03.07
2017
Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdi. Geçirilen gepleşikleriň netijeleri barada aýdyp, owgan Lideri onuň çuň many-mazmuna we netijeli häsiýete eýe bolandygyny belledi. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk has netijeli we yzygiderli alnyp barylýar hem-de ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýär. Bilelikdäki birnäçe taslamalaryň durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
03.07
2017
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Oraza baýramy mynasybetli gutlady.
02.07
2017
Oňa gatnaşmak üçin paýtagtymyza Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli hökümet topary paýtagtymyza geldi.
02.07
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa Zainsk şäheriniň golaýynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýolagçy awtobusynyň heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi.
30.06
2017
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Arkadagyň ajap eýýamy” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Ol türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 60 ýaşyna bagyşlanan neşir ýurdumyzyň durmuşyndaky iň möhüm wakalar hem-de ähmiýetli seneler, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda döwletimiziň geçen 10 ýyllyk ýoly barada publisistik gürrüňler görnüşindedir.
30.06
2017
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy
29.06
2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary çagyryldy.
29.06
2017
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň telefon arkaly gürrüňdeşligi boldy.
29.06
2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Mamini kabul etdi.
29.06
2017
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.