Baş sahypa
\
Resmi
\
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde «Arkadag» Binasyny açmak hakynda
Resmi
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde «Arkadag» Binasyny açmak hakynda
Çap edildi 25.05.2015
2205

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň zähmetsöýer, agzybir halky Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ykdysady we medeni ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Türkmen halky ýurdumyzda alnyp barylýan parasatly içeri we daşary syýasaty, gazanylýan ajaýyp üstünlikleri, döwletimiziň halkara derejesinde eýe bolan belent abraý-mertebesini öz Gahryman Arkadagy, hakyky Howandary Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen aýrylmaz baglanyşdyrýar. Döwlet Baştutanynyň wezipesinde halkyň çuňňur söýgüsine we hormatyna mynasyp bolan Gahryman Arkadagymyz öňdengörüji syýasatçy, uly alym, ykdysadyýet, binagärlik, bilim, ylym, lukmançylyk, medeniýet, sungat we başga ugurlar boýunça hemmetaraplaýyn bilimlere eýe bolan, häzirki zamanyň ajaýyp döwlet we syýasy işgäri hökmünde Watana we halka hyzmat etmegiň ajaýyp göreldesini görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň gös-göni baştutanlyk etmeginde işlenip düzülýän maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň keşbini özgerdýän, onuň halkara abraýyny has belende göterýän düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna, BMG-niň düzümlerine yzygiderli saýlanylmagy, Gündogar‒Günbatar we Demirgazyk‒Günorta ulag geçirijileri, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, Türkmenistan‒Hytaý gaz geçirijisi, Türkmenistanyň öz Garaşsyzlygynyň taryhynda ilkinji milli emeli hemrasyny äleme uçuryp, kosmos ýurtlarynyň hataryna goşulmagy, gysga döwürde durmuşa geçirilen beýik özgertmeler Hormatly Prezidentimiziň köpugurly we tutumly işleri bilen berk baglanyşyklydyr. Onuň Türkmenistany ykdysady taýdan güýçli döwlete öwürmek baradaky tagallalaryna diňe bir öz ýurdumyzda däl, eýsem onuň çäklerinden daşarda-da mynasyp baha berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň Bitaraplyga, parahatçylyk söýüjilige we işjeň halkara hyzmatdaşlygyna esaslanýan daşary syýasaty ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary bilen özara bähbitli gatnaşyklaryny ösdürmäge, dünýäniň köp döwletleri bilen dürli ugurlarda deňhukukly we netijeli hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, döwletimiziň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga kuwwatly itergi berdi. Il ykbalynda uly we taryhy öwrülişikleriň amala aşyrylýan zamanynda, adatça jemgyýet görnükli şahsyýetleri öňe çykarýar. Şunuň bilen baglylykda, Hormatly Prezidentimiziň halkyň Arkadagy, Hak Hossary hökmünde öňe çykmagy we adynyň türkmeniň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Milli Liderimiz täze taryhy eýýamda döwletimiziň syýasy, hukuk esaslaryny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyryp hem-de olary kämilleşdirip, türkmen döwletini düýpli özgertmeler ýoly bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne ýetirdi, ýurdumyzy ykdysady, ruhy-medeni taýdan örän kuwwatly döwlete öwürdi, ata-babalarymyzyň özbaşdak, özygtyýarly döwleti berkarar etmek hakyndaky arzuwlaryny amala aşyryp, halkymyzyň şu günki we geljekki nesillerine binýady berkden tutulan, gülläp ösýän döwleti, bagtyýar durmuşy peşgeş berdi. Ýurdumyzyň köp sanly zähmetkeşlerinden, ýerli häkimiýet edaralaryndan, jemgyýetçilik birleşiklerinden, raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleriň esasynda, mermer paýtagtymyzyň görnükli ýerinde gurlan ajaýyp bina Watanyň ykbaly bilen aýrylmaz bagly bolan milli Liderine halkymyzyň çuňňur hormatynyň we belent sarpasynyň nyşanydyr. Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerini pugtalandyrmaga, eziz Watanymyzyň demokratik, hukuk hem-de dünýewi esaslaryny kämilleşdirmäge, syýasy, ykdysady, medeni-durmuş taýdan gülläp ösýän kuwwatly döwletleriň hataryna goşmaga, halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, dost-doganlygyň berkidilmegine, döwletimiziň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga goşan ägirt uly şahsy goşandy, Watanymyzyň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary üçin, Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly mynasybetli, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlaryndan gelip gowşan köp sanly teklipleri we haýyşlary göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Mejlisi k a r a r e d ý ä r : Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde «Arkadag» Binasyny açmaly. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Aşgabat şäheri. 2015-nji ýylyň 23-nji maýy. № 248-V.

Soňky habarlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
top-arrow