Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 07.03.2019
1325

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň pudagara algy-bergilerini hasaplaşmak we olaryň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankyna Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine 192 million manat möçberde ýyllyk 5 göterim bilen 10 ýyl möhlete karz bermek tabşyryldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Ýer hakyndaky» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna we «Türkmenistanda ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran 14668-nji kararyna laýyklykda, ýer böleklerini döwlet edara-kärhanalaryna, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bellenen tertipde bermek bellenildi. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde ýer böleklerini bermek boýunça namalary bellenen tertipde resmileşdirmek tabşyryldy. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň 10-njy mejlisine gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary 2019-njy ýylyň 10 — 13-nji marty aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde gulluk iş saparynda bolar. *** Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary berkitmek hem-de ösdürmek maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary 2019-njy ýylyň 11 — 13-nji marty aralygynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow