Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar 1-nji Aprel
Resmi
Resmi habarlar 1-nji Aprel
Çap edildi 01.04.2015
2175

Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň ýolbaşçylygynda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hindi toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda 1-nji derejeli ýurist Döwranmuhammet Aşyrmuhammedowiç Baýmuhammedow Lebap welaýatynyň harby prokurory wezipesine; ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Döwlet Akmuhammedowiç Täşliýew Aşgabat şäheriniň Arçabil etrabynyň prokurory wezipesine; ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Baýrambaý Ýagmyrow Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň prokurory wezipesine; 2-nji derejei ýurist Akmurat Rahmedowiç Ahmedow Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi. Ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Geldimyrat Baýramdurdyýewiç Amanow Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň prokurory wezipesine bellenip, ol Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy. Ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, ýustisiýanyň geňeşçisi Beki Berdiýewiç Bekiýew Balkan welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden; ýustisiýanyň geňeşçisi Merdan Hojageldiýewiç Gylyjow Mary welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden; ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Batyr Bekiýewiç Maşrykow Lebap welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden; ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Şöhrat Döwletowiç Şiriýew Daşoguz welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden; ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Setdarberdi Nurberdiýewiç Orazberdiýew Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

Soňky habarlar
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
27.09
Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27.09
​Watan goragçylary ýokary döwlet sylaglaryna we täze harby atlara mynasyp boldular
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
top-arrow