Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Alžir Halk Demokratik Respulikasynyň ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Alžir Halk Demokratik Respulikasynyň ilçisi işe başlady
Çap edildi 06.07.2015
1231

Aşgabat, 6-njy iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Lahssan Boufaresden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini Türkmenistanda diplomatik işiniň başlamagy bilen gutlady hem-de oňa özara peýdaly hyzmatdaşlygyň we iki ýurduň hem-de halklaryň arasyndaky netijeli döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi. Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýokary ýolbaşçy düzüminiň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda ykdysady ösüşiň we halkara hyzmatdaşlygynyň ýoly bilen ynamly gadam urýar. Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Doly ygtyýarly ilçisi öz ýurdunda döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän “açyk gapylar” syýasatyna hem-de milli Liderimiziň parahatçylygyň, durnuklylygyň we ählumumy abadançylygyň esaslarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berilýändigini hem-de olaryň hemmetaraplaýyn goldanylýandygyny nygtady. Duşuşygyň barşynda myhman Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli Liderimiziň öňe süren hem-de halkymyzyň abadançylygyna we dünýäniň döwletleri, şol sanda Afrika yklymynyň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdyryldy. Ilçä ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň durmuş ugruna gönükdirilendigi, ylym hem-de bilim, saglygy goraýyş we medeniýet, sport hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda gazanylan üstünlikler we ýetilen sepgitler barada gürrüň berildi. Jenap Lahssan Boufares türkmen-alžir gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny belläp, öz ýurdunyň Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, iri halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýola goýulýan özara peýdaly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Diplomat netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin oňyn geljegiň bardygyny belläp, taraplaryň nebitgaz we ulag, elektroenergetika ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda ägirt uly kuwwata eýedigini nygtady. Medeni-gumanitar ulgamdaky ýygjam gatnaşyklary, şol sanda Türkmenistan bilen Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmegini şertlendirýän ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň meseleleri söhbetdeşligiň esasyny düzdi. *** Şu gün ilçi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Ol ýerde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow