Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
Ykdysadyýet
06.05 2017
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.
05.05 2017
11-nji maýda Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň 7-nji mejlisi geçiriler, onda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
05.05 2017
Hazarýaka sebitinde ýerleşen Uzynada meýdanynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň hünärmenleri ýurdumyzda ilkinji gezek çuňlygy 7 müň 150 metre deň bolan guýunyň buraw işlerini tamamladylar. Geçirilen geofiziki barlaglaryň netijesinde, bu guýuda 6689-6695 metr aralyk özleşdirilende gazyň senagat akymy alyndy.
05.05 2017
Awaza"" milli syýahatçylyk zolagynda Ulag we logistika boýunça halkara maslahaty öz işini tamamlady. Maslahatyň gün tertibine sebit we ählumumy möçberde ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň höweslendirilmegine hem-de ösdürilmegine degişli meseleleriň giň toplumy girizildi. Demir ýol ulaglary düzümlerini ösdürmek hem-de bu möhüm ugurda hyzmatdaşlygyň meseleleri “Berkarar” myhmanhanasynda geçirilen bölüm mejlislerinde ara alnyp maslahatlaşyldy.
04.05 2017
Maslahatyň işine ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýokary wezipeli işgärleri, Ýewropa, Aziýa we Amerika ýurtlarynyň onlarçasyndan maýadarlar, halkara guramalarynyň, bank düzümleriniň, ulag, logistika we beýleki kompaniýalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.
04.05 2017
Aşgabatda geçirilen türkmen-palestina işewürler maslahatynda hyzmatdaşlygyň häzirki mümkinçilikleri we geljekki ösüş ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Işewür duşuşyga Palestina döwletiniň daşary işler ministriniň orunbasary Mazen Şamiýanyň ýolbaşçylygynda paýtagtymyza gelen wekiliýetiň agzalary gatnaşdylar.
04.05 2017
Oba senagat toplumyny okgunly ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny hem-de eksport kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerini döwlet tarapyndan goldamak boýunça geçirilýän netijeli çäreler bu ulgamdaky öňde duran wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam edýär.
02.05 2017
Aşgabatda Öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň däp boýunça geçirýän nobatdaky ýöriteleşdirilen ykdysady gözden geçirilişi ýurdumyzyň we daşary döwletleriň öý hojalyk harytlaryny öndürijileriň ýeten derejelerini, şeýle hem bu ugurdaky täze işläp taýýarlamalary we meýilleri görkezmäge gönükdirilendir.
29.04 2017
Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gonkongdan, Owganystandan, Gazagystandan, Täjigistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar we yşyklandyryjy kerosini, awtobenzini, suwuklandyrylan gazy, polipropileni, binýatlyk ýagy, dizel ýangyjyny, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjy, nebit koksy, az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar. Owganystanly işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzine isleg bildirdiler. Mundan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, BAE-den, Türkiýeden, Owganystandan we Ukrainadan gelen işewürler daşary ýurt puluna nah ýüplügi, aşgarlanmadyk flanel matasyny, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriň giň görnüşini, azyklyk bugdaýy, buýan köküni satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 157 million 427 müň dollaryndan gowrak boldy.
26.04 2017
Döwlet daşary ykdysady iş bankynda Katar döwletiniň öňdebaryjylarynyň biri bolan “Al Qamra Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Hamad Saleh Al Kamranyň ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyza gelen Dohaşäheriniň wekilçilikli toparynyň agzalary üçin Türkmenistanda amala aşyrylýan milli we halkara ähmiýetli iri maýa goýum taslamalarynyň tanyşdyrylyşy boldy.
148 sahypa
Soňky habarlar
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry