ral­li­si­niň ta­nyş­dy­ryş çä­re­le­rin­de hut şu ýö­rel­ge esa­sy orun eýe­le­di. Bu ýa­ryş­la­ra gat­naş­ma­ga is­leg bil­di­ren da­şa­ry ýurt­ly tür­gen­ler şu ýo­luň Ga­ra­gu­muň için­den geç­ýän­di­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär­ler. Bi­rin­ji­den, dün­ýä­niň iň uly çöl­le­ri­niň bi­ri bo­lan Ga­ra­gum “Da­kar” de­re­je­sin­dä­ki ral­li ýa­ryş­la­ryn­da mö­hüm orun eýe­le­ýär. Ikin­ji­den bol­sa, Ga­ra­gu­muň alaň­la­ry çyl­şy­rym­ly­lyk ba­bat­da has-da ýo­ka­ry de­re­jä eýe­dir. Ga­ra­gu­muň çä­ge­le­ri öz­bo­luş­ly bol­mak bi­len, gur­lu­şy, te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len çyl­şy­rym­ly tä­sir­le­ri özün­de jem­le­ýär. Ol is­len­dik pur­sat­da ga­ra­şyl­ma­dyk tä­sir­le­ri ýe­tir­mä­ge ukyp­ly­dyr. Ýa­ryş ma­ha­lyn­da kuw­wat­ly aw­tou­lag­la­ra erk ed­ýän tür­gen­ler te­bi­ga­tyň dür­li ýag­daý­la­ry bi­len ýüz­be-ýüz bo­lar­lar we adam­la­ryň te­bi­gat bi­len nä­de­re­je­de bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy­na göz ýe­ti­rer­ler. Üçün­ji­den bol­sa, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly, ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän aw­to­ral­li­niň esa­sy ug­ry bo­lan Ga­ra­gum säh­ra­sy te­bi­ga­tyň bu öz­bo­luş­ly kün­je­gi­ne dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ün­sü­ni çek­mek­de äh­mi­ýet­li­dir. Ol ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä te­bi­gy mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­mä­ge my­na­syp­dyr. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, Ga­ra­gum säh­ra­sy adam­lar ta­ra­pyn­dan öz­leş­di­ril­ýär. Bu iş­le­riň al­nyp bar­ly­şy eko­lo­gi­ýa işin­de nus­ga­lyk­dyr. Säh­ra­nyň mer­ke­zin­de “Al­tyn asyr” Türk­men kö­lü­niň dö­re­dil­me­gi mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Hä­zir­ki dö­wür­de Mer­ke­zi Ga­ra­gum te­bi­gy, zoo­lo­gi­ýa, bo­ta­ni­ka, ho­ja­lyk-eko­lo­gi­ýa bar­lag­la­ry ba­bat­da dün­ýä­de de­ňi-ta­ýy bol­ma­dyk Türk­me­nis­ta­nyň te­bi­gy aý­ra­tyn­ly­gy­dyr. Çöl te­bi­ga­ty­nyň üýt­gew­siz ýag­daý­da sak­la­nan te­kiz­lik­le­ri we ekoul­ga­my yl­my taý­dan öw­re­nil­mä­ge my­na­syp­dyr. ...Ýa­ryş­lar Ha­za­ryň ke­na­ryn­da jem­le­ner. Bu ýer­de hä­zir­ki dö­wür­de aja­ýyp şy­pa­ha­na top­lu­my­ny özün­de jem­le­ýän «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy ýer­leş­ýär. Şeý­le­lik­de, tür­gen­ler Türk­me­nis­ta­nyň gün­do­ga­ryn­dan gün­ba­ta­ry­na çen­li ara­ly­gy, Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ta­ry­hy ug­ru­ny ge­çer­ler. Olar, gö­ýä, geç­miş­den hä­zir­ki döw­re sy­ýa­hat eden ýa­ly bo­lar­lar. Hä­zir­ki dö­wür­de bu ugur bo­ýun­ça ze­rur çä­re­ler ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy, me­de­ni ul­gam­da me­ýil­leş­di­ri­len iş­ler, ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­la­ry taý­ýar­la­mak ýo­ka­ry de­re­je­de al­nyp ba­ryl­ýar. Ýa­ryş­la­ry gu­raý­jy­la­ryň yg­ty­ýa­ryn­da hä­zir­ki za­man teh­ni­ka­la­ry, di­ku­çar­lar we beý­le­ki ze­rur se­riş­de­ler bar. Şeý­le hem baş­ga-da köp san­ly çä­re­ler me­ýil­leş­di­ril­di. Da­şa­ry ýurt­lar­dan gel­ýän köp san­ly we­ki­li­ýet­le­ri de­giş­li de­re­je­de gar­şy­la­mak ýur­du­myz üçin uly hor­mat ha­sap­la­nyl­ýar. Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň uly üs­tün­lik­le­re bes­len­me­gi mu­nuň su­but­na­ma­sy­dyr. Bu ýa­ryş­lar meý­le­tin­çi­ler, teh­ni­ki iş­gär­ler we hyz­mat ul­ga­my­nyň to­par­la­ry­ny dö­ret­mek­de oňyn tej­ri­be top­la­mak hem-de “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ni ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­mak üçin äh­mi­ýet­li bol­dy. Bu çä­re­le­ri ge­çir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly gu­ra­ma­çy­lyk me­se­le­le­ri hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan ýur­du­my­zyň Içe­ri iş­ler hem-de Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­lik­le­ri­niň hem-de beý­le­ki dü­züm­le­riň üs­tü­ne ýük­le­nil­di. Sport bäs­le­şik­le­ri ba­ra­da aý­dy­lan­da bol­sa, gol çe­ki­len yla­la­şy­ga la­ýyk­lyk­da, onuň ne­ti­je­li bol­ma­gy­ny üp­jün et­mek Žan-Lui Şles­se­riň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky “Af­riсa Eсo Raсe” ma­ra­fo­ny­ny gu­raý­jy to­pa­ra yna­nyl­dy. “Turk­men De­sert Raсe” hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki “Amul — Ha­zar” ral­li­si Hal­ka­ra aw­to­mo­bil fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň (FIA) ün­sü­ni özü­ne çek­di. Bu ýö­ri­te­leş­di­ri­len to­par tas­la­ma­ny gel­jek­de dün­ýä de­re­je­li ug­ra goş­mak bo­ýun­ça uly müm­kin­çi­li­giň bar­dy­gy­ny bel­le­di. Hä­zir­ki dö­wür­de ýa­ry­şy gu­raý­jy­lar bäs­le­şik­le­riň örän çyl­şy­rym­ly, özü­ne çe­ki­ji hem-de dün­ýä­niň sport bi­le­le­şi­gi­niň ägirt uly gy­zyk­lan­ma­sy­na my­na­syp bol­jak­dy­gy­na pug­ta ynan­ýar­lar. Bu tas­la­ma­nyň de­re­je­si hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň onuň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi­ne gö­zeg­çi­lik et­me­gi, bu ug­ruň bir­nä­çe tap­gyr­la­ry­ny özü­niň ge­çip gör­me­gi bi­len has-da be­len­de gö­te­ril­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ug­ruň Le­bap we Ahal we­la­ýat­la­ry­nyň çä­gin­dä­ki tap­gyr­la­ry­ny ge­çip gör­di. Iýul aýyn­da Ha­za­ryň ke­na­ryn­da dynç alyş­da bo­lan döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ug­ruň Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň çä­gin­den geç­ýän jem­leý­ji tap­gy­ry­ny geç­di we ýo­ka­ry ne­ti­je gör­kez­di. Mil­li Li­de­ri­miz jem­leý­ji tap­gy­ry geç­mez­den öňür­ti köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri bi­len söh­bet­deş bol­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz žur­na­list­le­riň so­wal­la­ry­na jo­gap be­rip, Türk­me­nis­ta­nyň il­kin­ji no­bat­da “Açyk ga­py­lar” we eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Şu nuk­daý­na­zar­dan, “Amul — Ha­zar 2018” ral­li­si­niň ge­çi­ril­me­gi äh­li gör­nüş­li çä­re­ler, şol san­da aw­to­mo­bil spor­ty bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry ge­çir­mek bi­len eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy­ny no­bat­da­ky ge­zek tas­syk­la­dy. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän bu bäs­le­şi­giň eko-ral­li-reýd diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy mu­nuň su­but­na­ma­sy­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy we Ha­zar deň­zi­niň bio­dür­lü­li­gi­niň sak­la­nyl­ma­gy äh­mi­ýet­li me­se­le bo­lup dur­ýar. Mu­nuň özi şu hep­dä­niň ahy­ryn­da ge­çi­ril­jek Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň sam­mi­tin­de ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar. Ral­li­niň Ha­za­ryň ke­na­ryn­da jem­len­ýän­di­gi­ni bel­le­me­li. Aw­gust aýy­nyň üçün­ji on­gün­lü­gin­de şu ýer­de Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň du­şu­şy­gy ýa­ly mö­hüm hal­ka­ra çä­re ge­çi­ri­ler. Şeý­le­lik­de, “Amul — Ha­zar 2018” tas­la­ma­sy di­ňe bir bäs­le­şik bol­man, eý­sem, ol dur­mu­şyň dür­li ul­gam­la­ry­nyň we ýur­du­my­zyň äh­li hyz­mat­daş­lar bi­len ýo­la goý­ýan gat­na­şyk­la­ry­nyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len kö­pu­gur­ly, iri möç­ber­li çä­re­dir. Şu ýa­ryş­la­ryň köp san­ly myh­man­lar üçin ýat­da ga­ly­jy wa­ka­la­ra bes­len­jek­di­gi we ýur­du­my­zyň pa­ra­hat­çy­ly­gyň hem-de dost­lu­gyň baş şer­ti bo­lan spor­tuň or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga goş­ýan go­şan­dy­ny ala­mat­lan­dyrjak­dy­gy şüb­he­siz­dir.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow