Baş sahypa
\
\
Lebap welaýatynda Halkara howa menzili ulanmaga tabşyrylar we de “Amul–Hazar 2018” awtorallisine bedalda beriler
Lebap welaýatynda Halkara howa menzili ulanmaga tabşyrylar we de “Amul–Hazar 2018” awtorallisine bedalda beriler
Çap edildi 16.02.2018
4614

26-njy fewralda Lebap welaýatynda Halkara howa menziliniň dabaraly açylyşy bolar we “Amul–Hazar 2018” awtorallisine, welosiped we ylgaw ýaryşlaryna badalga berler. Türkmenistanyň hökümet mejlisinde bu çärelere taýýarlyk görülişiniň barşyna garaldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy fewralda Lebap welaýatynda boljak çäreleriň ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýetli özgerişliklere öwrüljekdigini belledi. Türkmenabatda Halkara howa menziliniň ulanmaga berilmegi ulag gatnawlaryny görnetin giňeltmäge, tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Gündogar sebitimiziň mundan beýläk-de depginli ösmegini şertlendirer, bu bolsa senagatyň ösmegini üpjün etmäge hem-de Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge mümkinçilik berer. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Ýüpek ýolunyň mirasyny hem-de onuň bilen baglanyşykly bolan milli taryhy-medeni gymmatlygy giňden wagyz etmäge bagyşlanylan işleriň ähmiýetini nygtady. Özünde sagdynlyk we medeni çäreleri birleşdirýän işler jemgyýetde işjeň sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagyna, ülkäniň öwrenilmegini höweslendirmäge, Watanymyzyň taryhyna gyzyklanmanyň artmagyna täsir eder diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini, sportuň, şol sanda köpçülikleýin sportuň ösüşini goldamak boýunça syýasaty oňat netijelerini berýär. Halkara ýaryşlarynda türgenlerimiziň yzygiderli gazanýan medallary we baýraklary bu aýdylanlaryň subutnamasydyr. V Aziýa oýunlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Şonda türkmen türgenleri umumytoparlaýyn birinji orny eýelediler. Ýakyn günlerde badalga beriljek welosport we ýeňil atletika boýunça ýaryşlar, halkara awtoralli, agyr atletika boýunça dünýä çempionaty hem ýurdumyzyň durmuşynyň ähmiýetli wakalaryna öwrüler. Olaryň ählisi ýurdumyzda sportuň şu görnüşleriniň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer.

Soňky habarlar
28.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisi geçirildi
28.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XVI mejlisindäki çykyşy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
28.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
28.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
28.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda
28.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalary
28.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
28.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
top-arrow