11.10
2017
Paýtagtymyzda “Innowasiýalar, täze tehnologiýalary we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly I Türkmen-hytaý ylmy—innowasiýa forumy açyldy. Ol Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehniki ministrligi tarapyndan guraldy.
08.10
2017
Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, BAE-den, Şweýsariýa Konfederasiýasyndan, Singapurdan, Türkiýe Respublikasyndan, Owganystan Yslam Respublikasyndan we beýleki döwletlerden gelen işewürlere daşary ýurt walýutasyna bugdaý uny, dürli görnüşli boýalan tüýjümek önümler, nah ýüplük, pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 19 million 654 müň dollaryndan gowrak boldy.
05.10
2017
Türkmenistanyň ernergetika pudagynyň işgärleri geçen 9 aýyň dowamynda meýilnama boýunça işleri artygy bilen ýerine ýetirdiler.
05.10
2017
Nebit we gaz pudagyndan Türkmenistanda täze we geljegi uly ýataklaryň orny kesgitlenilýär. Bu meselä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen 9 aýynyň jemlerinde seredildi.
05.10
2017
Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan 2017-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 36,3 göterim önüm köp öndürildi. Şunda, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişi 953,9 million manat artdy we ol 42,6 göterim ýokarlandy.
05.10
2017
Türkmenistanda 2017-nji ýylyň dokuz ýynda ýylyň başyndan bäri bahasy 4,5 milliard dollardan gowrak bolan desgalar bina edildi. Bu barada Hökümetde gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy pudaklaryna gözegçilik edýän wise-premýer D.Amangeldiýew habar berdi.
05.10
2017
Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna laýyklykda 2017-nji ýylyň dokuz aýynda pudaklaryň köpüsinde öndürilýän önümleriň möçberleri yzygiderli aptdy.
30.09
2017
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.
29.09
2017
Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministrligi ýük göterijiligi 20 tonna bolan “KAMAZ-6520” kysymly awtoulaglaryň 250 –sini satyn almagy meýilleşdirilýär. Degişli kararyň taslamasyny taýýarlamak barada mejlisde wise-premýer B.Annameredow hasabat berdi.
26.09
2017
Türkmenistan bilen Ermenistanyň paýtagtlaryny baglanyşdyran ýene-de bir halkara ugur – Aşgabat-Ýerewan-Aşgabat ugry “Türkmenhowaýollary” gullugynyň howa uçuşlarynyň gatnaw tertibiniň üstüni ýetirdi.