01.11
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna boljak resmi sapary mynasybetli Duşenbe şäherinde türkmen-täjik işewürler maslahaty geçirildi.
29.10
2017
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.
25.10
2017
Şu ýylyň şu ýylyň 1-nji noýabrynda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 24 ýyllygyna bagyşlanyp ylmy-amaly maslahat geçiriler.
23.10
2017
Bereket demir ýol menzilinde Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunda gatnawlary işjeňleşdirmek boýunça çäreleriň toplumynyň çäklerinde gurlan täze lokomotiw deposy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi.
21.10
2017
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 51-si hasaba alyndy.
20.10
2017
Ýakynda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda kabul edilen “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, senagat taýdan ösen ykdysadyýeti döretmek maksadynda ileri tutulýan milli ugurlary üpjün etmek, ylmy-tehniki işleri ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdiriler.
19.10
2017
Ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ýygym möwsümi şanly sepgide ýetdi. Ýurdumyzyň taýýarlaýyş bölümlerine “ak altynyň” 1 million tonnadan gowragy tabşyryldy.
14.10
2017
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.
13.10
2017
Şu gün bu ýerde Hazarýaka döwletleriniň deňiz portlarynyň düzümleriniň ýolbaşçylarynyň 8-nji mejlisi öz işine başlady. Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekilleri iki günüň dowamynda gämi gatnawy, deňiz ýük gatnawlary, howpsuzlygy üpjün etmek, port düzümlerini ösdürmek, logistik maglumatlary alyşmak, Hazaryň deňiz gurşawyny goramak bilen baglanşykly hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşýarlar.
12.10
2017
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanan sergisi açyldy. Däp boýunça Watanymyzyň naýbaşy baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän ykdysady gözden geçiriliş milli ykdysadyýetimiziň ajaýyp üstünliklerini aýdyň görkezýän ýylyň özboluşly hasabatyna öwrüldi.