03.12
2016
Aşgabat, 3-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň pagta önümleriniň VI Halkara sergi-ýarmarkasy hem-de “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahaty öz işine başlady. Ony ýurdumyzyň Oba we suw hojalyk ministrligi, Döwlet haryt-çig mal biržasy we Söwda-senagat edarasy bilelikde gurady.
03.12
2016
Şu gün Aşgabatda geçirilen Halkara sergi-ýarmarkasynda pagta önümlerini satmak boýunça umumy bahasy 30 million 321 müň dollara barabar bolan şertnamalar baglaşyldy. Şertnamalary Şweýsariýanyň “Paul Reinhart AG”, “Carvon Commodities LTD”, “Rezana Trading C.A.”, Türkiýäniň “Calik Cotton”, Singapuryň “Olam International LTD” we beýleki kompaniýalar baglaşdylar.
03.12
2016
Şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bina edilen iri Halkara howa menziliniň gurlup ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň geografiki taýdan amatly ýerleşmegini nazara almak bilen, sebitara we halkara ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgesi hökmünde daşary ýurtlaryň köpçüliklýin habar beriş serişdeleriniň ýokary gyzyklanmalaryny şertlendirýär.
03.12
2016
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.
01.12
2016
Aşgabat, 1-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda German ykdysadyýetiniň Türkmenistandaky günleri geçirildi.
30.11
2016
Şu günler Türkmenistanda daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köpsanly wekilleri boldular. Olar daşary ýurtly beýleki myhmanlar bilen bir hatarda, diňe bir biziň ýurdumyz üçin ýa-da sebit üçin möhüm bolman, eýsem, tutuş dünýäde möhüm ähmiýete eýe bolan wakalaryň şaýady boldular. Olaryň biri Azerbaýjanyň “Trend” Halkara habarlary agentliginiň baş direktorynyň halkara meseleleri boýunça orunbasary Ilçin Guseýnow Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren gürrüňinde hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýan bu wakalaryň ähmiýeti barada öz pikirini aýtdy.
20.11
2016
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.
16.11
2016
Aşgabat, 16-njy noýabr /TDH/. Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň 47-nji mejlisi işini dowam etdi. Mejlise Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri gatnaşýarlar.
12.11
2016
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.
09.11
2016
Awaza, 9-njy noýabr (TDH). Şu gün ""Awaza"" milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde VIII Halkara maýa goýum forumy öz işine başlady. Oňa ýurdumyzyň döwlet we hususy düzümlerine, şeýle hem dünýäniň 20-ä golaý ýurdunyň abraýly maliýe guramalaryna we kompaniýalaryna degişli wekiller gatnaşýarlar.