Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewa aradan çykdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň halk artisti Maýa Kulyýewa aradan çykdy
Çap edildi 30.04.2018
3014

Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny, Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti, saz­ly sah­na­da aja­ýyp keşp­le­riň en­çe­me­si­ni dö­re­dip, hal­ky­my­zyň çyn ýü­rek­den söý­gü­si­ne, ab­ra­ýa hem-de hor­ma­ta my­na­syp ho­lan ar­tist, türk­men ope­ra­sy­nyň ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len aý­dym­çy­sy Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa 2018-nji ýy­lyň 27-nji ap­re­lin­de 98 ýa­şyn­da ara­dan çyk­dy. Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa­nyň ýü­re­gi we kal­by el­my­da­ma yl­ham joş­gu­ny­na, yh­la­sa we ýa­şaý­şa bo­lan söý­gä bes­le­nen­di. Türk­men ope­ra sun­ga­ty­nyň ke­ma­la ge­liş ta­ry­hy onuň ady bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Ol ge­çen asy­ryň 40-njy ýyl­la­ryn­da mil­li ope­ra sun­ga­ty­nyň ýyl­ ýaz­gy­sy­ny tä­ze sa­hy­pa­dan ýa­zyp baş­lan sun­gat iş­gä­rle­ri­niň ha­ta­ryn­da bo­lup­dy. Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa­nyň aja­ýyp se­si, ar­tist­lik ze­hi­ni, dra­ma uky­by aý­dym­çy ze­na­na uly meş­hur­lyk ge­tir­di. Ol öz aý­dym­la­ry bi­len dün­ýä ýü­zü­ne aý­la­nyp, türk­men aý­dym-saz sun­ga­ty bi­len ta­nyş­dyr­dy. Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa 1920-nji ýy­lyň 1-nji ma­ýyn­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Büz­me­ýin et­ra­byn­da ene­den do­gul­dy. 1938 — 1941-nji ýyl­lar­da Mosk­wa­nyň P.I.Çaý­kows­kiý adyn­da­ky döw­let kon­ser­wa­to­ri­ýa­syn­da okap, ope­ra teat­ry­nyň aý­dym­çy­sy hü­nä­ri­ni ele al­dy. Ol zäh­met ýo­lu­na 1941-nji ýyl­da Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let aka­de­mi­ki ope­ra we ba­let teat­ry­nyň ikin­ji de­re­je­li ar­tis­ti bo­lup baş­la­dy. 1945 — 1992-nji ýyl­lar­da şol teat­ryň ýo­ka­ry de­re­je­li ope­ra so­lis­ti, 1992 — 2001-nji ýyl­lar­da baş re­žiss­ýo­ry, oýun go­ýu­jy re­žiss­ýo­ry, 2010-njy ýyl­dan bä­ri Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky mil­li saz­ly dra­ma teat­ry­nyň sah­na us­sa­dy de­re­je­si bo­ýun­ça dra­ma ar­tis­ti we­zi­pe­le­rin­de iş­le­di. Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa­nyň ady we bi­ti­ren hyz­mat­la­ry bi­ziň hal­ky­my­zyň ha­ky­da­syn­da he­mi­şe­lik ga­lar. Türk­me­niň saý­rak bil­bi­li Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa 1943-nji ýyl­da «Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ar­tis­ti», 1952-nji ýyl­da «Türk­me­nis­ta­nyň halk ar­tis­ti» di­ýen hor­mat­ly at­la­ra, 1955-nji ýyl­da «SSSR-iň halk ar­tis­ti» di­ýen hor­mat­ly ada eýe bol­dy. Wa­tan öňün­de bi­ti­ren hyz­mat­la­ry, us­sat­ly­gy, türk­men sun­ga­ty­nyň ösü­şi­ne go­şan ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak go­şan­dy üçin, Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa 2009-njy ýyl­da «Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny» di­ýen be­lent at da­kyl­dy hem-de «Al­tyn Aý» al­tyn me­da­ly gow­şu­ryl­dy. Ol «Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 20 ýyl­ly­gy­na», «Ga­raş­syz, Ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan», «Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 25 ýyl­ly­gy­na» ýu­bi­leý me­dal­la­ry, şeý­le hem «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» me­da­ly bi­len sy­lag­lan­dy. 2007-nji ýyl­da Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa ýaş sun­gat iş­gär­le­ri­ni ýe­tiş­dir­mek bo­ýun­ça ha­ly­pa­lyk işi hem-de köp ýyl­lap çe­ken dö­re­di­ji­lik­li we ak ýü­rek­li zäh­me­ti üçin Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň «Türk­me­niň Al­tyn asy­ry» at­ly bäs­le­şi­gi­niň ýeňiji­si bol­dy. Wa­ta­nyň we­pa­ly gy­zy, Türk­me­nis­ta­nyň Gah­ry­ma­ny Ma­ýa Ku­ly­ýe­wa ha­kyn­da­ky ýag­şy ýat­la­ma­lar bi­ziň kal­by­myz­da ebe­di­lik ýa­şar. Mer­hu­myň ja­ýy jen­net bol­sun, Al­la­ta­ga­la oňa iman baý­ly­gy­ny ber­sin. Gurbanguly Berdimuhamedow, G.Mäm­me­do­wa, B.Ab­dy­ýe­wa, P.Aga­my­ra­dow, D.Aman­gel­di­ýew, M.Ça­ky­ýew, Ç.Gy­ly­jow, K.Dur­dy­my­ra­dow, R.Me­re­dow, M.Me­re­dow, G.My­ra­dow, E.Oraz­gel­di­ýew.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow