Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisine gatnaşyjylara öz gutlagyny iberdi
Ykdysadyýet
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisine gatnaşyjylara öz gutlagyny iberdi
Çap edildi 04.07.2017
2206

Şu gün paýtagtymyzda Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisi öz işine başlaýar. Hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylara öz gutlagyny iberdi. Ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän bu sergi türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiliklerini hem-de taraplaryň söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändigini aýdyň görkezýär. Türkmenistan ähli ugurlar boýunça özgertmeleri amala aşyrmak, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, uly möçberli maýa goýumlaryny özleşdirmek arkaly önümçilik düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, ýurduň ykdysady kuwwatyny, eksport mümkinçiliklerini ynamly artdyrmak strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Munuň özi, geljegi uly bolan türkmen bazarynda mynasyp orun eýelemäge çalyşýan daşary ýurtly hyzmatdaşlarda uly gyzyklanma döredýär. Hytaý Halk Respublikasynyň harytlarynyň köpugurly sergisi hem dostlukly ýurduň ägirt uly ylmy we senagat mümkinçiliklerini äşgär etmek bilen birlikde, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň, işewür toparlarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegine we giňeldilmegine uly ýardam berer – diýip, gutlagda bellenýär. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde, harytlaryň eksportuny artdyrmakda, hytaý kompaniýalary hem-de maýadarlary bilen işewür hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde, daşary ýurt maýa goýumlaryny milli ykdysadyýetimize giňden çekmekde bu serginiň ähmiýeti örän uludyr. Serginiň geçýän günleri Hytaý Halk Respublikasyna wekilçilik edýän kompaniýalar özleriniň senagat we eksport mümkinçliklerini görkezerler. Gutlagyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmenistanly we hytaýly hünärmenleriň hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça taslamalary dowam etdirmekde hem bu serginiň uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynanýandygyny nygtady.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow