Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy
Syýasy habarlar
Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy
Çap edildi 31.01.2020
717

Şu gün paýtagtymyzda Hazar deňzinde gözleg we halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň ikinji duşuşygy tamamlandy. Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu çäre hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrligi, Hazar deňzi instituty hem-de Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi tarapyndan guraldy. 2010-njy ýylyň noýabr aýynda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen III Hazar duşuşygynda döwlet Baştutanymyz Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olary aradan aýyrmak ulgamynda bäştaraplaýyn ylalaşygy işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş etdi. IV Hazar duşuşugyna çenli üstünde işlemek tamamlanylan bu resminama 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Astrahan şäherinde (Russiýa Federasiýasy) gol çekildi. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň ýokary derejeli duşuşygynyň jemleri boýunça gol çekilen Maglumatynda bu resminamanyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Soňra, 2018-nji ýylyň awgust aýynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň V duşuşygynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda bu möhüm meselä ýene ünsi çekdi. «Hazar deňziniň giňişliginiň aglaba böleginiň umumy suw giňişligi bolup durýandygyny nazara almak bilen, bu ugurda mundan beýläk-de işleri geçirmek zerurdyr. Adatdan daşary ýagdaýlara täsir etmek hem deňizde gözleg-halas ediş işlerini geçirmegiň möhüm bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Hazarda gözleg we halas ediş işleri ulgamynda bäştaraplaýyn Ylalaşygy işläp taýýarlamak aýratyn möhüm häsiýete eýedir” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şu başlangyja laýyklykda, türkmen hünärmenleri Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny taýýarladylar, ol Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli edaralaryna iberildi. Bu resminamany ylalaşmak boýunça bilermenleriň birinji duşuşygy geçen ýylyň mart aýynda Aşgabatda geçirildi. Şu gezekki iki günlük gepleşikleriň tapgyrynyň barşynda — bu bäştaraplaýyn Ylalaşygyň halkara deňiz hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňizde gözleg we halas ediş işlerini geçirmek boýunça Halkara konwensiýanyň (CAP Konwensiýasy), şeýle hem deňizde adam ömrüni gorap saklamak boýunça Halkara konwensiýanyň (SOLAS) we beýleki resminamalaryň esasy düzgünlerine laýyk getirilmegi hünärmenleriň düýpli ara alyp maslahatlaşmalarynyň esasy meselesi boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen paýtagty halkara duşuşyklaryň we forumlaryň geçirilýän merkezi hökmünde barha uly abraýa eýe bolýar, şol forumlarda syýasy, ykdysady we medeni durmuş, şol sanda Hazar deňzi boýunça möhüm meselelere garalýar. Ýaňy-ýakynda, 27 — 29-njy ýanwar aralygynda Aşgabatda Hazar deňzinde gämi gatnawynyň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Teswirnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň altynjy duşuşygy geçirildi. Şu günki mejlise gatnaşyjylar ara alyp maslahatlaşmalary jemläp, kenarýaka ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň häzirki zaman kadalaşdyryş-hukuk binýadyny yzygiderli kemala getirilmeginiň möhümdigini ýene bir gezek nygtadylar. Täze Ylalaşygyň taslamasy boýunça garaýyşlary ylalaşmak işleri hem tamamlanyp barýar, oňa gol çekilmegi Hazarda gözleg-halas ediş işlerini geçirmekde degişli ygtyýarly edaralaryň arasynda hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna ýardam eder hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, adatdan daşary ýagdaýlara täsir etmegiň netijeli guralyny döretmegiň ýolunda möhüm ädim bolar.

Soňky habarlar
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
top-arrow