Baş sahypa
\
Resmi
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY 28-nji Maýy
Resmi
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY 28-nji Maýy
Çap edildi 28.05.2015
2000

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Halyçylyk sungaty merdana halkymyzyň umumyadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna goşan deňsiz-taýsyz beýik goşandydyr. Türkmen gelin-gyzlarynyň irginsiz yhlasy, tutanýerli zähmeti bilen döreýän örän nepis halylar halkymyzyň müňýyllyklara uzap gidýän taryhynyň göllere çitilen beýanydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden ruhy gymmatlyklaryny aýap saklamak, geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda amala aşyrylýan işler dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi we milli buýsanjymyz bolan gadymy halyçylyk sungatynyň yzygiderli kämilleşdirilýändiginde has aýdyň ýüze çykýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, şan-şöhratyny has-da belende götermekde, hala çeper nagyşlar salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken tutanýerli we halal zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli, karar edýärin: Ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmaly: «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Miwegül Meredowa, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Baharly çeper halyçylyk kärhanasynyň haly ussahanasynyň halyçysy Jumadursun Weliýewna Mämmedowa, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň önümhana halyçysy Oguldurdy Orazdurdyýewna Ataýewa, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň önümhana halyçysy Baýrambibi Baýesenowa, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Köneürgenç önümhanasynyň halyçysy Araztäç Aşyrowna Şyhyýewa, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 1-nji önümhanasynyň halyçysy Kümüş Saparowa, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 2-nji önümhanasynyň halyçysy Hatyjagül Muhammetjumaýewa, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Mary haly önümhanasynyň halyçysy Enejan Babaýewna Durdyýewa. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow. Aşgabat şäheri, 2015-nji ýylyň 28-nji maýy.

Soňky habarlar
02.09
Gazanylan üstünlikler we zähmet ýeňişleri — Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Norwegiýanyň Patyşasyny gutlady
02.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY
02.09
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagyny geçdi
02.09
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
02.09
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdepleriniň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
01.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
01.09
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
01.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
top-arrow