Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
Syýasy habarlar
29.11 2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen Amangeldiýew Şöhrat Annagurbanowiç Kaka etrabynyň häkimi wezipesinden boşadylyp, Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine bellenildi.
28.11 2017
Şu gün paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň mejlisi açyldy, şu ýyl Türkmenistan bu Konferensiýa başlyklyk edýär.
28.11 2017
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Tomas Greminger bilen duşuşyk geçirildi, ol ýurdumyza Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisine gatnaşmak üçin geldi.
28.11 2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Kuba Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alfredo Nýewes Portuondodan ynanç hatyny kabul etdi.
28.11 2017
Mary welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün iş maslahatyny geçirdi. Oňa Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.
27.11 2017
Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş sapary bilen ugrady, bu ýerde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.
27.11 2017
Hormatly Prezidentimiz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine şol bir wagtda buýrujy we baş potratçy hökmünde Amyderýanyň üstünden geçýän “Türkmenabat-Farap” awtomobil we demir ýol köprüleriniň ýanynda ýadygärlik ýazgyly monumentiň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak işlerini amala aşyrmaga ygtyýar berildi.
27.11 2017
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Çarlyýew Çarygeldi Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.
27.11 2017
27.11 2017
Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek, iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisi Lebap welaýatynyň, onuň şäherleriniň we etraplarynyň häkimlikleriniň hem-de degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde welaýatyň etraplarynyň hem-de şäherleriniň ýerleşiş ýagdaýlarynyň ykdysady netijeliliginiň, olary birikdirmegiň maksada laýyklygynyň seljermesini geçirdi.
805 sahypa
Soňky habarlar
09.05
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
09.05
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
09.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary
08.05
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden ÇYKYŞY
08.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi