Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ahal welaýatynda täze aýna kombinaty önümleriň synag görnüşlerini çykaryp başlady
Ykdysadyýet
Ahal welaýatynda täze aýna kombinaty önümleriň synag görnüşlerini çykaryp başlady
Çap edildi 15.12.2017
2083

Aýna önümçiligi üçin esasy çig-mal hökmünde ulanylýan kwars çägesini taýýarlamak boýunça fabrigi öz içine alýan iri senagat toplumynyň gurluşygyna 2015-nji ýylda badalga berildi. Taslama ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de daşary ýurtlara iberilýän gurluşyk serişdelerini çykarmak boýunça döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň çäklerinde durmuşa geçirildi. Aýnany flotasiýa usuly bilen öndürmek ýurdumyz üçin senagat tehnologiýalarynyň täze görnüşleriniň biridir. Kärhananyň tehnologiki ulgamlary çig maly taýýarlaýan, eredýän, dürli ölçeglerdäki we galyňlykdaky aýnalary öndürýän, taýýar aýna önümlerini öndürýän bölümleri öz içine alýar. Zawod aýna önümleriniň 7 görnüşini, şol sanda umumy möçberi ýylda 7,2 million inedördül metr bolan penjireler we aýna toplumlary üçin aňyrsy görünýän we garaldylan, daşy örtülen we çydamly görnülerini, miweli içgiler üçin aňyrsy görünýän we renkli aýna gaplaryň dürli görnüşleriniň 85 million birligini, 0,3 litrden 3 litre çenli möçberli lukmançylyk enjamlar üçin gaplary öndürmäge niýetlenendir. Döwrebap energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary bilen, öndürýän önümleriniň hili we görnüşleri boýunça kärhana ýokary bäsdeşlige ukyply bolup, ol bazaryň bu ugurda geljegi uly bolan ugurlaryny nazarlaýar. Bu kärhananyň taslama kuwwatlygyna çykarylmagy degişli önümleriň daşary ýurtlardan getirilmegini azaltmaga hem-de onuň daşary ýurtlara ugradylmagyny ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow