26.05
2017
Türkmenistanyň dokma senagatynyň işgärleri öz hünär baýramyny – dokma senagaty işgärleriniň gününi iýun aýynyň birinji ýekşenbesinde bellärler.
25.05
2017
“Mizan” işewürler merkezinde Türkmen-belarus işewürler forumy geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň uly wekiliýeti türkmen paýtagtyna geldi. Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Söwda-senagat edaralary tarapyndan yzygiderli guralýan forum ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin möhüm ähmiýetli gepleşikler meýdançasy hökmünde özüni görkezdi.
23.05
2017
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda VIII Halkara gaz kongresi (TGC - 2017) hem-de oňa gabatlanyp guralýan halkara sergisi öz işine başlady. Bu iri ýöriteleşdirilen forumy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni we Söwda-senagat edarasy gurady.
20.05
2017
Şu hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 57-si hasaba alyndy.
13.05
2017
Daşary ýurt puluna Türkiýeden we Yrakdan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar.
12.05
2017
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2017-nji ýylyň dört aýynda ýurduň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,2 göterime, şol sanda senagat pudagynda 2,1 göterime, gurluşykda 4,3 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,8 göterime, söwdada 10 göterime, oba hojalygynda 3,5 göterime, hyzmatlar ulgamynda 10,7 göterime barabar boldy.
11.05
2017
Türkmenistanyň Senagat ministrligi Kelete sement zawodynyň binýadynda ýyllyk kuwwaty 300-600 müň tonna semende barabar bolan ölümçilik ulgamynyň gurluşygy boýunça halkara maýa goýum bäsleşigini ylgan etdi.
11.05
2017
Şu gün Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine iki dostlukly ýurduň arasynda söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň meseleleri girizildi.
10.05
2017
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň ýöriteleşdirilen hojalyklarynda şaly ekmek üçin bölünip berlen sekiz müň gektaryň dörden bir böleginden gowragynda ekiş geçirildi.
07.05
2017
Ozal habar berlişi ýaly, 5-nji maýda geçirilen hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew galla oragyna taýýarlygyň derejesi barada hasabat berdi. Şu gezekki möwsümde “John Deere W-540” galla orujy kombaýnlar işlediler. Olaryň birinji tapgyry, ýagny 50-ä golaýy Türkmenistana gelip gowuşdy.