17.09
2019
Şu gün Daşary işler ministrliginde BMG-niň Baş Assambleýasynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamasynyň kabul edilmegine, şeýle hem Hazar ykdysady forumynyň jemleýji Beýannamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmegine bagyşlanan brifing geçirildi.
17.09
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Naýthart Hýofer-Wissingi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
16.09
2019
2019-njy ýylyň 11 — 12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleri boýunça başlyklygyň Beýannamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmegi hem-de bu bütindünýä guramasynyň resmi dillerinde neşir edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlarynyň möhümdiginiň ykrar edilýändiginiň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň Milletler Bileleşiginde abraýynyň barha belende göterilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.
16.09
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyz üçin ähmiýetli wakalara bagyşlanylan sanly ulgam arkaly wideokonferensiýa geçirdi. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan möhüm resminama — 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi.
14.09
2019
Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ilkinji gezek bellenýän Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
14.09
2019
“I congratulate you on the Day of Workers of Construction, Power Engineering and Communal Services celebrated for the first time in the country” said President Gurbanguly Berdimuhamedov in his address.
13.09
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşyna baha berildi, hökümetiň hem-de aýry-aýry ministrlikleriň işiniň netijelerine garaldy.
13.09
2019
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyny, şeýle hem berkarar döwletimizde amala aşyrylýan tutumly işleri, merdana halkymyzyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklaryny, şöhratly taryhyny, täze öwüşginlere eýe bolan milli däp-dessurlaryny, watansöýüjilik, agzybirlik, halallyk, ynsanperwerlik ýaly ýagşy gylyk-häsiýetlerini kämil eserleriň üsti bilen beýan edýän, türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmäge uly goşant goşýan zehinli döredijilik işgärlerini ýüze çykarmaga we olaryň iň ussatlaryny saýlap-seçmäge ýardam berýän Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakyndaky” Karara gol çekdi.
13.09
2019
Şu gün paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň 83-nji mejlisi boldy.
13.09
2019
Şu gün paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Aşgabada geldi.