Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
“Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy-2017” atly köpugurly sergi öz işini tamamlady
Ykdysadyýet
“Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy-2017” atly köpugurly sergi öz işini tamamlady
Çap edildi 21.06.2017
2070

Şu gün paýtagtymyzda Söwda-senagat edarasynyň guramagynda geçirilýän “Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy-2017” atly köpugurly sergi öz işini tamamlady. Sergide ýurdumyzyň we daşary döwletleriň 80-den gowrak kompaniýalar döwlet we hususy kärhanalary öz tekliplerini, netijeli işläp taýýarlamalaryny, täzeçil usullaryny, toplumlaýyn çözgütlerini hem-de hyzmatlaryny görkezdiler. Olaryň köpüsiniň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýan, ykdysadyýetiň pudaklaryny senagatlaşdyrmak boýunça giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan önüm öndürijiler we işläp taýýarlaýjylardygyny bellemeli. Halkara sergi geljegi uly türkmen bazary bilen öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň işjeň gyzyklanýandyklaryny has aýdyňlygy bilen äşgär etdi. Olar ýurdumyzyň önüm öndürijilerine halk hojalyk toplumynyň dürli ugurlary boýunça iň täze enjamlary we häzirki zaman tehnologiýalaryny teklip edýärler. Türkmenistanyň degişli pudaklaýyn edaralarynyň, guramalarynyň we kärhanalarynyň bölümleri daşary ýurtly hünärmenleriň ünsüni özüne çekdi. Ýurdumyzyň önümçiliginde eksport ulgamyna möhüm üns berildi. Munuň özi pagta ýüplüginden, trikotaž we jinsi matalaryndan, taýýar önümleriň birnäçe görnüşlerinden we beýleki önümlerden ybaratdyr. Bu harytlar türkmen bazarynda ykrar edilen bolmak bilen, serginiň işiniň dowamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlyryň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Hazaryň kenarynda halkara derejeli ""Awaza"" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça iri taslamanyň durmuşa geçirilmegi hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar. Myhmanlaryň pikirine görä, Türkmenistanyň sebitiň we dünýäniň iri syýahatçylyk merkezine öwrülmegi babatda ähli zerur şertleri bar. Sport ulgamyny we degişli pudagyň gazananlaryny görkezýän bölümleriň ýany hem köp adamly boldy. Serginiň bu bölüminde milli sport federasiýalarynyň, sport ähmiýetli önüm öndürijileriň we işläp taýýarlaýjylaryň gymmatlyklary görkezildi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk bölümiň özenini düzdi. Daşary ýurtlaryň belli önüm öndüriji kompaniýalarynyň täze maglumat tehnologiýalary, häzirki döwürde ýurdumyzda giňden ulanylýan iň häzirki zaman enjamlaryň dürli görnüşleri milli hünärmenleriň gyzyklanmalaryna eýe boldy. Tejribe alyşmalary üpjün eden halkara gözden geçirilişi geljegi uly işläp taýýarlamalary, taslamalary, teklipleri tanyşdyrmak üçin işewür binýada öwrüldi. Ol daşary ýurtly myhmanlar üçin bolsa ýurdumyzyň halk hojalygy toplumynyň ýeten derejesi bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow