«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Hususy pudagyň forumy hem geçirildi. Onda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan 32 ýurduň ýüzbe-ýüz bolýan möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin işewür toparlaryň, BMG-niň düzüm birlikleriniň we Hökümet wekiliýetleriniň wekilleri bir ýere jemlendiler. Forum hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we DÇBÖBD-nä uzak möhletli maýa goýumlary çekmäge gönükdirilen dialog üçin netijeli meýdança öwrüldi. Bu ýurtlarda durnukly ykdysady ösüşiň, diwersifikasiýalaşdyrmagyň, senagatlaşdyrmagyň hereketlendiriji güýji hökmünde hususy pudagyň ornuny kesgitlemek giň möçberli çäräniň esasy maksady boldy.
Forumy taýýarlamaga ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bir hatarda, BMG-niň Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň edarasy tarapyndan döredilen Hususy pudagyň forumynyň konsultatiw topary işjeň gatnaşdy. Bu ugurda geçirilen taýýarlyk işleri ýokary derejeli plenar mejlisleri, tematiki mejlisleriň 4-sini, ugurdaş çäreleri we beýlekileri öz içine alýan baý mazmunly gün tertibini düzmäge mümkinçilik berdi. Forumyň şeýle formaty işewür toparlaryň, döwlet edaralarynyň wekilleriniň arasynda göni we netijeli dialogy üpjün etdi. Hususy pudagyň forumynyň Merkezi Aziýada iri üstaşyr geçiriji merkez bolup durýan we logistika infrastrukturasyny işjeň ösdürýän Türkmenistanda geçirilmeginiň aýratyn mana eýedigini bellemek gerek.
Türkmen telekeçileri foruma işjeň gatnaşyp, öz taslamalary, maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar hem-de halkara hyzmatdaşlar bilen pikir alyşdylar. Olaryň bu çärä gatnaşmaklary ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, sanly tehnologiýalary ösdürmek, sebitde üstaşyr geçiriji merkez hökmünde ornuny pugtalandyrmak boýunça işlere möhüm ähmiýet berilýändigini görkezdi. Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň biri hökmünde diňe bir forumy guramak bilen çäklenmän, eýsem, toplan baý tejribesini, ösüş babatda garaýyşlaryny hem paýlaşdy, hususy pudagyň mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
BMG-niň Awaza maslahatynyň çäklerinde Hususy pudagyň forumynyň geçirilmeginiň möhüm ähmiýeti häzirki wagtda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň öňünde durýan birnäçe esasy meseleler bilen şertlendirilendir. Geografik taýdan çäklendirmeler we üstaşyr geçirmek boýunça çykdajylar şolaryň biri bolup durýar. Deňze göni çykalganyň bolmazlygy eksport we import amallarynda ýokary ulag çykdajylaryna getirýär. Munuň özi DÇBÖBD-niň ykdysady ösüşine gönüden-göni täsir edýär. Şoňa görä, forum innowasion logistika çözgütleri, infrastrukturany ösdürmek, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança boldy.
DÇBÖBD-niň aglabasynyň ykdysadyýetleri çig mal serişdeleriniň eksportyna baglydyr. Hususy pudak gaýtadan işleýän senagaty, hyzmatlar ulgamyny we sanly ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin hereketlendiriji güýç bolup çykyş edýär. Forum ýokary goşulan bahaly önümçilikleri döretmek üçin bu ulgamlara maýa goýumlary gönükdirmegiň möhümdigini görkezdi. Şeýle-de ol maýa goýum taslamalaryny tanyşdyrmaga, maýadarlaryň hem-de telekeçileriň arasynda gatnaşyklary ýola goýmaga, amatly maýa goýum gurşawyny döretmegiň mehanizmlerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi. Forumda halkara bazarlara, maliýe hyzmatlaryna, bilime we saglygy goraýşa elýeterliligi giňeltmekde sanly ulgamyň eýeleýän orny ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi elektron täjirçiligi, innowasion telekeçiligi ösdürmäge ýardam edýär.
Hususy pudagyň forumynda howanyň üýtgemegi, durnukly ösüş bilen baglanyşykly meselelere-de garaldy. Hususy pudak “ýaşyl” ykdysadyýete geçmekde, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini, durnukly oba hojalyk usullaryny ornaşdyrmakda, howanyň üýtgemegine durnukly infrastrukturany ösdürmekde esasy orunlaryň birini eýeleýär.
Iki günlük forumyň netijeleri boýunça ösüşiň esasy ugurlarynda hereketler üçin ileri tutulýan maslahatlary özünde jemleýän resminama kabul edildi. Resminamada tematiki mejlisleriň dowamynda işlenip taýýarlanylan maslahatlardyr teklipler beýan edilýär. Bu maslahatlar deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin has möhüm meseleleri we ösüş mümkinçiliklerini görkezýän esasy dört ugry öz içine alýar. Birinji ugur söwda we üstaşyr geçirmek ulgamlaryna degişlidir. Foruma gatnaşyjylar söwdanyň hem-de üstaşyr geçirmegiň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ykdysady mümkinçiliklerini açmak üçin wajyp şert bolup durýandygyny biragyzdan ykrar etdiler. Deňze göni çykalganyň bolmazlygy uly logistika harajatlaryna getirýär. Şunuň bilen baglylykda, gümrük amallary, logistika, söwda gepleşiklerini alyp barmak we bazar gatnaşyklaryny ösdürmek ýaly ulgamlarda DÇBÖBD-niň kuwwatyny pugtalandyrmak maslahat berilýär. Munuň özi hünärmenleri taýýarlamak, öňdebaryjy tejribäni, tehnologiýalary ornaşdyrmak, harytlaryň eksporty üçin amatly şertleri döretmek ýaly wezipeleri öz içine alýar. Şeýle-de diňe bir söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegi däl, eýsem, sebit integrasiýasyny çuňlaşdyrmagyň hem möhümdigi nygtaldy. Sebit integrasiýasy söwda päsgelçiliklerini aradan aýyrmak bilen bir hatarda, ylmy barlaglara we işläp taýýarlamalara bilelikdäki maýa goýumlary, sebit senagatyny ösdürmäge, elýeterli sanly arabaglanyşygyny döretmäge ýardam berýän syýasaty-da öz içine almalydyr.
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere Afrika kontinental erkin söwda zolagy ýaly bar bolan söwda ylalaşyklarynyň mümkinçiliklerini işjeň ulanmak maslahat berildi. Şeýle hem üstaşyr geçirmek we söwda üçin ýörite ýeňillikler barada gepleşikleri geçirmek üçin köptaraplaýyn söwda ulgamlary, hususan-da, Bütindünýä Söwda Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegiň zerurdygy nygtaldy. Serhetüsti amallary sanlylaşdyrmagyň wajyp ähmiýeti bellenildi. Gümrük we logistika amallary üçin elektron ulgamlaryň girizilmegi eksportyň wagtyny, çykdajylary ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär. Foruma gatnaşyjylar sebitleýin elektron söwda platformalaryny ösdürmäge çagyrdylar. Şeýle platformalar ýerli kärhanalara serhetüsti söwdada logistiki päsgelçilikleri aradan aýyrmaga, has giň bazarlara çykmaga, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge ýardam berer.
Tematiki maslahatlaryň ikinji ugry ösüş mümkinçiliklerine bagyşlanýar. Foruma gatnaşyjylar amatly işewürlik gurşawyny döretmek üçin döwlet bilen hususy pudagyň arasynda hyzmatdaşlygyň zerurdygyny bellediler. Munuň özi diňe bir makroykdysady durnuklylygyň üpjün edilmegini däl, eýsem, kadalaşdyryşyň ýeňilleşdirilmegini hem göz öňünde tutýar. Bu bolsa hususy pudaga uzak möhletli strategiýalary işläp düzmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, dünýä bileleşigi islendik maýa goýumyň esasy bolup durýan parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak üçin tagallalary birleşdirmelidir.
Tematiki maslahatlarda ýaş telekeçiligi goldamak boýunça başlangyçlaryň, hususan-da, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, innowasion ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlaryň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde ýaşlaryň ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmek üçin aýgytlaýjy ähmiýete eýedigi ykrar edildi. Innowasiýalar barada aýdylanda, hususy pudagyň ylmy barlaglar we işläp taýýarlamalar ulgamyna çekilmegi DÇBÖBD-niň özboluşly zerurlyklaryna laýyk gelýän innowasion çözgütleri döretmäge ýardam berip biler. Şeýle-de hususy pudagyň wekilleriniň halkara forumlara gatnaşmagynyň möhümdigine üns çekilýär. Munuň özi diňe bir işewürlige alnyp barylýan syýasat barada habarly bolmaga mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem, gyzyklanma bildirýän taraplara ýerlerdäki zerurlyklar barada habar berip, bu syýasata gönüden-göni täsir etmäge-de mümkinçilik berýär.
Hususy pudagyň forumynda intellektual eýeçilik hukuklaryny kämilleşdirmek meselesine-de garaldy. Intellektual eýeçiligiň mehanizmleriniň goldanylmagy hem-de pugtalandyrylmagy innowasiýalary, döredijiligi höweslendirmegiň wajyp şertleri hökmünde kesgitlenildi. Bu bolsa ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ösüşine gönüden-göni täsir edýär. Foruma gatnaşyjylar döwletiň, hususy pudagyň, jemgyýetçilik we halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň DÇBÖBD üçin netijeli çözgütleri bilelikde işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýändigini bellediler.
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin işlenip taýýarlanylan maslahatlaryň üçünji ugry sanly ösüş bilen baglanyşyklydyr. Foruma gatnaşyjylar hususy pudagyň ösüşiniň esasy şerti hökmünde elýeterli sanly arabaglanyşygy, şol sanda emeli aň tehnologiýalarynyň ulanylyşyny giňeltmegiň möhümdigini nygtadylar. Mundan başga-da, sanly infrastrukturanyň durnukly işini üpjün etmek üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine maýa goýumlary gönükdirmek maslahat berildi. Sanly sowatlylygy ýokarlandyrmak, tehnologiýalary özleşdirmek üçin sanly bilim maksatnamalaryny, dil we medeniýet aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, ýerli şertlere uýgunlaşdyrmak teklip edildi. Şunda ilatyň ähli gatlaklarynyň, şol sanda zenanlaryň, oba ilatynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine aýratyn üns berilmelidir. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aglabasynyň ykdysadyýetiniň oba hojalygyna baglydygyny göz öňünde tutup, takyk ekerançylyk, bazarlara çykyş platformalary we harytlary ibermegiň amatly ulgamlary ýaly sanly gurallary işläp taýýarlamak başlangyjy öňe sürüldi. Şeýle hem DÇBÖBD-niň ykdysadyýetlerine howanyň üýtgemeginiň ýetirýän oňaýsyz täsirini peseltmek maksady bilen, howa gözegçilik etmek üçin sanly çözgütleri, irki duýduryş ulgamlaryny, durnukly oba hojalyk usullaryny ornaşdyrmak teklip edildi.
Tematiki maslahatlaryň dördünji ugry maliýeleşdirmek we maýa goýumlar bilen baglanyşyklydyr. Foruma gatnaşyjylar maliýe taýdan inklýuziwligi ýokarlandyrmak üçin sanly maliýe hyzmatlaryny işjeň ilerletmegi teklip etdiler. Munuň özi maliýe tehnologiýalary üçin amatly kadalaşdyryjy gurşawyň döredilmegini, pul geçirimleri we beýleki maliýe hyzmatlary üçin çözgütleriň ösdürilmegini öz içine alýar. Sebit integrasiýasy üçin institutlaryň ösdürilmegi babatda sebit integrasiýasy başlangyçlarynyň, hususan-da, Afrika kontinental erkin söwda zolagy boýunça ylalaşygynyň bazary ösdürmäge, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maýa goýumlary ilerletmek üçin ulanylmagy maslahat berildi. DÇBÖBD-niň sanly geçişe gatnaşmagyny giňeltmek üçin dünýä meýillerine laýyklykda, bu ýurtlara ýokary tehnologiýaly pudaklara, sanly özgertmelere göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde goldaw bermegiň zerurdygy bellenildi.
Hususy pudagyň forumy möhüm waka — deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Ählumumy işewürlik torunyň işe girizilmegi bilen tamamlandy. Bu başlangyç deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ösüş syýasatyny döretmäge ýardam bermek, işewürligiň we maýadarlaryň bähbitlerini goldamak üçin hemişelik esasda hereket edýän platforma bolar. Bu ulgam DÇBÖBD-nä durnukly ykdysady ösüşi goldamaga, infrastrukturany, senagaty ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlary çekmäge ýardam berip, kompaniýalary, pudaklaýyn assosiasiýalary, döwlet edaralaryny, ösüş guramalaryny birleşdirer hem-de söwda, infrastruktura ösüşi, maýa goýumlara ýardam bermek ýaly ugurlarda iş alyp barar.
Şeýlelikde, BMG-niň Awaza maslahatynyň çäginde geçirilen Hususy pudagyň forumy diňe bir ara alyp maslahatlaşmalar üçin meýdança bolmak bilen çäklenmän, eýsem, hususy pudagyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ösüşine işjeň we yzygiderli gatnaşmagyny üpjün etmäge gönükdirilen, hemişelik esasda hereket edýän mehanizmi döretmek üçin hem mümkinçilige öwrüldi.