Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan — ÝB: oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlyk
Syýasy habarlar
Türkmenistan — ÝB: oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlyk
Çap edildi 07.03.2019
1198

Şu gün paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ýewropa Bileleşiginiň «Türkmenistanda oba hojalygyny we obany mundan beýläk-de durnukly ösdürmäge ýardam bermek — SARD III» Taslamasynyň Ýolbaşçy komitetiniň bäşinji iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga biziň ýurdumyzdan we ÝB-den Taslamanyň ýolbaşçylary, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar. SARD III Taslamasy oba hojalyk toplumynda telekeçiligiň höweslendirilmegine, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, halkara ülňüleriň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Duşuşygyň dowamynda geçen ýylyň sekiz aýynda Taslamany amala aşyrmakda ýetilen sepgitler, 2019-njy ýylyň 1-nji ýarymyna meýilleşdirilen çäreleriň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Taslamanyň çäklerinde halkara bilermenler oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýardam berdiler, şol sanda ýurdumyzyň maldarçylyk hojalyklaryna kömek etmek maksady bilen, Beýik Britaniýa hem-de Niderlandlara tanyşlyk iş saparlary guraldy. Obasenagat toplumynda iş alyp barýan ýurdumyzyň telekeçileriniň arasynda toplanylan halkara tejribäni giňden ýaýratmak maksady bilen, balykçylyk, süýt önümçiligi, alma agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek, oba hojalyk önümlerini eksport etmek boýunça tehniki gollanmalar taýýarlanyldy. Ýakyn wagtda bu gollanmalar taslamanyň www.sard3tm.org web-sahypasynda ýerleşdiriler. Duşuşyga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan obasenagat toplumynyň öňünde goýlan wezipelere laýyk gelýän SARD III Taslamasynyň Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynyň Ýewropa ýurtlarynda kabul edilen ülňülere geçirilmegini çaltlandyrmaga ýardam edendigini hem-de geljekde ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini eksport etmegiň möçberlerini düýpli artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini bellediler.

Soňky habarlar
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
22.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri we Dubaý Emirliginiň häkimine gynanç bildirdi
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
top-arrow