Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar 1-nji Maý
Resmi
Resmi habarlar 1-nji Maý
Çap edildi 01.05.2015
2092

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da kämilleşdirmek, raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklarynyň amala aşyrylmagy üçin giň mümkinçilikleri we şertleri döretmek, ilatymyzyň iş bilen üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmak hem-de ýurdumyzyň öndüriji güýçlerini ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy, şeýle hem şol Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Ministrliklere, pudak edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Meiýlnamada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. *** Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň suw hojalyk pudagynda alnyp barylýan özgertmeleri durmuşa geçirmek, suw üpjünçiligini has-da ýokarlandyrmak hem-de bu pudagyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrligine suw göterijileri, elektrik hereketlendirijileri, transformatorlary we olar üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn almak barada Eýran Yslam Respublikasynyň “Irak Tejaret Arian co.” Kompanýiasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ereşow Batyr Narkulyýewiçe käýinç yglan edildi.

Soňky habarlar
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
27.09
Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27.09
​Watan goragçylary ýokary döwlet sylaglaryna we täze harby atlara mynasyp boldular
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
top-arrow