Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar 27-nji Mart
Resmi
Resmi habarlar 27-nji Mart
Çap edildi 27.03.2015
2124

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek, Garaşsyz döwletimizde kitaphana işini häzirki zaman şertlerinde guramak, raýatlara edilýän kitaphana hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmek we ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly, bilimli bolmaklary üçin zerur şertleri döretmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 16-njy awgustynda çykaran 13171-nji kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine garamagyndaky welaýat, etrap we şäher merkezi kitaphanalarynda bitewi elektron kitaphana ulgamyny döretmek we onuň bilen bagly zerur enjamlary, serişdeleri, programma üpjünçilik önümlerini satyn almak, gurnamak hem-de merkezi kitaphanalaryň arasyndaky aragatnaşygy üpjün etmek, hünärmenleri ýörite taýýarlamak barada “Nokat kompýuter” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Işlere 2015-nji ýylyň aprel aýynda başlamak we bitewi elektron kitaphana ulgamyny 2016-njy ýylyň iýun aýynda işe girizmek bellenildi. *** “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzda kärhanalaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ulag ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy Gullugyň garamagyndaky Türkmen deňiz söwda floty müdirliginiň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine bellenen tertipde öwürmäge borçly edildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taganow Pälwan Gylyçdurdyýewiçe berk käýinç yglan edildi.

Soňky habarlar
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
27.09
Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27.09
​Watan goragçylary ýokary döwlet sylaglaryna we täze harby atlara mynasyp boldular
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
top-arrow