13.10
2016
Aşgabat, 13-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň käbiri, degişli Ýerine ýetiriji komitetiň hem-de Sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
11.10
2016
Aşgabat, 11-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen türkmen-tatar işewürler maslahaty Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasynda netijeli söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ýola goýmakda täze ädim boldy.
11.10
2016
Aşgabat, 11-nji oktýabr (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýn ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşygy boldy.
06.10
2016
Aşgabat, 6-njy oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlaryň, şeýle hem 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlaryň ýatlama güni – Hatyra güni bellenilýär. Şu gussaly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürildi, hemme ýerlerde aýat-doga okalýar, sadaka berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresine gatnaşdy.
05.10
2016
Aşgabat, 5-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow golf ugrunda ýöriteleşdirilen belli “Niklaus Dizaýn” amerikan kompaniýasynyň ýurdumyza gelen prezidenti Jek Niklausy kabul etdi.
04.10
2016
Aşgabat, 4-nji oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň parahatçylygyň, abadançylygyň hem-de asudalygyň bähbidine şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriniň jemlerine garaldy.
30.09
2016
Aşgabat, 30-njy sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine hem-de öňümizdäki möhüm çärelere taýýarlyk görlüşine garaldy, birnäçe resminamalar kabul edildi.
29.09
2016
Aşgabat, 29-njy sentýabr /TDH/. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Awstraliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Piter Martin Teşden ynanç hatyny kabul etdi.
29.09
2016
Türkmenabat-Aşgabat, 29-njy sentýabr (TDH). Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün ýerlerde sebiti durmuş we senagat taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, birnäçe iri desgalarda, şol sanda Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunda alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy.
29.09
2016
Iş sapary bilen Lebap welaýatynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we edaralaryň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem Lebap welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda göçme iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri, şol sanda sebit we halkara ähmiýetli möhüm düzüm taslamalaryny amala aşyrmak bilen bagly meseleler girizildi.