Baş sahypa
\
Resmi
\
Resmi habarlar 20-nji Iýul
Resmi
Resmi habarlar 20-nji Iýul
Çap edildi 20.07.2015
1910

Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminamada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli asyrlara barabar tutumly işler amala aşyrylýar. Mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan syýasy, ykdysady we medeni özgertmeler eziz Diýarymyzy ösüşleriň täze, has ýokary sepgitlerine çykarýar diýlip bellenilýär. Ata Watanymyzda saglygy goraýyş ulgamy hem ýokary depginler bilen ösýär. Saglygy goraýyş ulgamynyň ylmy we hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, keselleriň öňüni almak, saglygy goraýyşda gazanylan öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Hemmetaraplaýyn ösýän we özgerýän Diýarymyzda «Saglyk» döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ilatyň saglygyny berkitmek we goramak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Häzirki döwürde iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap saglyk merkezleriniň, hassahanalaryň, şypahanalaryň, saglyk öýleriniň, derman serişdelerini öndürýän kärhanalaryň giň gerim bilen gurulmagy, dünýä lukmançylygyndaky iň oňat tejribeleriň özleşdirilmegi we baýlaşdyrylmagy netijesinde, saglygy goraýyş ulgamy döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşinde möhüm ähmiýete eýe boldy. Ýurdumyzda saglygy goraýşy ösdürmekde, ony dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine çykarmakda amala aşyrylýan tutumly işler halkara derejesinde ykrar edilip, Garaşsyz döwletimiz köp sanly güwänamalara mynasyp boldy. Gazanylan bu üstünliklerde saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň uly goşandy bar. Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde, ösüp gelýän ýaş nesillerimize döwrebap bilim bermekde hem-de ýaşlarymyzy ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak we wepalylyk ruhunda terbiýelemekde, döwlet we jemgyýetçilik işinde uly zähmet üstünliklerini gazanandyklary, keselleriň öňüni alyş, anyklaýyş hem-de olary bejermegiň netijeli usullaryny saglygy saklaýşyň tejribesine ornaşdyrandyklary, ilatyň saglygyny goramaga önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly zähmetini, ýokary hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni hem-de «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli, saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň bir topary döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy we olara hormatly atlar dakyldy. Perman dolulygyna metbugatda çap edilýär. *** Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminamada Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramak, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmek, dünýä tejribeleriniň esasynda yzygiderli ösdürmek hem-de «Saglyk» döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek ugrunda uly işler amala aşyryldy diýlip nygtalýar. Taryh üçin uzak bolmadyk döwürde saglygy goraýyş hyzmatlaryny guramakda gazanylan üstünlikler, ilatymyzyň sagdyn hem-de bagtyýar durmuşyny üpjün etmek babatynda döwletimiziň ýeten belent sepgitleri bütin dünýäde ykrar edilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda dünýäniň ösen döwletleri hem-de abraýly halkara guramalary, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny dünýä ýaýmaga, ýurdumyzyň halkara abraýyny pugtalandyrmaga goşan şahsy goşantlary, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde bitiren hyzmatlary üçin hem-de Türkmenistan bilen beýleki döwletleriň we halkara guramalarynyň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde gazanan uly üstünliklerini nazara alyp, şeýle hem Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni hem-de «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygy mynasybetli, daşary ýurtly saglygy goraýyş işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglandy. Perman dolulygyna metbugatda çap edilýär.

Soňky habarlar
21.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
21.04
Watanymyzyň rowaçlygy we giň halkara hyzmatdaşlyk — döwlet syýasatynyň baş maksady
21.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň barşy we taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy
20.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
20.04
Ylmy barlaglaryň täze gözýetimleri
20.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 74 müň dollaryndan gowrak boldy
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow