15.07
2015
Türkmenbaşy, 15-nji iýul /TDH/. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy, şeýle hem deňziň şypahana kenaryna dikuçardan syn etdi.
14.07
2015
Aşgabat-Türkmenbaşy, 14-nji iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady.
13.07
2015
Aşgabat, 13-nji iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de käbir düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, şol sanda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere, şanly seneleri mynasyp garşylamak boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk çärelerine, käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe möhüm meselelerine garaldy.
11.07
2015
Aşgabat, 11-nji iýul /TDH/. Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modiniň arasynda gepleşikler geçirildi.
10.07
2015
Şu gün, 11-nji iýulda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn agşam resmi sapar bilen türkmen paýtagtyna gelen Hindistanyň Premýer-Ministri Narendra Modiniň duşuşygy bolar.
09.07
2015
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemlemek bilen, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňümizde durýan wezipeler barada durup geçmek isleýärin.
09.07
2015
Aşgabat, 9-njy iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi, onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlenildi, şeýle hem Prezident maksatnamasynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine seredildi.
07.07
2015
Aşgabat, 7-nji iýul /TDH/. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Gana Respublikasynyň Türkmenistanda işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Alhaji Bawa Gilbert Aembillahdan ynanç hatyny kabul etdi.
06.07
2015
Aşgabat, 6-njy iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Lahssan Boufaresden ynanç hatyny kabul etdi.
03.07
2015
Tbilisi-Aşgabat, 3-nji iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gruziýa iki günlik resmi saparyny tamamlady.