Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar 28-nji Maý
Resmi
Resmi habarlar 28-nji Maý
Çap edildi 28.05.2015
2269

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, olaryň oňat dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Lebap welaýatynyň häkimligine konsorsiumyň düzümine girýän «Ferhar» we «Kerwen Gurluşyk» hojalyk jemgyýetleri bilen Türkmenabat şäherindäki «Bitaraplyk» seýilgähiniň durkuny täzelemek barada şertnama, şeýle hem seýilgähiň çäginde restoranyň, dükanyň we garbanyşhananyň taslamalaryny düzmek we olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Işlere 2015-nji ýylyň maý aýynda başlamak hem-de seýilgähi 2015-nji ýylyň iýun a ýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. *** Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ykdysadyýetinde gazanylan üstünlikleri dünýä ýaýmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksportuny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde 2015-nji ýylyň 28-nji awgusty — 6-njy sentýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde geçirilýän 84-nji Halkara Izmir sergi-ýarmarkasyna Türkmenistanyň sergi ekspozisiýasynyň gatnaşmagyny üpjün etmek tabşyryldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna sergi-ýarmarkasyna gatnaşmak bilen bagly Türkiýe Respublikasynyň degişli edara görnüşli taraplary bilen zerur şertnamalary bellenen tertipde baglaşmaga ygtyýar berildi. *** Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ykdysadyýetinde we oba hojalygynda gazanylan üstünlikleri dünýä ýaýmak, daşary ýurtlar bilen gatnaşyklary has-da ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksportuny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde 2016-njy ýylyň 23-nji apreli — 30-njy oktýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilýän Bütindünýä botanika «EKSPO — 2016 Antalýa» sergisine Türkmenistanyň sergi ekspozisiýasynyň gatnaşmagyny üpjün etmek tabşyryldy we bu sergä gatnaşýan ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, häkimlikleriň we guramalaryň sanawy tassyklanyldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna Bütindünýä botanika «EKSPO — 2016 Antalýa» sergisine gatnaşmak bilen bagly şertnamalary bellenen tertipde baglaşmaga ygtyýar berildi. *** Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksinden gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek hem-de ýaşaýyş jaý gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, köp öýli ýaşaýyş jaýynda umumy emlägi ulanmagyň we saklamagyň Tertibi tassyklanyldy. *** «Elektrik energetikasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, elektrik we ýylylyk energiýasyndan peýdalanmagyň Kadalary, şeýle hem elektrik ulgamlarynyň goralmagyny üpjün etmegiň Kadalary tassyklanyldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin, 2015-nji ýylyň 29-njy maýynda Gazagystan Respublikasynyň Akmolinsk welaýatynyň Burabaý şäherçesinde gulluk iş saparynda bolar.

Soňky habarlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
top-arrow