20.10
2018
Şu gün Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky üçünji maslahaty boldy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna, Konstitusiýamyzyň täze redaksiýasyna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi. Maslahata degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
19.10
2018
Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
19.10
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine seredildi, şeýle hem mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
19.10
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ismail Rifaýenden ynanç hatyny kabul etdi.
19.10
2018
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 19-njy oktýabrda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky meselelere ünsi çekdi. Hünär bilimi hemişe döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň şertleriniň biri boldy.
19.10
2018
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa Parlamentara Bileleşiginiň 139-njy Assambleýasynyň umumy maslahatynyň çäklerinde “Innowasiýalar we tehnologiki ösüş döwründe parahatçylygy berkitmekde we ösüşde parlamentiň orny” diýen mowzuk boýunça çykyş etdi.
19.10
2018
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 19-njy oktýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Reşit Meredowyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň wekilýeti 16-njy oktýabrda Özbegistan Respublikasynda iş saparynda boldy, saparyň dowamynda Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşyk geçirildi.
19.10
2018
18-nji oktýabrda Türkmenistanyň wekilýetiniň Azerbaýjan Respublikasyna iş sapary boldy.
18.10
2018
Şu gün ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-saud hökümetara toparynyň altynjy mejlisi geçirildi, onda ikitaraplaýyn işewürlik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň wezipelerine garaldy.
18.10
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-saud toparynyň altynjy mejlisiniň işine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna gelen Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we maýa goýumlar ministri Majid bin Abdulla Al Kasabini kabul etdi.