Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary DES-de täze taslamanyň ekologiýa we eksport atykmaçlyklaryna baha berdi
Ykdysadyýet
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary DES-de täze taslamanyň ekologiýa we eksport atykmaçlyklaryna baha berdi
Çap edildi 19.01.2017
1973

Mary welaýatyna iş saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow utgaşykly dolanyşykda işleýän gazbugturbinaly elektrostansiýanyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Kuwwatlylygy 1574 MWt bolan elektrostansiýa “Türkmenenergo” Döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň buýurmasy boýunça Mary DES-niň çäklerinde bina edilýär. Bir ýylda 12,6 milliard kWt/sagat elektrik energiýasyny çykarmaga niýetlenilen utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrostansiýa ýangyç hökmünde diňe bir tebigy gazy däl, eýsem bugy hem peýdalanar. Topluma gaz turbinalaryň dördüsi, galyndylary gaýtadan işleýän gazanlar, bug turbinalarynyň ikisi hem-de beýleki tehnologik desgalar girýär. Ýangyjyň ýanmagynyň netijesinde döreýän gazlar esasy gaz turbinany herekete getirýär, soňra bolsa galyndylary gaýtadan işleýän gazanda suwy buga öwürýär, ol bolsa bug turbinany hem-de onuň bilen bagly bolan toguň generatoryny herekete getirýär. Şeýlelik bilen, elektroenergiýanyň goşmaça möçberi öndürilýär. Eger adaty elektro stansiýanyň peýdaly hereketiniň görkezijisi (PHG) ortaça 34,2 göterim bolsa, onda utgaşykly dolanyşykda ol bir ýarym esseden gowrak artyp, 57 göterime golaý bolaýr, tebigy gazyň sarp edilişi görnetin azalýar. Gazbugturbinaly elektrostansiýalar ykdysady we ekologiýa babatda özüne çekijidir, çünki ýanan önümleriň – kömürturşy gazyň howa bölünip çykmasynyň möçberi 2-3 esse peselýär. Hormatly Prezidentimiz önümçiligiň ekologiýalylygyny we galyndysyzlygyny ýurtda barha artýan energiýa sarp edijiligini üpjün etmäge, elektrik energiýanyň eksportuny artdyrmaga mümkinçilik berjek bu taslamanyň esasy artykmaçlyklarynyň hatarynda belledi. Potratçy bolan «Çalyk Enerji» türk kompaniýasy işlerine 2015-nji ýylyň iýulynda girişdi. Taslamanyň gurluşygyny 2018-nji ýylyň dekabrynda tamamlamak maksat edinilýär. Taslamanyň durmuşa geçirilmegine Amerikanyň «General Electric» kompaniýasy hem gatnaşýar. Bu desganyň ulanmaga berilmegi bilen ýurdumyzyň elektronergetika pudagynyň ägirt kärhanasy bolan Mary DES-iň umumy kuwwaty iki esse ýokarlanar. Onuň düzüminde 30-40 ýyl mundan ozal herekete girizilen energiýa toplumlarynyň 7-si bar. 2014-nji ýylda 149,2 megawatt kuwwatlylygy bolan gazturbina elektrik stansiýasy ulanmaga tabşyryldy. Munuň özi DES-iň umumy kuwwatlylygyny 1500 megawatta çenli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Marynyň DES-dan başga-da, Aşgabatda, Ahalda, Balkanabatda, Lebapda, Daşoguzda we «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda elektrik stansiýalaryň birnäçesi işleýär. Elektrik stansiýalary döwrebaplaşdyrmak we gurmak boýunça taslamalar ýerine ýetirilýär, täze elektrik geçirijiler çekilýär, paýtagtymyzyň, beýleki ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik ulgamy täzelenilýär. Ornaşdyrylýan innowasiýalar, elektrik stansiýalar üçin häzirki günde ýangyjyň iň netijeli hem-de ekologiýa taýdan howpsuz görnüşleriniň biri bolan ýurdumyzyň ýerastyndaky tebigy gazynyň ägirt uly gorlary ykdysadyýetiň strategik ulgamynyň öňünde durýan wezipeleriň çözülmegine ýardam berýär. Zyýanly gazlaryň bölünip çykmasyny azaltmak boýunça tagallalary goldap, Türkmenistan yzygiderli ýagdaýda «ýaşyl ykdysadyýete», nebitgaz, energetika, ulag we beýleki pudaklarda ekologiýa taýdan howpsuz hem-de energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary peýdalanmaga geçýär.

Soňky habarlar
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
top-arrow