Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
Syýasy habarlar
13.10 2017
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
13.10 2017
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti parlamentiň Başlygy A.Nurberdiýewanyň baştutanlygynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçiriljek Parlamentara Bileleşiginiň 137-nji Assambleýasyna gatnaşar. Forumda “Dinara we milletara gepleşikler arkaly medeni köppikirlilige hem-de parahatçylyga ýardam bermek” meselesine garalar.
13.10 2017
2017-nji ýylyň 8-9-njy noýabrynda Er-Riýatda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-saud toparynyň bäşinji mejlisi geçiriler. Bu barada hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebit-gaz toplumy boýunça orunbasary M.Babaýew habar berdi.
12.10 2017
Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün “Awaza” serhet galasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.
12.10 2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň 26 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisine gatnaşyjylara gutlag iberdi.
11.10 2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň agza ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Soçi (Russiýa Federasiýasy) şäherine ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.
11.10 2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň agza ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Soçi (Russiýa Federasiýasy) şäherine geldi.
11.10 2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda açylýan I Türkmen-hytaý innowasiýa forumyna gatnaşyjylara gutlag bilen ýüzlendi. Onda şeýle diýilýär:
10.10 2017
“Nowruz ýaýlasynyň ak öýünde” hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka öwrülen Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ikinji, jemleýji güni geçirildi. Onuň barşynda ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri kesgitlenildi hem-de möhüm resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisiň çäklerinde milli Liderimiz täze taryhy eýýamda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan oňyn durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen möhüm resminamalaryň hem-de kanunçylyk namalarynyň birnäçesine gol çekdi.
10.10 2017
Prezident Mohammad Aşraf Gani Türkmenistanyň Prezidentini Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, dünýä sportunda görnükli wakalaryň birine öwrülen bu iri ýaryşlara taýýarlygyň derejesine ýokary baha berdi. Owganystan Yslam Respublikasynyň Baştutany pursatdan peýdalanyp, öz kärdeşine Aziadanyň ajaýyp guralandygy, şol sanda bu iri ýaryşlara gatnaşan owgan türgenleri üçin ajaýyp şertleriň döredilendigi, olara mähirliligiň we myhmansöýerligiň görkezilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
813 sahypa
Soňky habarlar
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryny kabul etdi
07.06
Parahatçylyk, döredijilik we ösüş strategiýasy ähli gazananlarymyzyň esasydyr